SÖÝGi HAKDA ÝAZYLÝAN KÄBIR GOŞGYLARA PARODÝA Söýgi diýlen şeýle elhenç zatmyka, Käbir şahyrlaryň ýazyşy ýaly. Bir şahyry söýgü bihuş edipdir, Bir şahyr söýgüden bolypmyş däli. Söýgi diýlen şeýle gorkunç zatmyka, Hanjara, jellada meňzeder ýaly? Söýgi diýlen şeýle doňýürekmikä? Gül ýüzli ýigitler eňreder ýaly? Ah, söýgi gör seni nämä deňeýär, Söýüp bilmeseler günäkärmi sen. Gözelleň kalbynyň gürsüldüsini Duýup bilmeseler günäkärmi sen. Ine, gan aglaýar ýene bir şahyr, Yşk kalbyma sançdy diýip tikeni, Bir tikene çydamandyr biçäre, Meger gaty ýukaýürek ekeni... Keramatly söýgi bilýän güýjüňi, Meniň kalbymda möhür basdyň sen. Ýöne welin senden ýaňa nalaman, Nalaman sebäbi mukaddesdiň sen Goý, aglan aglasyn, nalan nalasyn, Eý, söýgi, menden bir ara açma sen. Lowurda-da dur ýüregimde ot bolyp, Köre welin, hergiz-hergiz öçme sen (B.Hudaýnazarow)
B. Hudaynazar
-
1merdan
12 years ago
- şunam bir teswirden alaýdym öýtýän
..Dil däl, ýürek bilen ses üýnsiz söýüň,
Sessiz bildirilse söýgü güýçlidir.
Gara görmän jöw-jöwleýän güjügiň,
Şol öýe wepasam iki uçlydyr...
(B. Hudaýnazarow)
-
ependi
12 years ago
(belki saýdymyza-da degişli)
dogry
-
ependi
12 years ago
..dil däl, ýürek bilen ses üýnsiz söýüň,
bet goşgy
sessiz bildirilse söýgü güýçlidir.
gara görmän jöw-jöwleýän güjügiň,
şol öýe wepasam iki uçlydyr...
-
magnit
12 years ago
Gara görmän jöw-jöwleýän güjügiň,
Şol öýe wepasam iki uçlydyr...
(B. Hudaýnazarow)
1merdan |
bah orrran dogry bellap gecipdiray ...
-
1merdan
12 years ago
- Men özüňi dünýäniň eşretlerinden mahrum etmegiň tarapdary däl. Emma ýeňlesligi, durumsyzlygy, öz duýgularyňy ugruna goýbermegi halamaýaryn. Adamkärçilige sygmaýan zady goldamak bolmaz
(Berdinazar Hudaýnazarow)
-
1merdan
12 years ago
- Graýyş
Söýgi näme? Siz oňa
Nähili garaýaňyz?
(Okyjy gyzyň soragyndan)
Söýgi hakda takal okap durmaýyn
Uslyp däl-elliden aňryk ätledim.
Ýöne keýgim, bu soragy bereňde
Men şu mahal bir aýaly ýatladym
Ol aýal arada altmyş ýaşady
...Äre çykyp urşyň başlanan ýyly,
Sekiz aý ýaşapdyr adamsy bilen.
Indem tes tegelek kyrk ýylyň duly
Onuň ýala diýýäris biz adatça:
“Ah biçäräň ýitip bütin ömri köýipdir”
Emma çynlakaýrak oýlanyp görseň,
Beýle diýmek hem ýalan, hem aýypdyr
...Sekiz aý ýaşapdyr adamsy bilen
(Ynanmazlyk etseň özünden sora!)
Soňam adamsynyň patasyn alyp,
Çykmandyr ärinden başga bir äre.
Arada şol aýal altmyş ýaşady.
Sopbaş özi.
Ne ogly bar ne gyzy.
Beýle kişä diýýäris biz adatça:
“Ah biçäräň ýitip gitjegow yzy”
Howwa, mümkin, şeýle bolmagy mümkin.
Dogry zady inkär etjek bolmaýyn.
Ýöne men şeýle mert, şeýle wepaly,
Tämiz ömre tagzym etmäge taýyn.
Sebäbi bu ömriň gazaply görki,
Onuň zabunlygy, egrelmez erki,
Bu ömriň hyjuwy hem-de perýady-
Hemmesi söýginiň etdirýän zady!
Galanynam, ine özüň görersiň,
Sorap durman menden söýgiň döreýşin.
Ýöne alan mysalymy ýatlap dur-
Ana keýgim, MENIŇ SÖÝGÄ GARAÝŞYM
(B.Hudaýnazarow)
-
1merdan
12 years ago
- Graýyş
Söýgi näme? Siz oňa
Nähili garaýaňyz?
(Okyjy gyzyň soragyndan)
Söýgi hakda takal okap durmaýyn
Uslyp däl-elliden aňryk ätledim.
Ýöne keýgim, bu soragy bereňde
Men şu mahal bir aýaly ýatladym
Ol aýal arada altmyş ýaşady
...Äre çykyp urşyň başlanan ýyly,
Sekiz aý ýaşapdyr adamsy bilen.
Indem tes tegelek kyrk ýylyň duly
Onuň ýala diýýäris biz adatça:
“Ah biçäräň bütin ömri köýipdir”
Emma çynlakaýrak oýlanyp görseň,
Beýle diýmek hem ýalan, hem aýypdyr
...Sekiz aý ýaşapdyr adamsy bilen
(Ynanmazlyk etseň özünden sora!)
Soňam adamsynyň patasyn alyp,
Çykmandyr ärinden başga bir äre.
Arada şol aýal altmyş ýaşady.
Sopbaş özi.
Ne ogly bar ne gyzy.
Beýle kişä diýýäris biz adatça:
“Ah biçäräň ýitip gitjegow yzy”
Howwa, mümkin, şeýle bolmagy mümkin.
Dogry zady inkär etjek bolmaýyn.
Ýöne men şeýle mert, şeýle wepaly,
Tämiz ömre tagzym etmäge taýyn.
Sebäbi bu ömriň gazaply görki,
Onuň zabunlygy, egrelmez erki,
Bu ömriň hyjuwy hem-de perýady-
Hemmesi söýginiň etdirýän zady!
Galanynam, ine özüň görersiň,
Sorap durman menden söýgiň döreýşin.
Ýöne alan mysalymy ýatlap dur-
Ana keýgim, MENIŇ SÖÝGÄ GARAÝŞYM
(B.Hudaýnazarow)
-
1merdan
12 years ago
- ..göz-gülban bolşyp gündüziň güni,
nebir gyz gelinler güjeňlär teni,
söýüşýärler diýip aldamaň meni.
Aşyksumak artar, Tahyr azalar...
(Şulam Hudaýnazarow degişli. "Pähimler" diýen goşgysyndan)
-
vipboy
12 years ago
- magnit muny kime kakdyryp yazdyn :)
-
magnit
12 years ago
magnit muny kime kakdyryp yazdyn
vipboy |
kakdyrma menzetdinmi vipmyrat?
-
vipboy
12 years ago
kakdyrma menzetdinmi vipmyrat? magnit |
sheylerak oytyan do
-
ependi
12 years ago
- maňa :D
-
vipboy
12 years ago
maňa ependi |
sen name kaktyryanchymy:)
-
Merw92
12 years ago
- gaty gowy goşgy eken! ajayyp goshgylaryn howri kop bolsun! sag bol magnit!
..göz-gülban bolşyp gündüziň güni,
nebir gyz gelinler güjeňlär teni,
söýüşýärler diýip aldamaň meni.
aşyksumak artar, tahyr azalar...
(şulam hudaýnazarow degişli. "pähimler" diýen goşgysyndan)
1merdan | 2012-01-18 05:48:06
1 merdan siziñ diÿen Pahimlernizi yetirip bilmedim bagyshlarsynyzda !
Shu setiriñiz has hem gowy eken kop sag bolun pahimlerniz ucin!
-
Operas
12 years ago
- Magnitjan gowy gosgy ekeni yone sen mana onurak basga bir lakamdan girip diyjegini diyipdirsin diyipsin yone mana alemdarowmyka diyipsin oydyan yöne ol men dal belki men azrak tema, jogap yazyandyryn yone bir zadyn anygyna yetman gurleme!
-
1merdan
12 years ago
- bor merw jigim ýdymda galany başly baratlyda gazetdäkisini tapsam saýtda ýazaýaryn. Aladaň üçin Alladan gaýtsyn
-
makgush
12 years ago
- Gowy goşgylar, sagboluň ýetireniňiz üçin.
-
magnit
12 years ago
- bolya operas yalnyshlyk bolandyr gaty gorme
-
Shahyrjyk
12 years ago
- Sagbol yetirenin u.n magnit! Yenede garasyas...
1merdan 12 years ago- sagja bol magnit dost şu günki döwrüiň zerur meselesinden söz açýan(belki saýdymyza-da degişli) goşgyny bize ýetiripsiň. Hakykatdanam soňky döwürde söýgüden nalaýan şeýle köpeldi welin.... heý diýer aýdar ýaly däl..
..temaňa sag bol dost