salam gadyrly talyplar.com-uñ agzalary we myhmanlary! bu gün siz bilen 14-nji fewral-söýgüliler güni hakda gürrüñ etmekçi. aslynda söýgüliler güni nireden gelip çykýar, size biraz taryhdan gürrüñ açmakçy. çaklamalara görä biziñ eramyzdan öñ iii asyrda keramatly valentin ýa$ap geçipdir. ol hristian ybadatçysy bolupdyr. ol hakda dürli dürli rowaýatlar bar. ýöne gysgaça aýdyp biljegim $u: bir jemgyýetde a$yklaryñ söýgüsine gar$y çykylsa, ol gizlinlikde a$yklaryñ söýgüsine öz patasyny berýän eken. bu i$i üçinem ony jezalandyrýarlar. entek jezalandyrmakalar, tussaglykda oturan wagty oña 3 wagtyna nahar getirýän türmäñ gözegçisiniñ gyzyna a$yk bolupdyr. ony jezalandyrmagyñ öñ ýany ol gyza öz söýgüsi beýan edilen gysgajyk hat ugradýar. $eýdibem valentinkalar(söýgi beýan edilen otkrytka) döreýär. onuñ ölen gününem, 14-nji fewraly söýgüliler güni diýip, wagtyñ geçmegi bilen belläp ba$laýarlar.ine $eýleräk taryh. indi siziñ ünsüñizi söýgüliler gününde berilýän sowgatlara çekmekçi: bu günde öz söýgüliñize näme sowgat etmeli? elbetde bu sowgatlar adaty berilýän sowgat bolmaly däl, farfor ýa e$ik. meniñ pikirimçe bu günündäki sowgat has romantika ýykgyn etmelimikä diýýän. $u taýda biraz romantika hakda durup geçeýin: bu saýtda meni ba$dan tanaýanlar-lady romantik biri, ol asmanda uçup ýören, bu dünýä gülgüne äýnegi bilen seredýär-diýip tanaýardylar. dogry men romantik, beýnime,süññüme çenli romantik, muny boýun alýan. ýöne, men muny bilge$leýin edemok. hemem men $u ýerde $eýle bolaýmasam, durmu$ymda romantika kän bir uly orunam ýok.çünki realny durmu$ özüni saña oçkiñi reñkläp görkezenok. muny aýtmak bilen näme diýjek bolýan: meñ romantikligimden ýaña,meniñ bo$ arzuw etmelemden ýaña kellämde $eýle bir amala a$yrylyp bilinäýjek romantiki surprizler dolup gitdi welin, siz bilen $olary paýla$aýyn diýdim. belki olar meñ kellämde bo$ ýatandan size peýdasy has köp deger. onda näme ba$ladykmy. 1. söýgi taryhyñyz (inet ulanýanlar üçin) eger siz söýgüliñiz bilen inetde tany$an bolsañyz, siz ilki-ilki tany$mak üçin ýazy$an hatlaryñyz,ýa-da forum saýtlarda tany$mak üçin ýazan kakdyrma teswirleriñiz,biri-biriñize iberen suratlaryñyz,ýada sowgatlaryñyz,hemem $o wagtlar diñlän aýdymlaryñyzyñ hemmesini bir diske ýazyñ,hemem diskiñ da$yna öz bile dü$en suratyñyzy goýuñ. ine size bir sowgat :) toý dagyn etseñiz "ma$gala arhiwiñiz" bolup galar ;) 2. eger siziñ gatna$ygñyza o diýen uzak wagt bolmadyk bolsa: siziñ söýgiñiz ba$lanyna näçe gün bolan bolsa, $onça-da süýji alýañyz,dürli görnü$lerden. olaram owadanja haltajyga, ýa-da paketiga salýañyz, agzynam lenta bilen dañýañyz.o lentada-da $eýle ýazýañyz: "señ bilen geçiren her günüm, edil $u süýjiler ýaly dürli-dürli,ýakymly,tagamly,manyly boldy".ýa-da $uña menze$ owadan sözler. 3.bu romantika oglanlar üçin: birnäçe $aryñ içini rozañ ýapraklaryndan salyp,geldan doldurýañyz,wozdu$ny bolar ýaly. gyzyñ ýanyna bañyzda,gyza iññe bilen $arikleri ýarmagyny haýy$ edýäñiz,ýa-da özüñiz ýarýañyz,islegiñize görädä. $ar näçe belentde bolsa, $onça-da rozan ýapraklary owadan gaýmalaýar :) 4.bulam oglanlar üçin: gyzyñ gündeki i$e,okuwa gidýän ýoluny gowy öwrenýäñiz. onsoñ $o ýolda-da her ýerde agaçda ýa ýene bir ýerde ullakan söýgi sözlerini, ýürek $ekilli $arikle asýañyz,gyz olara añk bolup sereder ýaly,ýöne bu siziñ i$iñizdigini añmaz ýaly. ýoluñ ahyrynda-da, eliñiz çemenli siz gyzy gar$y alyp,gülleri gow$urarsyñyz. :) 5.bu sowgady gyzlar etse-de bolýar: çagalaryñ oýunjak magazininde kubiklar satylýar,tagtadan.9sansy gerek. kubigiñ 6 tarapy bolany üçinem,6 sany surat gerek,isle özüñizinki,isle-de bile dü$eniñiz. $o suratlary kubiklary 3 sanydan 3 hatara goýanyñda $o kwadrata sygar ýaly edip ulurak çykartýañyz. soñam $o alty suratyñ hersini 9 bölege kesýäñiz. her kubige her suratdan bir bölek ýelmeýäñiz. nähili zat emele gelýä-kubiklary 3 sanydan 3 hatara goýañyzda, kubikdaky her bölek birle$ip, bir uly surat emele getirmeli. onsoñ islän wagtyñ kubiklary öwürip ýene bir surat düzüp bolýar. ine $eýleräk. dü$ündirip bildimmikäm bir. $u wagtlykça $ular. siziñem öz fantaziýalañyz ýa-da eden iñ romantik sowgatlaryñyz bilen paýla$sañyz gowy bordy, begenerdim. näme sowgat etsemkäm diýip, sowgat saýlap bilmeseñiz, siz esasy $uña dü$üniñ. iñ esasy sowgat siziñ söýgüliñize bolan ünsüñizdir. mähirli we ýyly sözleriñiz. esasy olar ýürekden bolsun. ana $onda, ynanaýyñ söýgüliñiz siziñ sözleriñiz,ünsüñiz bütin dünýäñ gymmatlyklaryndanam gymmatdygyna dü$üner. biri-biriñize ünsüñizi hem duýgularyñyzy sowgat ediñ! bellik: ýokardaky ideýalañ hicisi maña degi$li däl. ba$agaý durmu$ymyzda käwagt romantiçeski ertekilerem gerek

Köneler, 7777777 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir