Salam gadyrly dostlar,máhriban agzalar bu haty ýazmagymyň dúýp sebábi ene dilimizi ýoýulmakdan goramak. Bilšimiz ýaly házirki dówúrde ýašlaryň kópúsi ( šol sanda menem ) rus,iňlis,nemis,fransuz sózlerini dilimize garyp geplemáni endik edinipdiris. Elbetde o dilleri bilmek bičak gowy zat, ýóne agač sallančakda akja bábejikkáň eneň seni haýsy dilde húwdilán bolsa, o dili bilmek ondan onmúň esse gowy zatdyr. Geliň dilimiziň goragna čykalyň,egerde ertirki gún, bizden ónjek nesillerede bu garam-garjam dili ówretsek,onda ýuwaš-ýuwašdan dilimizi áhli ýitip barýan zatlaň kitaby bolan Gyzyl kitaba salaýmaly bolar.Šáher ýerindJte dúkanlaryň óňúndáki ýazgylaryň kópusi dašary ýurduň sózleri. Náme účin ózúmiziňki dál.Haýsydyr bir iňlisi alsaň,haysydyr bir rusy alsaň seň diliňde gúrlejegem bolmaz, a sen weli olaň dilinde gurlemek účin ólúp óčúp barýarsyň. Nám účin biz olaryň dilinde gúrlemelide ,olar biziň dilde gúrlemeli dál. Geliň iň bolmanda óz aramyzda bir arassa ene dilimizde gúrlešeliň. Bir zamanlar biziň dillerimizem bútin aziýa halklarynyň dilinden dúšmándir, hatda afrika,bilen ýewropa baryp ýetipdir. H.Kalump amerikany ačanda, šo taýdaky indeý aýallarynyň bašynda túrkmen nagyšlary bilen bezelen bašgap bar eken. Músiriň ša zenany Kilopatyraň geýýán bašgabyna meňdeš bašgaby háli - házire čenli túrkmen zenanlary geýýárdi. Diýmek taryhda biziň medenýetimizem,dilimizem šo ýerlerik baryp ýetipdir. Meselem túrki dilleri ósdúrmekde túrkleriň roly házir juda uly. Olar angilyada, amerikada,germanyada dúkanlar,kafelar ačyarlar ýokarsyna bolsa - Geliň kofe ičiň diýip, ýazýarlar iňlisče dal túrkce ýazýalar. Baran ýurtlarynda da diňe óz dilinde gúrlešýáler. Bizem šeyle etmeli, ylym adamlary bilen birlikde biz ýašlaram dilimize hossar čykmaly. Kerim agaň setirleri. Dówrúmiz útgedip gurulýan dówúr, Górk gošmaly ýurdumuzuň górkúne, Erk gošmaly adamlaryň erkine. Buýsanč,ynam paýlamaly her kime. Ýóne eneň dilin bilmeýán bolsaň- Kim ynanar gepiňe!
ENEMIZIŇ, EZIZ DILI.
-
mejnun_i
12 years ago
- Gurlusyk,energetika we menin bilmeyan beyleki pudaklarymyzda standartlaryn,dokumentasiyanyn ahlisi "rus" dilinde,yenedam bilisima gora hukuk esaslarynyn kopusi "rus" dilinde bolmaly
Biz yas neslin wezipesi "rus" dilinem suwara bilmekdir weli oz dowletin sahsy dokumentatsiyasy basga dilde bolmagy,basga dile "bagly bolmak" gaty gynandyryjy zat.
"Turkmen dili" diyen gurama barmy biljek dal yone solara seyle jogapkarcilikli isin dusyanini bellasim gelyar.
-
kabmin
12 years ago
dokumentasiyanyn ahlisi "rus" dilinde,yenedam bilisima gora hukuk esaslarynyn kopusi "rus" dilinde bolmaly
Dost goshulyan welin, türkmen dilinde ýok sözlerem bar olary name etjek? Kagyz ýüzünde üýtgedäýeñde-de Adamlan añyna guýulan sözleri pozup taze sözleri ornashdyryp bolmaz
-
nupokadi
12 years ago
- senem dogry aýtýañ dos ýöne her kimem dil øwrenjek bolup $eýtýä häzir mysal alyp göräý tùrkmenistanda 4/5 dil bil bilýän adamlar nähili sylanýa
-
mejnun_i
12 years ago
Dost goshulyan welin, türkmen dilinde ýok sözlerem bar olary name etjek? Kagyz ýüzünde üýtgedäýeñde-de Adamlan añyna guýulan sözleri pozup taze sözleri ornashdyryp bolmaz
kabmin | 2011-12-14 00:16:01
kabmin dost,
dogry, yol uzak o gunlere cenli entek nace tamdyr corek iymeli belli dal.Menin pikirimce Bir yerden baslansa,belki baslananamdyr(gayrat edyanlerin hakyny iymayin) gowy bolardymyka diyyan.Dogry kabir rus dilindaki terminlerin turkmence garsylygy yok,solary ilki duzeldip "ozumuzcelesdirmeli" Munyn ucinem Turkmen dili,dil-edebiyat,leksiyologiya boyunca ylymy is alyp baryan alym,kandidatlarymyza uly is dusyar.Goy kabir sozler uytgemesin yone umumylykda sonyn "rus" dilinde dalde turkmen dilinde ozlesdirmek kyn dusmezmyka diyyan.
senem dogry aýtýañ dos ýöne her kimem dil øwrenjek bolup $eýtýä häzir mysal alyp göräý tùrkmenistanda 4/5 dil bil bilýän adamlar nähili sylanýa
nupokadi | 2011-12-14 01:57:35
Nupogadi dost!
Dogry bir dil bilmek bir adam 5 dil bilen 5 adama barabardyr.Mesele dil owrenmek dalde diline "hossar" cykmak barada gidyar.
Haysy yewropaly ozune gownu yetyan dowletini tutsanam oz ene diline gowy eye cykandyr,muna fransiyany,germaniyany mysal berip bilerin.Olar name inlis dilini bilmeyandir oytyanizmi yo bilya yone oz dillerini has gowy goryarler sonyn ucinem eye cykyarlar..
-
turkmenntug
12 years ago
- dogry aýdýaň mejnun. dil hakda gürrüň gitse aýdylýan zat,"köp dil bilmek gowy"
-dogry,köp dil bilmek gowy zat weli,öz ene diliňe,mejnunyň aýdyşy ýaly,eýe çykmagam gerek...
-
vento
12 years ago
- Arada bir tanšymyň öýine bardym,öňirák oguljugy bolupdy,šoňa ýašy uzyn bolsun diýmáge. Barsam čaganyň baš ujunda duran telefonda amerkanlaryň akon diýen bagšysynyň aýdymy gidip dur,pošalajyk čagajyk bolsa myssyldapjyk ýatyr. Gaty haýran galyp ejesinden soradym,bu ná boluš čagany šeýdip ýatyrýaňyzmy?
-howwa šeýdip ýatyrýan,bu aýdymylary hüwdá derek diňledip čagany öwrenšdirdim. Índi bolsa oglum šu bagšyň uwwuldusuna meýmirápjik ýatýar. Söziňi zaýalap öziň hüwdi aýtmagňa zerurluk ýok. Birem išden goýonokda.
-Howwa šu čaga indi öz ene diline náhili söýgi bilen garasyn! Oň ejesi ne rusča ne tůrkmenče garam garjam dilde gúrleýár ahyr. Ol sallančakda enániň širin lawzly hůwdisine derek,haýsydyr bir amerkanyň iči düšen aýdymyny diňleýár ahyryn. We bu ýagdaý ýyl ýyldan beterlešýár. Aslynda saýtyň agzalarynyň kásinde de bu ýagdaýy górmek bolýar. Íčimizde rusča,türkče,iňlisče tema ačýanlarmyz,teswir ýazýanlarmyz ýetigá. Elwetde o gadagn dál,ýöne öz diliňi bilmán šeýtmeklik,bu eýýám utanč.
-
Yzganttm
12 years ago
- Dogry aýtýañ vento aga!!!
-
eminemshock
12 years ago
- Ene huwdisine tay geljek zada yokdyr rowaytda okadym hscanda ahyrzaman gelende huwdi aydyp oturan adam bn degirmen uwap oturan adama hic zat bolmazmys. Tirkmen halky gadymy halklan biri bu barada Stanislawski sey diyipdir:turkmenler yer yuzunde yasayan gara tegmildir diyipdir su setiri okamda mana gaty yokus degipdi name ucin bey diydika diyip asyl manysyny yzarlasan duybunden basga eken asyl turkmenler tutus yer yuzunde bar diyen eken dine adamlary dal olaryn dureden senetleri sungatlar tutus yer yuzunde bar sin un oz turmenciligimizi yitirmalin turkmen dili in agyr dil bu dilde dasary yurtlay gurlabem bilmez son ucin olan bize gozi gidya
-
turkmenntug
12 years ago
- bir waglar şu setirleri ýazamda meni ýazgarypdylar :
geň görmen
gulagňa hüwdi aýdany unutsaňam
hüwdi aýdylan dili
unudan bolsaň...
bu tema şony ýatlatdy...
turkmentalyp 12 years ago- gaty uzun yazyanay dost. gysgarak konkretnyy yazsan gowy yaly.
dili goramak bu esasy dowletin ishi diyip dushunyan. yagny talaplar artyberse her kimem gurlemeli bolyar.