orta aziyanyn gadymy halklary şol sanda biziň ata-babalarymyz adamzat ösüşine uly goşantlar goşupdyrlar. olary yeke-yeke sanap çykmak kyn. gadymy döwurde müňýyllyklaryn dowamynda orta aziyanyn halklary zaratuştraçylyk dinine uyup yaşapdyrlar. bu dini pygamber zaratuştra yayradypdyr. zaratuştraçylyk dini ilki bilen aleksandr makedonskiy tarapyndan soňra horezme we ürgenje weyrançylykly zarba uran arap serkerdesi kuteýba tarapyndan (712-nji ýyl) uly zyýan çekipdir we yitip gitmäge golaylapdyr.şu temada men pygamber zaratuştra barada bilyänlerimi ýazmakçy zaratuştra takmynan muhammet pyhamberimizden müň ýyl çemesi ozal yagny b.e.ozalky 569-njy ýylda dogulyar. ol spitamanyň neberesinden bolan poruşaspanyň ogludyr.zaratuştranyň dünyä inmegi bilen yagşylygyň we yamanlygyň arasynda bölüniş eyyamy başlanypdyr.zaratuştra otuz yaşynda oňa täze din ayan bolupdyr. we hudayyň pyhamberi hasap edilipdir.ol öz taypasynyň arasynda täze dini wagyz edip başlapdyr. emma taypadaşlary oňa gulak asman ony öz aralaryndan kowup çykarypdyrlar.bu babatda onuň ykbaly muhammet pyhamberimizinkä menzeşräk bolupdyr.zaratuştra 12 ýyl sergezdançylykda gezipdir.emma ynamyndan dänmändir hudaya wepaly bolupdyr. 42 yaşynda ol kawy-wiştaspanyň yurduna gelipdir we onuň patyşasynyň öz täze dinine uymagyny gazanypdyr. patyşa wiştaspanyň yzy bilen bu dini onuň ayaly hutaosa hem kabul edipdir.patyşa permany bilen diniň mukaddes yazgylary 12 000 (on iki müň) sany öküziň derisine altyn suw çaýylan syya bilen yazylypdyr.ol kitap awesta bolup ony köşgüň hazynasynda saklapdyrlar. ine keramatly hem mukaddes awesta kitaby şeylelik bilen dünyä inipdir. zaratuştra üç gezek öylenipdir.üç ogly we üç gyzy bolupdyr. zaratuştra 77 yaşynda namaz okap duran wagty başga dine uyyan adam tarapyndan öldürilipdir mukaddes awesta 21 kitapdan ybarat bolupdyr.bu kitaplaryn käbiri ya-da kopusi bize gelip yetmändir. bu kitaplaryn häzirki döwürde taryhy ähmiyeti juda uludyr. mukaddes awesta orta aziya halklarynyň şol sanda turkmen halkymyzyn hem örän gymmatly mirasydyr

Köneler, URGENCLI tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir