Я вас любил: любовь ещё, быть может, В душе моей угасла не совсем; Но пусть она вас больше не тревожит; Я не хочу печалить васе ничем. Я вас любил безмолвно, безнадежно, Т о робостью, то ревностью томим. Я вас любил так искренно, так нежно, Как дай вам бог любимой быть другим. Александр Пушкин
PUŞKIN WE TERJIME
-
1merdan
12 years ago
- terjime sungaty gaty gyzykly sizem pikriňizi aýdasaňyz(ýokarkylar hakda)
-
Gagu
12 years ago
- Berekella
-
akylym1989
12 years ago
- 1 merdan maňada rusça öwredäýdä örän oňat goşgy
-
turkmenntug
12 years ago
- eý muzam,kaýyl bolgun takdyryñ permanyna,
agzyñy deñemegin,özüñden egsik bilen.
Öwgümi ýa $yltykmy,bolmasyn perwaýyña,
"sana$ma samsyk bilen"
pu$kinden Kerim agañ terjimesidi öýdýän $u.ýalñy$masam.
-
magnit
12 years ago
- ata atajanow yakyn pomoemu
-
makgush
12 years ago
- A.S.Puşkin ýaly beýik şahyrlar bolsady, onuñ goşgularyna söz ýok, her-bir setirinde many bar.
Sagbol merdan ýetireniňe.
-
byagulechka
12 years ago
- Ata atajanowynkyny hasam haladym
1merdan 12 years ago
Söýdüm sizi, belki, şol söýgüň ody
Ýanýandyr kalbymda entäk-entägem.
Ýöne ünji etmäň siz beýle zady,
Agyrtsam, ynjytsam boryn gende men.
Nämumyt söýdüm men çykarman sesim,
Ýaýdanyp, gabanyp ömrüm ötürdim.
Sizi meň söýşüm deý ýene bir kesiň
Jana-jan söýmegin hudaý ýetirsin.
Annaly Berdiýew
Men sizi söýýärdim, belkide söýdüm
Öçen däldir, ýüregimde heniz hem.
Emma ynjytmasyn indi ol duýgym,
Sizi gamda goýmak islämok bir dem
Men sizi söýýärdim umytsyz, sessiz,
Kä ýaýdanyp, käte gabanyp juda.
Men sizi söýýärdim ýürekden, hergiz
Şeýle yşky size ýetirsin Huda
Ata Atajanow
Sizi söýdüm, meň hakyky söýgümiň
Kalbymdan yzlary öçmedik ýaly.
Ýöne bynjalyk etmez duýgyňy,
Islämok men seniň gussa batmaňy.
Sessiz söýdüm, ynamym az, köýdüm men,
Gabanyp, ýöwselläp çekipdim zary.
Sizi mähir hem ýürekden söýdüm men,
Bolyň siz başganyň, hut şeýle ýaly
Orazguly Annaýew