Gabanyp sen meni saklap bilmersiñ, Diñe söýgiñ bilen bilersiñ saklap, Özgelere orun ýokdur ýürekde, Ölsem armanym ýok seni gujaklap. Ara da$ bolsada ýürekler ýakyn, Seniñ ýokluguñda örtendim, köýdim, Aglaplar garda$ym, ynanyp saña, Sebäbi men seni ýürekden söýdüm. Öýkelegim, garagözim, ezizim, Kinäñ bilen ýüregimi ezmegin, Seni ýitirmekden gorkýaryn gaty, Dü$injek bol, ýüziñ sowup gezmegin. Neneñ dözýäñ ýagdaýyma-halyma, Gam-gussadan saralmaýyn, solmaýyn Hic zatsyz bolsamda-da ýeriñ ýüzinde, Ýöne, sensiz weli ýalñyz bolmaýyn!!!
Söýgi hakda bir go$gy.
-
guest
13 years ago
- Bet ýazylypdyra!
-
Aristokrat
13 years ago
- Sagja boluñ! Mümkin bir bendä kömegi deger
-
prekrasnaya
13 years ago
- gowja goshgy hasam sms yazmak ucin kömegi deger
-
Tilkijik
13 years ago
- Gowy goshgy diymek barden gaydya oran ajayyp goshgy shu goshgyny bir gyza okap bersen yurejigine chumup gider "sozum yok"
-
tihiy
13 years ago
- bet goshky dostjan. sagja bola. howri kop bolsun yeneki shular yaly betje goshkulara garashyas.
-
ahalyigidi
13 years ago
- her bir danan mun bolsun
-
makgush
13 years ago
- Ine goşgy diýip şuña diýsene!
Sagbol.
-
Younglord
13 years ago
- Yeke tagim, gara gozlim, nazeninim, ceker sozlim, ayna yuzlim, buyra saclym.......
-
Younglord
13 years ago
- Cekerin yerine $eker goyup okamaly
-
jeyn91
13 years ago
- gowja goshgy eken
ALADIN 13 years ago- :) GOWJA EKEN SAG BOL