men seni söýmändim, sen meni söýdüñ, gözlem üçin kaýyldyñ sen bar zada. şo sebäpli söýemok diýip bilmändim, menden özge gyz ýok ýaly dünýäde. sen meni şeýle bir görýärdiñ eziz, a men bolsa, söýgi diýlen duýgynyñ neneñsi güýçdignem görmändim heniz... meger, duýduñ meniñ söýmeýändigim. meniñ didelemden gitdiñ bir salym, şonda duýdum seni çyndan halanym. ol söýmedik günlerime ser salyp, bir gün geldiñ, çaldym söýgi mukamyn. arman, ýöne meniñ söýen $azadam, goşa gözi dört bolupdyr ekeni... men seni söýäýdim, sen bolsa indi özge gözel bilen ýaşaşyp ýörsüñ! seniñ üçin ähli zada kaýyl men, meñ naçar dünýämde diñe sen barsyñ! ne üçin indi meñ ýanyma geleñok? ozal saña söýýän diýip bilmändim, bu gün bolsa söýemok diýip bilemok... * * * * * ...çagyryldym, bardym seniñ toyuña, men barmasam bu gelşiksiz boljakdy. gutlamaly boldum deñ-duşlam bilen, ýöne diýiljek söz bagrym diljekdi... bokurdakda bir uly daş doñup dur, bir söz diýsem eräp ýaş bolup damar. emma, gutlamaly syrym bildirmän, gözlerimden seniñ dostlaryñ añar... wah, senem otyrsyñ maña seredip, ýekeje söz diýsem gapyp alarsyñ. onsoñ meñ ýüregme ýyldyz göz däl-de, ýyldyrym göz bilen talañ salarsyñ... ýylgyrdym geçmi$i unudup biraz, hem özüm ýitirip tolgundym aşa. gara gözleriñe göni seredip, diýdim:"gelniñ bilen bagtly ýaşa! dört sözde gutlagyñ baryn jemledim, bu sözüm goldady töwerek-daşym. ýok, men aglamadym söýgümiz ýatlap, ýöne señ gözüñde göründi ýaşyñ...
Agsamlary Sen
-
akylym1989
12 years ago
- tuweleme senä şahyr ekeniň!
-
prezident
12 years ago
- anha gyzlar,wagtynda düşünmelidä oglanlaň söýgisine, bolmasa siziňem eliňiz mikrafonly bolar oglanyň toýunda.
-
prezident
12 years ago
- wahh, şu goşgyň adyna düşünip bilmedimdä...
-
HAI
12 years ago
- :)
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Gaty haladym bu goshgyny, durmushda bolup duryan zatlar
-
student3
12 years ago
- howwo!
-
Yegen
12 years ago
yusupogly 12 years ago- bet manyly yone goshga menzanok