1931-nji ýylyñ 7-nji maýynda köp şowhunlaryñ şaýady bolan garry şäher - Nýu-Ýork şindize çenli görmedik, polisiýa tarapyndan gurlan gabawyñ örän pajygaly tamamlanyşyny gördi. Birnäçe hepdäniñ dowamynda yzarlap, ahyrsoñy Krouli "Iki Pistoletliniñ" Uest-End- awende söýgülisiniñ jaýyndadygyny bilip, daşyny gabanlaryndan soñ, ol çykgynsyz ýagdaýda galdy. Ýüz elli polisiýa işgärleridir añtaýjylary onuñ ýokarky etaždaky gaçybatalgasynyñ daşyny gurşap aldylar. Olar "polisiýa gyrgynçysynyñ" gizlenen jaýynyñ üçegini deşip, içerik gözýaşardyjy gaz goýbermekçi boldular. Soñra olar goñşy jaýlarda pulemýotlary gurdular. Bir sagatdanam gowrak wagtlap Nýu-Ýorkuñ iñ owadan kwartallarynyñ birinde pistoletiñ towhuldysydyr pulemýotyñ tatyrdysy ýatmady. Mähnet kreslonyñ añyrsynda gizlenen Krouli yzyny üzmän poliseýleri oka tutýardy. On müñ tomaşaçy bolsa bu söweşe howsala bilen syn edýärdi. Henize çenli Nýu-Ýorkuñ köçelerinde beýle hadysa bolmandy. Kroulini tutanlarynda, polisiýanyñ naçalnigi Malruni: "Bu kellekeser Nýu-Ýorkuñ taryhynda bolan iñ howply jenaýatkärleriñ biridir. Ol sebäpsiz ýere adam öldürmäni hiç zatça görenok" diýdi. Krouli "Iki Pistoletiniñ" özi-özüne nähili baha berýärkä? Biz ony bilýäris, sebäbi polisiýa onuñ gizlenen ýerini oka tutup durka, ol degişli adamlarynyñ birine hat ýazan eken. Hat ýazyp otyrka onuñ ýaralaryndan akan gan kagyzyñ ýüzünde gyrmyzy tegmiller galdyryp gidipdir. Krouliniñ hatynda şeýle jümleler bar: "Meniñ gursagymda heniz hiç kime ýamanlyk etmedik, ýadaw, ýöne mähirli ýürek urýar". Mundan birnäçe gün ozal, Long-Aýlende barýan ýoluñ gyrasynda Krouly söýgülisi bilen maşynyñ içinde gujaklaşyp oturan eken. Birden maşynyñ ýanynda polisiýa peýda bolupdyr-da: "Sürüjilik hukuknamañyzy görkeziñ" diýipdir. Krouli sesini-üýnüni çykarman, pistoletini alaga- da, polisiýa garşy ok ýagdyrypdyr. Jany çykyp barýan poliseý ýykylandan soñ, Krouly maşyndan çykypdyr-da ýañkynyñ sapançasyny gabyndan alyp, ýazylyp ýatan göwräni öz ýaragy bilenem bir gezek atypdyr. Ynha, şu - "Meniñ gursagymda heniz hiç kime ýamanlyk etmedik, ýadaw, ýöne mähirli ýürek urýar" diýip ýazan ganhoruñ edýän işi-dä! Kroulä elektrik oturgyjyñ üstünde jeza bermek höküm edildi. Haçanda ony Sing-Sing türmesindäki ölüm jezasy berlenleriñ bölümine getirenlerinde: "Maña adam öldürenim üçin jeza berlendir öýdýäñizmi? Ýok, maña özümi goranym üçin jeza berdiler" diýipdir. Bu ýerde esasy aýtmakçy bolýan zadym, Krouli "Iki Pistoletiniñ" şu ýagdaýda- da özüni günäkärlemeýänligidir. Eger şu nukdaý nazar jenaýatçylar üçin tötänlikdir öýdýän bolsañyz, yzyna gulak asyñ.
Eger bal iýesiñ gelýän bolsa, arynyñ öýüni ýykma
-
Kezzap
13 years ago
- Ol şuña ynanýaram eken.
Men şu meseleler boýunça
Sing-Sing türmesiniñ
naçalnigi Loues bilen örän
gyzykly hatlar alyşdym. Ol:
"Türmedäki jenaýatkärleriñ
diñe käbirleri özlerini erbet
adam hasaplaýarlar" diýip
ýazardy. "Öz
nukdaýnazarlary boýunça,
olaram siz hem men ýaly
adammyşyn. Şonuñ üçinem
olar etmişlerini
delillendirmäge,
düşündirmäge, nämedir bir
tutaryk bilen aklamaga
çalyşýarlar. Olaryñ size,
näme üçin seýfi ýarmaly
bolandyklary, ýa-da ok
atmaga mejbury halda
ýapyşandyklary hakda
gürrüñ bermeklerem
mümkin. Beýle adamlaryñ
köpüsi ýalñyş pikir
ýöretmeleriñ, logikanyñ
üsti bilen, jemgyýete garşy
eden nädogry hereketlerini
öz-özleriniñ öñünde aklajak
bolýarlar, şunuñ esasynda-
da "bizi nähak türmä
basdylar" diýen netijä
gelýärler hem ony ile subut
etmek üçin yzygiderli
çalyşýarlar".
-
Kezzap
13 years ago
- Eger Al Kapone, Krouli "Iki
Pistoletli", "Gollandiýaly"
Şuls we türmedäki beýleki
kellekeserler özlerini
günäkär saýmaýan bolsalar,
onda biziñ günde-günaşa
gabat gelişýän
adamlarymyz barada heý,
ýaramaz gürrüñ aýdyp
bolarmy?!
Merhum Jon Uenemeýker
bir gezek şeýle diýdi:
"Iñreligiñ
samsyklykdygyna, otuz ýyl
mundan öñ düşündim.
Düzedere kemçilik meniñ
özümde-de näçe diýseñ
bar. Onsoñ men näme üçin
Hudaýyñ akyly adamlara
deñ paýlamandygyna
janymy ýakyp, görene
iñirdäp ýörmelimişim?!"
Uenemeýker muña örän ir
düşünipdir. Men pahyr
welin, adamlaryñ edýän
işleri nähak hem bolsa,
ýüzden togsan dokuz
gezeginde olaryñ özlerini
ýazgarmaýandygyny
bilmek üçin, tas üçden bir
asyrlap ýörejek ýolumy kör
ýaly barlap sökmeli
boldum.
-
prezident
13 years ago
- dost,bu deil karneginiň eserimi,men ol adamyň :"как приобретать друзей и оказывать влияние на людей"-diýen kitabyny aldym ýöne entek okap başlamadym,bu eserlerini gaty köp adam maslahat berýär, esasanam ýaşlara.bu eseri okan adamyň düşünjesi beýleki adamlararyňkydan 1 basgançak ýokarda bolýar diýäler.onuň aýdan sözi:" в мире нет плохих людей, а есть лишь неприятные обстоятельства"
kezzap! onuň eserleri turkmen diline geçirildimi?
-
andrey
13 years ago
- hawa bu deyl karnegi ,abs-ly ,, dosty nahili gazanmaly we adamlara nahili tasirini yetirmeli ,,diyen kitapdan, hawa onyn esseri 1991 yyltda ors hatda yone turkmence bar gozlap gor gaty kop bol ,yashyl dashly,yolda kocede hatda bazardada satyalar,kop gowy zatlar yazyylgy ,meshhur shahslan ,nadip meshhurlyga yetishi we s,m zatlar bar,hersinin oz adamlara tasir edish ayratynlyklary bar
-
kabmin
13 years ago
- бах хер хили адам барай!
-
pida
13 years ago
- adam ajyny datman, balyn tagamyny bilmeyar.
-
turkmenntug
13 years ago
- sag bol kezzap dost.bize ýetireniñe!
1992 nji ýylda TÜRKMEN diline terjime edildi bu kitap.
(Terjime edenler.Ahmet Gurbannepesov bilen Gurbanmyrat Hojamyradov. (1992 ý. Ruh döredijilik- önümcilik birle$igi).)
-
Jemka91
13 years ago
- Ganhorlyk edip özini aklaýan adam (ruhy taýdan) näsag {piskopat} adamdyrda meñ pikrmce
-
AHAL
13 years ago
- ay bilmedimda, erbet adam yok-erbet hadysalar bar diyilshi yaly. belki bulan jenayata bashlamaklaryna belli sebapler badyr, kim bilyada. edil yone biguna adamy oldirmek gaty erbet zatlay.
Kezzap 13 years ago- "Men ömrümiñ iñ röwşen
ýyllaryny adamlara hezil
güýmenje tapyp bermek
we olaryñ wagtlaryny
şadyýan geçirmegi üçin
sarp etdim. Şonuñ üçin
näme serpaý edendirler
öýdýärsiñiz? Birsyhly
äsgermezlikdir ömür
yzarlanyp ýörmekden
başga gören zadym
bolmady".
Bu-da Al Kaponanyñ
aýdany. Hawa, bu sözler öz
döwründe jemgyýetiñ 1-nji
nomerli duşmanynyñ,
Çikagonyñ ilatynyñ gözüniñ
oduny alyp ýören
galtamanlaryñ iñ howply
ýolbaşçysynyñ sözi. Al
Kapone hem özüni günäkär
saýmandyr. Hakykatda ol
özüni jemgyýetiñ haýyr-
sahawatçysy - dogry baha
berilmedik, düşünilmedik
haýyr sahawatçysy
hasaplapdyr.
Nýu-Ýorkly galtamanlaryñ
okundan ölmänkä
"Gollandiýaly" Şuls hem özi
barada şeýle pikir eder
eken. Nýu-Ýorkuñ bellentgi
haramzadalarynyñ biri
bolan "Gollandiýaly" Şuls
gazete interwýu berende
özüni jemgyýete haýyr-
sahawat edýän kişi
hökmünde görkezipdir.