mylaýym han men birmahal nejep kibi bagşydym, köz kimin leb emdim, derledip ýaňak. o çag ýaz ýeňlesdi, gyşym diýsene posanyň howryna erärdi doňak. elim oralypdy gysby billere, boýnumdan kement deý asylan kändi. kärim guçuşmakdy, ýöne gözlegim, maňa gurban boljak mylaýym handy. açyp goýdym işigini ýüregiň, mylaýymyň geljek ýolyn garaýa. kimse goş ýazdyryp geçmedi munda, kalbym döndi kem-kem kerwensaraýa. ne gowga gopmady kerwensaraýda, kimsä mähir, kimsä jenjel al ýetdi. ürken ýaşylbaşlar tisginip uçdy sallanyp gelenler tasynyp gitdi. gelmedi mylaýym, ät galdy ynam, kerwensaraý işigini bent kyldym. şeýdip öz özüme teselli tapdym, men takaty ýüregime bent kyldym. ine bu gün ýeser ýerde gaý gopdy, itýär işigimi daljygyp munça. besse hal, desse saç, ala göz dilber, hoşroý gül gül pudakda açylan gunça. kaddy gülşen, durky gülgen mylaýym, arşa kürse talaň salan dilegim. sen neüçin giç geldiň, juda giç geldiň? maňa gurban bolma gelen melegim. sen neüçin elbende dönemde geldiň? kän çalynyp kän diňlenen saz menem. indi gurban meniň, nämäme gerek. git özüme dözem saňa dözmenem. amanmyrat bugaýaew

Köneler, magnit tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir