duralgada Ekiz taý ýalý jorasý bilen Jümjüme gülleriň arsy bilen Jümjüme köýnekli bir gözel gelýär Jümjüme ýalykly jorasy bilen Gyzlaryň ikiside gyzyl çawytly Çawytlaň gapdaly keşde sowutly Gyzym uýam diýip lak ataýmasaň Lak atmagam indi bize howply Toýnagyny jüp basyp ýuwaşja ätýär Gaýmakly marojnaň ujundan gädýär Her gezek agzy buza degende Tutuş dünýäň ýüzi bugaryp gidýär Men hem synlap barýan çekilip gyra Gyzlar meňzep barýar siwtafor çyra Ýalyklary gyzyl çawytlary gök Ýol açyk hem ýapyk bagtyňa görä Gyzlaryň birisi çynar birisi derek Görmene göz gerek söýmäne ýürek Wah göz hem ýürek hem ýeterlik welin Wah on sekiz gerek on sekiz gerek Asmana seretsem gün eýýem peýşin Onýança aňardan göründi maşyn Ol maşyn hem eýýäm Gözelleň gaşynda togtady maşyn Mündüler yzyndan galmadym menem Aý neme dynç günüm gezjek bir sellem Aý onsaňam şeýle gözeller bilen Garşy dal uçmana kosmasa çenlem Birden iki gözel dörde öwrüldi Hersiniň gapdaly gerçek ýiğitli Ýiğitler tanapdyr gyzlaryň gowsyn Göreje alyp atyşta gowsyn Bir ýiğide hasam ýeserje eken Kemputtan doldurdy çawydyň jübüsin Onýança gapysyn açdy WATAN Kemput iýýen gyzyň elinden tutan Bir görsem öz oglum öz Nazar oglum Utan şahyr utan Guwan şahyr guwan KERİM GURBANEPESOW

Köneler, magnit tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir