Aranyzda duhilere uns beryaniniz barmy, mena gundelik ishe yada bir yere ugramda ustume çalaja sepinaymam bar. Yone olar yaly kukedibem sepemok, ozume bildirer yaly bolsa bolyar, bolmasa kate gapdalyndaka yaramayar, sebabi ys guyçli bolsa adama erbet tasir edyar, oz-ozunem bashyny aylayar. Men esasanam yenil ysly duhileri sepinmegi halayan, agyr ysly duhiler kellami agyrdyar, kopler bolsa agyr ysly duhileri gowy goryar. Esasanam oglan duhilerden men shulary ulanyan: gysh aylary "Rouge" diyen duhileri sepinmek amatly, tomusda bolsa "boss" yada "boston" duhileri sepmek amatly, guyzde bolsa "Galdior" duhiler gowy bolyar sepinmek. Yaz aylary hakynda aytmagam gerek dal, ol wagtlar haysy duhini sepinsenem yarashman duranok, yazyn howasynyn oz ysam yeterlik. Men kan anrybashy gymmatbaha duhilere uns beremok, bolsa 5-10 manatlyk duhilerden alyan, ozem owrenshen duhimden. Kate bashgalarynam alyan, yorite oglan duhilardan saylap, ondada ka kishin oz halayan ysy bolyar, ozune yaramayan duhini sepsen, derrew kellagyry edip tashlayar. Ozune çendenasha agyr sepmegem maslahat berilmeyar, ol sana yarasada gapdalyndakylara agyr tasir edyar. Kopler bolsa asla duhin ysyny halamayanam bar, ysyny alsa dawleniyesi galyp yuregi bulanyp bashlayan adamlarada dushmak bolyar. Kate ustune sepinmek erbedem dal, toya zada çykanynda, yone kukap yas-pata barmagam gelshikli dal. Siz nahili duhiler sepinyaniz, haysylar amatly adam uçin?!

Köneler, Yegen tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir