salam hormatly agzalar. men size durmushda bolan wakany gurrun bermekchi, men onun shayady boldum. bir gyz internetda dashary yurtda okayan talyp oglan bn tanyshyar, ilki dine dost yaly yazyshyar son bolsa biri-birine gowun berishyarler. oglan 4 yyldan son gelip biljegini aytdy, gyzam garashmaga razy boldy. bular 1yyl toweregi hich-hilli sogushmesiz gurleshipdiler, emma bir gun oglan ozunin gyza ynanyandygyny gorkezjek bolup, soyguli gyzyna dushyancha omrundaki ahli esasy wakalary beyan etdi. hamana gowy ish eden yaly ozunin tas ata bolyandygyny, yone onun wagtynda zordan kop pul chykdajy edip (abort un) halas bolandygyny guwanyp aytdy. (shuny aytmagy dogrydymy?) bu wakany eshiden son gyzyn ona hich hili ynamy galmayar, shondan son olaryn arasynda dine dawalashma bolupdy. shu wagt olar gurleshenok. shu yagdayda kimin nadogry hereket edendigine jogap yazsanyz we olara degerli maslahat bermeginize garashyaryn. olaryn ikisem sizin jogaplarynyzy okar we netije chykararlar.

Köneler, bega88 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir