Halkyň arasyndaky gürrüňlere görä, Jüneýit hanyň ady agzalan ýerde hemmeler gorkudan saňňyldaberer eken. Gijelerine ukusy tutmaýan garagolrak çagalara «Hana, Jüneýit han gelýär» diýlende, ol çaga gorkusyndan şol bada uka gider eken. Jüneýit han ömrüniň ahyrlarynda. Surat Eýranda düşürilen. Saparmyrat Nyýazowyň «Ruhnama» kitabynda türkmende ençeme patyşalaryň bolandygy hakdaky maglumatlar ýerleşdirilenem bolsa, hakykatda türkmenlerde hiç wagt patyşa bolmandyr. Patyşa bolanda, hemmeleriňem bilşi ýaly, patyşalaryň gadymdan gelýän nesilleri bolýar. Nyýazowyň «Ruhnamada» ýazan patyşalary külli türki dilli halklaryň öňden gelýän dinastiýalarynyň patyşalary. Şeýle hem türkmenler ondan-oňa göçüp, kowçum bolup ýaşap ýören çarwa halkdyr. Olarda hiç hili bütewi döwlet hem bolmandyr, patyşa-da. Oguzlar, Seljuklar hakda gürrüň edenimizde hem ol dinastiýalar-da diňe türkmene degişli dinastiýa däl. Ol dinastiýalaryň düzüminde türki dilli halklaryň ençemesi bolan. Goňşy halklaryň gadymy taryhy ýazgylaryny okanyňda «özbek türkleri, seljuk türkleri, oguz türkleri, gaznaly türkler, garahanly türkler» diýen ýazgylara gabat gelip bolýar. Türkmen taýpalarynyň arasynda ýekeje ýolbaşçy hem bolmandyr, döwrüň syýasatyna anyk düşünýän syýasatçy hem. Şol döwürler türkmenleriň käbir taýpalary käwagt gaznalylara gulluk etmäge goşulypdyr, käwagt bolsa garahytaýlylaryň emirleriniň biri Kadyr Ýusuba hem onuň dogany we bäsdeşi Aly Tegine goşulypdyrlar. («Merwnama» kitaby, 224-nji sah. Aşgabat, 2003-nji ýyl) Şeýlelikde, türkmenler bütewi bir halk hökmünde kemala gelip başlansoň, olaryň arasyndan patyşalar däl-de hanlar ýüze çykyp başlapdyr. Hanlar — bular patyşa nesilleri däl-de, halkyň arasyndan çykan, tiresindäki, töweregindäki halky gorap bilen, adamlary yzyna düşürip bilen batyrlardyr. Türkmen tire-taýpalarynyň arasyndan çykan hanlar, serdarlar örän köp. Olar biri-birinden batyr, biri- birinden edermen, gaýduwsyz adamlar. Ýöne hiç wagt biri-biri bilen birleşip, biri-birine boýun egmegi başarmandyklary üçin olar bitewi bir türkmen döwletini gurup bilmändirler. Birleşmezligiň bir sebäbi hem — türkmen tireleriniň (häzirki welaýatlar) arasynyň biri-birinden örän daş bolanlygydyr. Hatda welaýatlaryň arasynda dünýäde iň uly çölleriň biri bolan Garagum çölüniň ýerleşmegini hiç hili transportyň, tehnikanyň ýok döwründe türkmen tireleriniň, hanlarynyň birleşmegine bolan esasy päsgelçilikleriň biri diýip hasaplap bolar. Biri-birinden 300-700 kilometr daşlykda ýerleşen tirelere (welaýatlara) munça ýoly geçip, birek-birek bilen gatnaşmak, birleşmek islegi bolandyr hem öýtmeýärsiň. Olary häzirki döwürde — bir bütewi döwletiň gujagynda otyrkalar hem, tehnikanyň görlüp-eşidilmedik derejede ösen döwründe hem birleşdirmek örän kyn. Tireparazlyk türkmen tireleriniň (welaýatlarynyň) ählisinde örän ösen. Tireleriň biri-birinden has uzaklykda ýerleşenligi sebäpli, bir bütewi türkmen hany hiç wagt bolmandyr, her tiräniň, taýpanyň, urugyň öz hany bolupdyr. Jüneýit han ady bilen belli bolan, Gurbanmämmet serdar hem belli türkmen hanlarynyň biri bolmak bilen, tanymal şahsyýetleriň hatarynda taryhda ýatdan çykmajak yz goýup gitdi. Gurbanmämmet serdar 1862-nji ýylda Tagta etrabynyň (häzirki Görogly etraby) Bedirkent obasynda dogulýar. Onuň kakasynyň ady Hajybaý bolupdyr. Jüneýit han Daşoguz ýomutlarynyň orsukçy urugynyň jüneýit tiresindendir. Şonuň üçin onuň Gurbanmämmet adynyň ýerine Jüneýit han adyny goýupdyrlar. Jüneýit han Garaşsyz türkmen döwletini döretmäge ilkinji synanyşan handyr. Hatda ol özüniň manatlyk teňňe puluny ýasadyp başlaýar we salgyt sistemasyny girizýär. Bu ýagdaýlar garaşsyz döwleti kemala getirmegiň nyşanlarydyr. Jüneýit hanyň ogullary Eşşi bilen Eýmir hem örän edermen ýigitler bolupdyr.
Ilkinji türkmen manadyny çykardan han
-
sweetbala
12 years ago
- kop sagbol yazgy u.n dert gorme.mend turki halklarda patysha bolmanlygyny eshitdim hanlar bolupdyr olar yone hc tagtda oturmandyrlar pes palli bolupdyrlar turki halklaryn hanlary kop yerlere oz sozuni gechiripbilipdir
-
alemdarov
12 years ago
- men in hormat goyyan hanlarym juneyit han bn eziz han, esasanam juneyit. Nesip bolsa oglum bolsa adyna juneyit dakjak, sag bol dost
-
AHAL
12 years ago
- menem bir doss oglandan eshden rowayatym bar juneyt han barada.
bir gun bir owadan gelin gelip juneyt hana nagileligni bildirya diyya, men bul oglana chykjak dal, bul oglanyn burny chapyk diyip, gorki yok diyip, juneyt hanam ilki bul igit soweshde burnyny chapdyrdy, ona hokman durmysha chykarsyn diyipdir, gelinem yok men bul adamdan ayrylshasym gelya diyip dur diyya. juneyt hanam iki sany adamy chagyryp shu gelinin burnyny chapyn diyip buyryk berya. sheydip oglanam gyzam burny chapyk bolup, omurlernin ahyryna chenli yashatdyrlar.
-
dijey
12 years ago
- jebislik sag bol. sol sebapden `aygitli adim` kinosy gadagan edildi.
-
magnit
12 years ago
- bäh gowy maglumatlar eken sagbol awtor +
-
Mr4evermad
12 years ago
- sagja bol jebislik, kop zatlar owrenyas... yenede yazyp dur...
-
1merdan
12 years ago
- sagja bol Han Baýtaly ýatlanyň üçin
-
prezident
12 years ago
gaýgysyz
atabaýewiň sowet
hökümeti tarapyndan
tutulmagynyň hem-de
soňra atylmagynyň bir
sebäbi jüneýit hanyň
serhetden geçmegine ýol
berenligi bolupdyr.
maňa mekdepde garryja taryh mugallym" gaýgysyz atabaýew moskwa iş bilen barýar, soňam aeroportdan samalýoda münenini göripdirler, ýöne turkmenistana gelmändir" diýdi.ol adamyň ölimi barada anyk maglumat ýok diýýär.
Jebislik 12 years ago
Eýrana geçýär.
1927-nji ýylda Jüneýit
hanyň sowet häkimiýetine
garşy Ýylanlynyň
töwereklerinde alyp baran
birnäçe söweş hereketleri
şowsuz gutarýar. Şondan
soň ol 1928-nji ýylyň iýun
aýynyň aýagynda az sanly
nökerleri bilen Eýrana
geçýär. Soňra 1929-njy
ýylda Owganystana
göçüp, Hyrat welaýatynyň
obalarynda türkmenleriň
arasynda mekan tutýar we
1938-nji ýylda şol ýerde
aradan çykýar. Eşşiniň iki
ogly Älem serdar bilen
Söýer Hyrat şäherinde
ýaşaýar. Eşşiniň uly ogly
Taýça soň Eýrana
göçüpdir we şol ýerde
aradan çykypdyr.
Taýçanyň dört ogly häzir
Eýranda ýaşaýar.
Türkmen sowet ýazyjysy
Beki Seýtäkow özüniň
«Doganlar» romanynda
Jüneýit hany halkyň
ganym duşmany edip
görkezýär. Sowet
hökümetini bolsa
taryplaýar. «Doganlar»
romanynda Jüneýit han
sowet hökümetiniň, şol
sanda halkyň hem
garşysyna çykan
kellekeser hökmünde
janlandyrylýar. Sowet
döwründe Owganystana,
Eýrana sapara giden
ýazyjylaryň arasynda Beki
Seýtäkow hem bar eken.
Şonda sowet ýazyjylary
Türkmenistandan ol
ýurtlara göçüp baran
türkmenler bilen
duşurylypdyr. Şol
duşuşyga Jüneýit hanyň
ogullary hem gelipdir.
Olar Beki Seýtäkow bilen
salamlaşman, oňa ýüz
bermän geçip gidipdirler.
Sowet hökümetiniň
elinden çörek iýensoň,
sowet hökümetiniň
goýnunda ýaşaýanlygy
sebäpli sowet ýazyjylary
halkyň arasyndan çykan,
halky penalan han-begleri
mydama ýamanlap, ters
faktlar bilen ýazyp
geldiler. Ýadymyzda
bolsa, Eziz hanyň wepaly
nökeri, kätibi bolan Berdi
Kerbabaýew hem özüniň
«Aýgytly ädim»
romanynda Eziz hany
halkyň, sowet
hökümetiniň ganym
duşmany edip görkezipdi.
«Aýgytly ädim» kinosyny
görüp, Eziz hanyň kiçi ogly
Amanmuhammet
(Hommat): «Meniň kakam
beýle däldi!» diýip,
kinozaldan çykyp gidipdir.
Syýasat üýtgeşik zat.
Syýasat taryhy hakykaty
ýoýdurmagy kämahal hiç
zatça görmeýär.
Syýasatyň pidasy bolýan
ýazyjylar taryhy hakykaty
ýoýmaly bolýarlar.
Jüneýit hana ilkinji
türkmen sowet döwletiniň
ýolbaşçylary Gaýgysyz
Atabaýew, Nedirbaý
Aýtakow dagy hem uly
sarpa goýupdyrlar. Hatda,
il arasyndaky gürrüňlere
görä, Gaýgysyz Atabaýew
Jüneýit hanyň ýurdy
taşlap, Eýrana geçip
barýanyny bilensoň hem
ony tutmaýar. Gaýgysyz
Atabaýewiň sowet
hökümeti tarapyndan
tutulmagynyň hem-de
soňra atylmagynyň bir
sebäbi Jüneýit hanyň
serhetden geçmegine ýol
berenligi bolupdyr.
Jüneýit hany ele salmak
üçin yzarlap ýören sowet
hökümetiniň onuň hiç hili
päsgelçiliksiz serhetden
geçip gidenine içi
ýanypdyr.
Jüneýit han hakda ilat
arasynda aýdylýan gep
köp. Olaryň hemmesini bir
makalanyň çäginde
gürrüň berip çykmak
mümkin däl. Şolaryň
birinde şeýle diýilýär: Bir
gün Jüneýit hanyň ýanyna
ýomutlaryň uşak
urugyndan bir pukara
gelipdir hem-de özüniň
alty ýyllap bir baýyň
dowaryny bakandygyny,
keýwanysynyň hem
şolaryň gapysynda hyzmat
edendigini, baýyň welin
özüne hiç hili hak-heşdek
bermeýändigini aýdyp,
nalapdyr. Jüneýit han
şonda nalap gelen
garybyň ogluny-ha
garyba hakyny bermedik
baýyň gyzyna öýeripdir.
Aýalynyň hyzmat edeni
üçinem garyba baýdan
hakyny alyp beripdir.
Ol, ine, ähli meseläni
şeýdip, garamaýak halkyň
haýryna çözer eken.