OGUZ TOÝY Obanyň çetinde, Ok ýeter ýerde Dikilyär täzeje oguz gerdegi. Oguz hanyň kowum-hyşdyn jem edip, Öy tutyar, Toy tutyar Türkmen gerçegi. Bagtyna gowuşyar oguz peykeri, Dolup-daşyp toya gelyär begleri. Daşoguzdan, Içoguzdan jemende Deňiz dey owsunyp toya şaylanyar, Külli oguz yurdy toya aylanyar. Nagralar kakylyar, kakylyar deprek Jahana yayrayar owazy tebliň. Yene toy toylayar gadymy toprak Şanyna yaş yigdiň Şanyna gelniň Mal soyulyar yagly etden depe edip Deňiz döredilyär şerapdan, meyden Gün han ogullary güni dep edip Ay han ogullary aýy dep edip Çyrpynyşyp ýyldyrym dey ogullar Raks oynayar gara yeri sarsdyryp Raks oynayar gögeleje oguzlaň Gursagynda ýüregini ersdirip Obanyň çetinde Ok yeter yerde Dikilyär öylenyän yigdiň gerdegi Raks oynayar yalyn yaly çabyrap Oguzlaň gerçegi Peri-peykeri Bir gulakdan düzlüp yetmiş iki saz Dabara yaňlanyar oguz ilinde Sallanşyp yörände bölek gelin-gyz Jümşüldi döreyär yeriň iýninde Daşoguzly, Içoguzly mähelle Yere-yurda sygman düwläp huw beryär Tamdyraň sazyna yraşyp kelle Kethudalar Gorkut ata how beryär Dag han ogullary çykyar göreşe Bayragy ner-maya Sylagy öküz Daşdan görseň göz edyän dey görene Dünyäň depesinde toy tutyar oguz Külli oguz dünyä sygman toy tutyar Toýy bilen basyp duşmanyň howun Öý tutyar Toy tutyar Mes bolup oguz Baýlygyny toy-bayrama sowuryar Göyä bu dünyäniň eyesi ýaly Göyä bu dünyäde ebedi ýaly Aylaw gurup Sarç bedewin çapdyryp Beglerine altyn gabak atdyryar Şa toyuň şowhuny asmana sygman Şagalaňy yer yüregin gopduryar Yene ýaýyn atyar oguz gerçegi Gök ýaýlada dikip täze gerdegi Içoguz, Daşoguz deňiz dey daşyp Jahanyň ýüzüne toy bilen süýşüp Aýdym bilen süýşüp Saz bilen süýşüp Oguz kowmy döwran süryär, yaynayar Eyyamlar aylanyp oguz han kowmy Yeriň ähli bölegine yayrayar Yedi yklymda döwlet gurup, toy berip Yedi yklymda türkmen tugy parlady Sebäp yedi yklymyň eyesidir ol Şeydip türkmen bütin dünýä yayrady... Haýsy yerde tugun dikmedi türkmen Yetmiş yedi derya aşyp, dag aşyp Yetmiş-segsen döwlet dikledi türrkmen Gitdi türkmen öy tutup hem toy tutup Giden gitdi... Barmy yza aylanjak?! Galyberdi Içoguz hem Daşoguz Hem gadymy Hem müdimi sallançak Türkmen gitdi ýakyn-alsa yol salyp Ogullaryn seçen garry öy ýaly Galyberdik bir bölejik il bolup, Galyberdik bir bölejik il bolup!...

Köneler, URGENCLI tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir