Düyn Orsýediň Sankt-Peterburg şäherinde Arkalaşygyň Kubogy başlady. Şu ýyldan başlap ýaryş täze formatda geçirilyär, ýagny önki GDA döwletlerinden çempion toparlaryń ýerine yaş ýygyndy toparlar gatnaşýar. Köne formady yatlasak, onda geçen ýyl ýurdumyzyń sońky çempiony bolan Nebitçi gatnaşypdy. Olar toparda 3 oýny hem umumy 1-7 hasap bilen yeńlip, toparda iń sońky orny eyeläpdiler. Nebitçide yekeje pökgini iń sońky oynuń 90-njy minudynda Röwşen Meredow öz adyna ýazdyrypdy. Täze formata laýyklykda ýaryşa 12 sany milli ýygyndy gatnaşyp, olar öz aralarynda 3 topara bölünyär. Türkmenistan ýaslar (U-21) milli ýygyndysy A toparda Orsýediń, Gazagystanyń we Estoniýanyń milli ýygyndylaryna garşy çykyş etýär. Milli ýygyndymyz ilkinji oýny 1-0 hasap bilen Estoniýa garşy ýenen bolsa, ikinji oýunda 3-1 hasap bilen Gazagystana ýenildiler. Topardaky beýleki oýunlarda Orsýet Gazagystany we Estoniýany şol bir hasap bilen ýagny 1-0 ýendiler. Şeylelikde iki oyundan son, Orsýedin 6 utugy, Gazagystan we Türkmenistanyń 3 utugy, Estonlaryń bolsa utugy yok. Ildeşlerimiz sońky oýunlaryny 22-sine Orsýede garşy oýnarlar. Täzelikleri ýetirip durarys.

Köneler, Guardiola tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir