Hatly bukja
Hekaýa,awtory,warsakylay
-
ependi
13 years ago
- betje eken saul
-
Jemka91
13 years ago
- Gowy yazypsyn(yone yalny$ ýere=)) ýetirenin ün sagbol=)
-
ependi
13 years ago
- bir gün okuwçylarymyñ
gun gündelik depderlerini
barlaýyn diýip , olaryñ ähli
gündeligini ishden soñ , öz klas
jaýymda barlamak üçin alyp
galdym. hersini barlap gözden
geçirip , ýetishiklerine syn
berýärdim. ýenede bir
okuwçymyñ gündeligini açdym.
birinji sahypada gyrada
gysdyrylan kagyzly bukja gözüm
düshdi , ünsem bermän
sahypalaryny agdaryp
gündeligini barladym. ýapjak
bolamda ýene sho bukja gözüme
ildi , ol bukja maña bir zady
syzdyran ýaly bolup gitdi.
okajagymam bilmedim ,
ýapjagymam. ýöne ony okasym
gelip ugrady , bu bukja maña
gaty tanysh görünýärdi. "aý ýokla
ol däldirle , ýakup iñ göreldeli
okuwçym ahyryn , ondan beýle
zat çykmaga haky ýok!" - diýip ,
geçiberjegem boldum ýöne
bilesigelijilik gursun , halys
goýmady. bukjany usullyk bilen
ýerinden alyp ony açdymda ,
içindäki hatly ýazgyny okap
ugradym. çakym dogry bolup
çykdy , ýakup bu haty
gündeliginden aýryp
ýetishmändir , ýada aýyrmagy
unudan bora çemeli. hatly
bukjada sheýle ýazgy bardy:
"salam maral! nämüçin sen her
gezek maña shol bir jogaby
berýäñ?! asla men hakda alada
etmeýän ýaly. düýnem hatyñda
ýene öñki jogabyñy ýazypsyñ
"wagt geler , nesibedir" diýipsiñ!
men seni hemme zatdan ileri
görýän , men seni söýýän maral ,
söýýän , söýýän , söýýän ýenede
söýýän! maña seniñ birje
jogabyñ gerek maral , meñ
garashyp kararym galmady!..."
hatyñ yzam sheýleräk mazmunda
gidýärdi , ýüzümiñ ugruna okap
dyndym. okuwçyma girre
gaharym geldi: "gör seniñ
"mekdepde göreldeli , okuwyna
ýetishikli" diýip ýören okuwçyñ
bolup ýörshüni?? ertir okuwa
gelsin bakaly , gyzlar bilen nähip
"söýüshmäñ" ugruny öwredeýin
men saña..." gaharyma sheýle
pikirlere gümra bolup otyrkam ,
öz mekdep , okuwçy döwrümiñ
ýatlamalary añymdan kino lentasy
ýaly bolup geçip ugrady...
çagalykdanam göwher bilen kän
oýnanymyzdanmy ,
öwrenishenimdenmi nämemi ,
men 10-njy klasa aýak basyp
ugramda ony hasam sulhum alyp
ugrady. bilmedim ýetginjekligiñ
ýelginem bardyrda. ol meñ
gapdal setirdäki partamyzda
oturýardy , menem onuñ garshy
gapdalynda oturýardym ,
aramyzdan ýörär ýaly aralyk
bardy. öýümiz hem , ýashaýan
ýerimizem goñshy bolup
oturýardyk. men ony sheýlebir
söýýärdim , heý goýaý. okuw üçin
her hili bahanalar tapyp
ýanyndan gaýtmazdym. onuñ
okuwa ýetishigi örän gowudy ,
ondan asgyn gelýärdim , menem
ondan galmajak bolup
okaýardym. ine ahyry bir günem
göwnümi bire baglap , oña
"söýgi hatymy" ýazdym.
ýashlykda... ýeri o wagt dilden
aýtmak kimiñ kellesine gelýär:-)
ýazdym iki listi dolduryp.
arakesme wagty hemme dashary
çykansoñ , onuñ gündeligini
açdymda sho hatly bukjany
gündeliginiñ gyraky burçuna
gysdyryp , ylgabam klasdan
çykdym. sapak bashlady , "indi
näme bolarka" diýip , zol
galpyldap göwher tarapa
seredýärdim. göwher ahyry
gündeligini açdy , hatly bukjany
shobada gördi. gatyny açyp okap
ugrady , menem bilmezlie salyp
kitaba güýmenen bolýardym ,
hemem oña ogrynça
seredýärdim. birdenem göwher
maña geñ galýan ýaly seretdi-de ,
ýene okuwy bilen boldy. ertesi
alan jogabypm shu ýeke sözlem
boldy: "ony wagt görkezer ,
nesibedir." soñ-soñlar söýgi
hatlammy göwhere günasha
diýen ýaly ýagdyryp ugradym ,
shol bir jogap: "garash." bolmasa
okuwda gürleshýärdigem ,
degishýärdigem , ýöne söýgi
hakda aramyzda gürrüñ
bolmazdy. sheýdip nädip okuwyñ
dynyp barýanynam
duýmandyryn. basym 10-klasam
aýaklap barýardy , emma ondan
entegem belli jogap ýokdy.
göwher maña ýokary okuwa
synanyshjagyny aýdýardy ,
mañada shony talap edýärdi.
känbir meniñ ýokary okuwa
bolan höwesimä ýokdy , ýöne
mende oña bolan gabanjañlyk
duýgusy bardy. göwher gidäýse ,
ol göwnüme ömürlik aýylyp
gidäýjek ýalydy. bilmedim oña
bolan söýgim asha
bolanyndanmy , menem
ekzamenlara yhlasly taýynlanyp
ugradym. bagtymyz çüwüp
ikimizem synagdan geçip , ýokary
okuw jaýyna talyp bolduk ,
okaýan ýerimizem bir kafedra.
soñam okuwy dynyp ikimizem
mugallymçylyk kärine eýe
bolduk , yzýanam bile durmush
gurduk... men birdenem ýashlyk
ýatlamalymdan aýñaldymda ,
ýene ýañky hatly bukja seretdim.
birdenem biri gapdalymdan
böwrüme dürten ýaly boldy: -
wah , pañkelle. hany sen
özüñden mysal al , özüñemä
shular ýaly döwri bashdan
geçirmedinmi , seni shu dereja
yetirenem oz soygin dalmidi?
bular name adam dalmi , ozuni
sence gorenokmy. ikisem
mekdepde goreldeli okuwcylan ,
yada kilcik dal , aynak dal. name
sen okuwcykan soyende
bolyarda , bulara bolanokmy?
geler ertir okuwa , name diyenin ,
aydanyn bilen olan soygusini
saklap bilerin oydyarmin , menka
aytmak... men name etjegimi
bilman , iki egnimi gysdym
onaydym. yanky hatly bukjany
yenede onkusi yaly eplapjik
gundeligine gysdyrdymda ,
gapdaldaky gundeliklen ustune
oklap goyberdim.
-
magnit
13 years ago
- sagbol ependi gowja yazypsyn! +
Wi ýegen :D
-
Merw92
13 years ago
- Gaty gowy hekaya eken.. Sag boluñ yetirenniz ucin....))))
-
ALADIN
13 years ago
- sag bol dost paýla$anyñ üçin.
-
Yegen
13 years ago
- Shu köne operamdan halys basyldymay:-( temañ ady ashakda ýazylypdyr, bellige tema goýlupdyr, temada bellige ýazlypdyr?! Bolmasa dogram ýazdymla hemmesini, operamy "mobilny wide" geçiremsoñ bulashdyrdy baryny:-(
okanyñyza minnetdar!
meniñ sizden soragym barda:
egerde siziñ özüñiz mugallym bolup sheýle ýagdaýa dush gelseñiz, siz näme ederdiñiz?! Men ýokarky hekaýany kelläme gelshiçe ýazaýdym! Mümkin mugallym ýalñyshan bolmagam ahmal...
-
Jemka91
13 years ago
- Beyle yagdayda men pikirmce okuwcyn yagny oglanyn häsýetine seretmeli. Egerde söz aytyan edepli, terbiyeli bolsa onda hekayadaky mugalym dogry edipdir bu men pikrim=)
-
Fatality
13 years ago
- menem sheyderdim. hat yazyba gormedim, yone aydyp gordum. ilki aydanymda gyzdan beter ozum utanypdym:D
-
malik
13 years ago
- menem hat yazanm yadymda. yöne babekdimlay o wagtlar. 3nji klasmydy namemi :D klasymyzda 2 eziz 2 nigar atly gyz bardy. bizem şolary gowy goryadik. :D ay son 2 nigar 2 eziz diyip bir zatlar yazandyrynda onam dostum nigaryn birinin sumkasyna atayypdyr. uly goh edip mugallyma gorkezmemzi :D sizler entak yaş okuwynyz bilen bolun diydi. gursakda galypdy duygular. o şerraylaram gülüp bizar edipdiler bizi =)
-
magnit
13 years ago
- lebapdanmy do?
Hata bizem yazyadyklay yöne bashka birinin adyndan )))
ependi 13 years ago- bah