1. ey dostlarym nichik zamana boldy. Adam biri-birine yagydyr-yagy. Dost-dosta ynanmaz galynar gumana. Sagy sola bile yagydyr-yagy. 2. At dakarlar namaz oraza Kurhana. Sona at dakanlar gosulmaz hala. Wah su gurrunler dalash eder imana. Yalan gep imana yagydyr-yagy. 3. Bu ise doz bilmez asman zeminler. Yagsylygy bilez pali at alynar. Wah ikisi bir eneden ak suyt emenler. Dogan biri-birine yagydyr-yagy. 4. Hak gozlese herne bendan halyny. Acyk etsin musulmanyn yoluny. Dovlet aydar tutman sheytan yoluny. Sheytan bize hemise yagydyr-yagy. su gosgydaky ahli sozler hakykatda das toweregimizde bolup dur, galanyny ozuniz pikir edin
Yagydyr-yagy
-
sahett
12 years ago
- manyly duzelen gosgy.alemdarow bu familiyan bolyamy dowlet
-
nlo
12 years ago
- magtymgulyn goşgulary yaly manyly sen goşgyn
-
alemdarov
12 years ago
- yok men familiyam alihanov. Alemdarov bir kinodan aldym, gowy goryan aktyorymyn klichkasy
-
sahett
12 years ago
- polat alemdarov turk serialy diysene
-
alemdarov
12 years ago
- edil ozi
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- mafya babasi gowy bolupdyr das-towerekde bolyan zatlara cydap bilman duran wagtyn gelen ylhamdan doran gosgyn mana yarady
-
1merdan
12 years ago
- Şiraly Nurmyrat
Kelläň daşy içi deýin bulaşyk...
Aýralygyň nä kemi bar ölümden?!
Bir setir gaçanok kagyz üstüne,
Galam gaçýa sandyraýan eliňden.
Agşam dokuzdan soň, ir dokuzdan öň
Ençe million ýaşaýjyly şäherde
Ýekeje adam ýok jaň eder ýaly...
Nirde galdyň garyp mekan –
Bäherden?
Senem indi üýtgedipsiň adyňy,
Saňa täze at berlipdir – Baharly.
Ýylan köp süýrendi ýurduň teninde,
Iki dili bir-birinden zäherli.
Öňler tozap ýatan oba hasaplap,
Seni terk etmegi arzuw ederdik.
Bu gün samsyk başy elde göterip,
Saňa tarap dähedemlep giderdik!
Bäri goýberenok. Aňry alanok --
Iki jahan owarrasy boldukmy?
Eltjek bolup gara başy ak güne,
Ar-namysy budumyza çaldykmy?
Bärde aslyşýan ýok «gitme-dä» diýip,
Aňyrda «gel» diýip gujak açýan ýok.
Bärde «gün ýaşdy» diýp aglaýan gyt
däl,
«Daň atdy» diýp begenýänler
görnenok.
Oňa derek ýat asmanyň astynda
Gara gybat ak baýdak deý parlaýa.
Aziýada demin yzyndan alan
Ýewropada ýolbars bolup arlaýa!
Partiýa, gurama, jemgyýet, topar...
Dört alaşa bäş aýlawda çapylýa!
Sen «Haýwanlar partiýasyn» döredäý –
Gör, şoňa-da ylgap girjek tapylýa!
Hawa, kellä bagly ýagdaýy ýurduň:
Oňam daşy içi deýin bulaşyk.
Aralykda millet düşekde ýatyr,
Ilde ýok bir agyr derde ulaşyp.
Bizem bärde «il-gün» diýip, «halkym»
diýp,
«Watanym» diýp bokurdaga bat
berýäs.
Ýurtdan çykyp gaýdanlara «zor» diýip,
Galanlara «gullar» diýip at berýäs.
Ýat illerde hojaýynmy özümiz –
Öýündäki halka «gul» diýer ýaly?
Aňsatmyka ýetäýmek bir maksada,
Ýük edinip dürli-dürli hyýaly?
Egne aljak bolýas ýurt garamatyn,
Başarjakmy, ýokmy – oňa garamzok.
Il görgüli bizden haraý gözleýä,
Bizem bärde öz başymyz çaramzok.
...Hawa, aýralygyň lybasy gara,
Hasam gara ajalyň ak kepeni...
Bilýän, Bäherdenim ýoluma garap,
Şindem dokap oturandyr keteni.
-
turkmenntug
12 years ago
- gowy go$gular...
Gagu 12 years ago- Sagbol paylasanyn ün