Bazardyr-dükanlara aýlananyňyzda, özüňize şu sowaly ençeme gezek beren bolmagyňyz mümkin. Kompýutermi ýa-da noutbuk? Haýsysy amatly? Belki, şu makalanyň üsti bilen bu soraga jo­gap taparsyňyz. 1. Işleýiş tizligi Tehnikanyň soňky 3-4 ýylda bu ugurda has-da ösmegi arkaly noutbuk hem-de adaty kompýuterleriň işleýiş tizlikleri­niň arasynda kän bir tapawut galmady. Sebäbi, kompýuterleriň iki görnüşinde hem şolbir prosessorlar ulanylýar. Bel­läp geçmeli ýeke tapawut bar. Ol hem noutbuk elektrik toguna dakylmadyk bolsa, batareýanyň zarýadyny azrak harçlamak üçin awtomatiki ýagdaýda haýalrak işleýiş moduna geçýär. 2. Simsiz network (Wi-Fi) Soňky noutbuklaryň hemmesi simsiz network mümkinçiligine eýe bolýar. Ýagny, öýüňizde simsiz network oturdy­lan bolsa, bir topar gerekmejek simleri ulanmazdan, oýüňiziň islendik ýerinden internete girip bilersiňiz. Adaty kompýuterler bolsa, köplenç sim­siz network tehnologiýasyna eýe bolmaýarlar. Ýöne adaty kompýuteriňizi hem simsiz networka birikdirmek isle­ýän bolsaňyz, “USB” kysymly ýörite net­work enjamlaryny satyn almak arkaly bu meseläni aňsatlyk bilen çözmek bol­ýar. 3. Wagtlaýyn ýat (RAM) Noutbuklardaky wagtlaýyn ýatlaryň bahalary adaty kompýuterleriňkä görä gymmadrakdyr. Ýagny, noutbuk saýla­nanda, köpräk wagtlaýyn ýatlysyny al­ jak bolmaly (4-6 GB-liklerini). Sebäbi hä­zirki programmadyr oýunlary işletmek üçin uly wagtlaýyn ýat gerek bolup bil­ýär. Bu ýagdaý adaty kompýuterler üçin hem şeýleräk. Ýöne adaty kompýuteriň ýady ýetmeýän bolsa, täzesini alyp, öň­ki ýadyň ýanyna goşmak aňsat hem-de arzan bolýar. Emma, noutbukyňyzyň ýa­dy ýetmeýän bolsa, ilki bilen şol marka wagtlaýyn ýadyň tapdyrjagy gümana, tapylandan soňra bolsa onuň bahasy alada bolýar. 4. Wideo karta Noutbuklar kiçi göwrümli bolandygy se­bäpli olaryň köpüsinde integrirlenen, ýagny, kärhana tarapyndan oturdylan hem-de üýtgedip bolmaýan, goşmaça grafika ýadyny goşup bolmaýan we çäklendirilen ýatly wideo kartalar bolýar. Bu nämäni aňladýar? Noutbuklar köplenç güýçli grafikaly programmalary hem-de üç ölçegli oýunlary işletmäge ukyply bolmaýarlar. Adaty kompýuterlerde bolsa köplenç grafika meselesi ýüze çykmaýar. Eger mesele ýüze çykaýsa, programmalaryň 99 göterimini işletmäge ukyply wideo kartany 40-50 dollara satyn almak bol­ýar. 5. Ykjamlyk Noutbuklaryň iň amatly taraplarynyň bi­ri hem ýanyň bilen göterilip bilinmegi­dir. Olar kiçi göwrümli hem-de ýeňil ag­ramly bolýarlar. Üstesine-de, noutbukla­ryň batareýalarynyň zarýady 2-5 sagat işlemek üçin doly ýeterlikli bolýar. 6. Ekran Noutbuklaryň ekrany hemişelikdir. Ola­ry ulaldyp ýa-da kiçeldip bolmaýar. Ada­ty kompýuterleriň ekranyny bolsa öz islemegimize görä saýlap bilýäris. Şeýlelikde, “Adaty kompýuter amatly­my ýa-da noutbuk?” diýen soraga anyk jogap berip bolmaýar. Sebäbi, olaryň her biriniň öz güýçli hem-de ejiz tarapla­ry bar. Islendik ýerde ulanjak hem-de hemişe ýanyňyz bilen göterjek bolsa­ňyz, onda size noutbuk amatly. Eger-de, siz üç ölçegli grafikalar, üç ölçegli oýunlar, güýçli programmalar bilen işlejek bolsaňyz, onda adaty kompýuter edin­mek amatly. Umuman, adaty kompýuteriň we notbu­gyň gowy taraplaryny we kemçiliklerini deňeşdirip görüň. Özüňize amatlysyny saýlaň. Ata MAHMUDOW, HTTU-nyň talyby.

Köneler, magnit tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir