...Soňky asyrlarda ýüz beren gapma-garşy garaýyşlaryň netijesinde dörän bedgat eserler sahabalaryň döwürinde ýokdy. Seniň ölüm howly bu zäherden özüňi daşda saklamagyň gerek. Ol zäher fakyhlaryň hemmesiniň garşysyna göreşip, inkär ediji we bejergisi ýok bolan dertdir. Onuň döretýän şertleri we apatlary baradaky netijämiz yzda geler. Bu netije tejribesi bar bolan adamlaryň agzyndan çykýar.”Adamlar nadanlyk sebäpli biri-birine duşmandyrlar” diýen nakyly aýtsalar hem sen olara ähmiýet berme. Sen bu sözi ömürini bu ugurda ötüren adamyň nesihaty hökmünde kabul et!. Ol ilki alymlaryň eserine goşmaça kesgitleme girizdi, olaryň sözlerini takyklady, jedelleriň hakykatyny beýan etdi. Taňry oňa parasay berip ruhlandyrdy. Sen pitwalary şerigatyň diregi hökmünde kabul edýänleriň sözlerine aldanma. Olar şerigatyň gowşak beýan edilen meselelerini bilmeýärler we gapma garşy garaýyşlary ýarag edinýärler. Her bir mezhepde gowşak beýan edilen meseleler bar. Olar beýle meseleleri jedelli kesgitlemeleriň üsti bilen çözýärler. Aslynda jedelli kesgitlemeler sahabalaryň döwründe hem, ilkinji alymlaryň döwründe hem ýokdur, Fykh ylymy üçin zyýanlydy. Müftiniň aňyndaky zat fykyh ylymyna gabat gelse hem köplenç jedeliň şertlerine laýyk bolmaýar. Ol mezhep meseleleriniň gowşak taraplaryny gözleýär we şu ýolda ömürini ötürýär. Ol zamananyň şeýtanlaryndandyr. Sen olardan häzir bol! Sen Taňrynyň razylygyny akyllylar bilen barsaň taparsyň we özüňi kesgitlärsiň. Çünki, ölüm, hasap, jennet, dowzah seniň öňüňdedir. Özüňe peýdasy ýetjek zatlar we öňüňdäki zatlar hakynda oýlan. Galan zatlary bir gapdala goý. Käbir ussatlar käbir alymlary düýşlerinde görüpdirler we olardan “ Siziň jedelleşýän ylymlarňyz barada näme habar aýdarsyňyz?” diýip sorapdyrlar.Olar jogabyň deregine ellerini salgap goýberipdirler, ulydan demlerini alypdyrlar we gijäniň içinde gözden gaýyp bolypdyrlar. Olaryň jedelleriniň iki rekat namazça peýdasy bolmandyr. Pygamber alaýhyssalam: “ Dogry ýoldaky adamy jedel azaşdyryp biler “ diýdi. Soňra ol şu ýaty okady: “ Olar(bu mysaly) diňe siz bilen jedelleşmek üçin getirdiler. Olar jedelleşmegi gowy görýän dawagär kowumdyr”.(43-nji “ Zuhruf” süresiniň 58-nji aýaty). Bu hadysa şu aýat manydaşdyr “ Olaryň kalplarynda hakykatdan egrelmek bar “ (3-nji “Äli Ymran” süresiniň 7-nji aýaty). “ Olar jedelkeş adamlardyr. Siz olardan häzir bolyň” (63-nji “Munafykun” süresiniň 4-nji aýaty). Öten alymlaryň biri şeýle diýipdir: “Zamananyň ahyrynda bir kowum geler. Olara amallaryň gapysy ýapyk we jedelleriň gapysy açyk bolar”. Bir hadysda: “ Siziň amaldan ruhlanýan zamanyňyzda jedelden ruhlanýan bir kowum geler” diýilýär. Başga bir hadysda “ Jedelleşmegi öwrenen kowum amaldan uzaklaşýar” diýilýär. Elbetde, has dogrusyny Taňrynyň özi ýagşy bilýändir! Muhammet Gazaly “Ylym barada kitap”

Köneler, 1merdan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir