maśgala bagty üçin altyn kanunlar. är-aýal söýgilerini her sebäp bilen hemişe bir-birlerine bildirmelidirler. uly ýa-da kiçi säwliklerinde gynandyryjy ya-da göwne degiji tankytlardan ähmiýetlik bilen uzak durmalydyrlar.  tejribeleri netijesinde alymlaryň we psihologlaryň maşgalalaryň batgly durmuşa eýe bolmagy üçin belläp geçen käbir çärelerine göz gezdireliň: 1- gysga aýralyklar maşgala bagyny güýçlendirip biler. uzyn aýralyklar bolsa, maşgala üçin ýykylyşa sebäp bolup biler, şol sebäpli, uzyn wagtlygyna aýralyklardan uzak durmak has amatly; 2- şadyÿan durmuş üçin her iki tarap bir-birlerini ruhy we pikir taýdan örän oňat bilmeli, duýgy, ynanç, ahlak we häsiýetleri taýdan çuňňur tanamalydyr. diňe şeýle ýagdaýda maşgalany bozup biljek säwliklerden goranyp bileris; 3-hiçbir özara düşünişmezligiň uzyn dowam etmegine rugsat bermeli däl . iň gysga wagtda hoşamaýlyk bilen meseläni çözmeli we taraplar ylalaşmalydyr; 4- öñki sözlüsi ýa-da ýanýoldaşy-bulardan haýsydyr biri bolsun, tapawudy ýok, olar bilen bolan tejribedir wakalardan hiç-hili söz etmeli däl; 5- aşa idealist (özdiýenli, hakykatçyl, gözi beýiklerde we ş.m.) bolmaly däl, adaty ýaşamaly we ýoldaşyňdan mugjyzalara (adatdan daşary başarnyk we ýagdaýlar) garaşmaly däl; 6-är-aÿal söýgilerini her sebäp bilen hemişe bir-birlerine bildirmelidirler; 7-  gynanja boýun egmezlige gaýrat etmeli, durmuşa hemişe umyt bilen seredip, güler yüzli boluň; 8- uly ýa-da kiçi säwliklerinde gynandyryjy ya-da göwne degiji tankytlardan ähmiýetlik bilen uzak durmalydyrlar; 9- özara başlan gohdur galmagaly ilki bada çykanja ýerinde we sebäbinde saklamaga çalyşmaly, şol mowzuga öňden galan başga-da meseleleri goşup, ýagdaýy has hem giňişletmäň! düşünişmezligi öz elinizde(kontrol) tutuň, çyzykdan çykmagyna rugsat bermäň; 10- ÿersiz we çeşme taýdan takyk bolmadyk gysgançlyk, gaýgy we şübheleriň ýykyjy täsirleri bardyr, zannyňa(çak) we aýdylanlara(gyýbat) görä hereket etmäň; 11- ýanýoldaşyňa hem özüňe, hem-de özüne guwanmagyny ünde. oňa guwanýanlygyny görkez; 12- bagtly bolmak üçin, oňat biri bilen durmuş gurmagyň ýeterlik däldir, özüňiziň hem mynasyp ýanýoldaş bolmagyňyz gereklidir; 13- tämizlik imanyň ýarysy we mydamalyk söýginiň iň gerekli şetlerinden biridir; 14- durmuşdaky ýoldaşyň bilen bagtly bir durmuş yaşamak üçin, özüňden bir parça halyna gelen käbir endikleriňizden yüz öwürmeli bolup bilersiňiz; 15- öz göwnüň üçin isleýan oňat zatlaryňy ýoldaşyň üçin hem isle, özüň üçin edýän aladalaryňy onuň üçin hem et; 16- almagy bilşiň ýaly, bermegi hem bil. hemişe öz bereniňden köp mukdarda ýa-da hiç-hili bermän almaga synanyşmaň, özdiýenli(egoist) bolmaň; 17- her erkek öz aýalynyň hemme ýagdaýlarda öz elinden geleniniň iň oňadyny eden, gyzgyn söýgüsi we hoşamaýlygy bilen özüni razy eden ideal(iň oňat) ýanýoldaş bolmagyny islär; her bir zenan maşgala-da öz äriniň doly ýýagdaýda ynamdar we güýçli häsiýetlere eýe, her-hili mätäçliklerine razy etjek ýagdaýda çäreler tapan biri bolmagyny islär. her iki tarap hem bu iň oňat ýagdaýa görä hereket etmek üçin gaýrat görkezmelidirler; 19- diňe bugüniňizi ýaşaň, geçen günlerde bolan gynançly wakalary we entäk gelmedik geljekki gaýgylary bugüne getirmäň! mümkinçilikleriň serhedini geçmän ýaşajak boluň; 20- nika kanunynyň örän mukaddes bir bag we allaha berlen bir sözdügini bil! bu babatda geljekde puşman etjek bir ädimi ätmäkaňiz müň gezek pikir ediň!  21- maşgala ýagdaýy üçin yşk we söýgi möhüm bomak bilen birlikde, maşgalanyň diňe bu ýagdaý bilen aýakda galjagyny pikir etmäň! ryzyk, terbiýe, ynanç, ynam, her-hili goldaw we ş.m. başga-da birnäçe ýagdaýlaryň hem wajyplygyny ýatdan çykarmaň; 22- ýanýoldaşyňyza hemişe görelde boljak häsiýetleri görkeziň, oňat adamkärçiligiňizi diňe bir diliň bilen däl, eýsem-de bolsa, özüňizi alyp barşyňyz bilen hem görkeziň; 23- biderek ýere goňşydyr garyndaşlaryňyzyň araňyza girmeklerine pursat we rugsat bermäň, mümkin boldugysaýyn, maşgala içindäki hoş bolmadyk ýagdaýlary öz araňyzda çözüň; 24- ýanýoldaşynyzda säwlik hökmünde görýän käbir zatlaryňyzy derrew düzetmäge synanyşmaň, üýtgemegi üçin belli bir wagta mätäç bolunýan häsiýetler bolup biler. kiçijek säwlikleri bolsa ulaltmaň; 25- maşgala jogapkärçiliklerini we yüküni göwün hoşlugy bilen kabul ediň we doly ynanç bilen öz üstüňize alyň; 26- özara düşünişmezlik we goh-galmagaldan mümkin boldugyça uzak duruň; 27- geljekde örän şat ýatlamalara we öz araňyzdaky bagyň has güýçlenmegine sebäp boljagy üçin, ýanýoldaşynyz bilen bile işler etmäge wagt aýryň; 28- ýanýoldaşynyza özüni iň oňat ýagdaýýda beýan etme we dürli oňat ukyplaryny ösdürme pursadyny beriň! hiç bir wagt oňa ýaňsylaýjy sözler aýtmaň;  zenan maşgalalara degişli ýagdaýlar: gurhanda:”ýatladyň! ýatlatmak mömine peýda berer!” (zariýat, 51/55) diýilýär.  29- maddy ýagdaý boýunça hormat goýulmaly we bu asla unudylmaly däl, sebäbi düşünişmezlikleriň esasy sebäplerinden biri hem şu ýagdaý; 30- mümkin bolsa daşky kynçylyklardyr gaýgyňyza ýanýoldaşynyzy goşmaň, özüňiz çäre tapmaga çalyşyň, yöne begençleriňizi onuň bilen paýlaşmagy hijem ýatdan çykarmaň; 31- maslahatlaşmak maşgala durmuşynda möhüm esasdyr. her iki tarap hem maşgala durmuşynda özüni jogapkär hasaplap, bu babatda özüniň bir kenara taşlananlygy ýaly pikirdir ýagdaýlardan uzak durmaly; 32- maşgala durmuşynda bagtly bolmak diýmek, öýde hiç-hili kyn ýýagdaýlar bilen yüzbe-yüz bolmazlyk däl, eýsem-de bolsa, duş gelen kynçylyklaryň hötdesinden gelmek, düşünişmezlikleri çykan ýerinde çäkli tutup bilmek we ýanýoldaşyňyz bilen bagyňyza erbet täsir etmegine pursat bermezligie baglydyr; 33- kynçylyklardan gaçmak, aýratynam, öýi terketmek hiç-hili çäre däl! iň amatlysy dury bir huş bilen pikirlenip, kynçylygyň çözgüdine derrew başlaň; 34- düşünişmezlik çykanda, ýanýoldaşyňyzyň oňat taraplaryny we gözel ahlagyny hem ýatlamaga synanyşyň, halamaýan taraplaryň onuň ähli oňat häsiýetlerini örtmegine pursat bermäň;  35- “gylyç ýarasy geçer, ýöne dil ýarasy geçmez!” maşgala taýdan düşünişmezlik çykannda, ynjydýan sözlerden gaça duruň, ýogsam kiçijek bir mesele sebäpli, ýanýoldaşyňyzyň söýgi we höwesini dolulygyna ýitirip bilersiňiz; 36- “namysym”, “güýjim” ýaly sözler şeýtanyň köplenç duzak hökmünde ulanýan sözleridir. düşünişmezlik çykan ýagdaýynda, şeýtan bulary ulanyp, öz ýalňyşyňyzy gowy görkezer we ýaraşma ýoluny ýapmaga synanyşar, şol sebapli-de şol ýagday we sözlerden uzak duruň; 37- çagalaryňyzyň ýanynda ýanýoldaşyňyzyň bilen özara düşünişmezliklerden we sesiňizi beýgeltmekden uzak duruň, sebäbi çagalar terbiýe taýdan öz ene-atalaryny görelde alyp ulalarlar. şeýle erbet ýagdaýlar geljekde çagalaryňyzyň hem ulanyp biljegi çäre halyna geler we erbet täsirini görkezer; 38- zenan maşgala ýanýoldaşynyň goş birikdirmage örän amatly biridigin, onuň üçin guwanç duýýanlygyny bildirmeli; 39- özara sowgat alyň, çünki söýginiziň artmagyna sebäp bolar. şatlyga we bagta sebäp boljak bu ýagdaýy adat halyna getiriň; 40- akylly zenan maşgala, gerek özi üçin, gerek bolsa-da çagalary üçin gerekli ätiýaçdyr isleglerini bildirmek hem-de ýanýoldaşynda bar bolan erbet häsiýetdir ýagdaýlary düzetmek üçin iň oňat pursat we iň oňaýly wagta garaşar. kämahal oňaýlydyr öýden wagtyňyz, aslynda, bolman biler. oňat pikirlenilmelidir; 41- özüňize degişli bolmadyk meselelerde ýanýoldaşyňyza sorag sorap bizar etmäň! size açmak islemeýän syrlaryny erjellik bilen öwrenjek bolmaň; 42- öýde bir gyra çekilip, ýeke özüňiz oturmagy endik halyna getirmäň! mümkin boldugyça ýoldaşyňyz bilen hemdem boluň, gepleşiň; 43- işleýän bir zenan esasy jogapkärçilikli wezipesiniň öz öýüligini ýatdan çykarmaly däldir. öýüniň we iş ýeriniň işlerini bir-birinden aýry tutmalydygy bilinmelidir; 44- ýanýoldaşynyň garyndaşlary gezmäge gelende, hoşnut dälligini görkezmeli däl, tersine olary örän oňat garşy alyp, oňat myhmandarlyk etmekde säwlik görkezilmeli däldir; 45- aýratyn ýagdaýda gaýyn eneňe hormat ediň, oňa maşgala däp-dessurlaryna görä iň oňat ýagdaýda ýüzleniň! onuň bilen düşünişmezlige girmäň! geljekde öz gelniňiziň size özüni nähili alyp barmagyny isleýän bolsaňyz, onda oňa-da özüňizi şeýle alyp baryň; 46- pygamberimiz goňşy hakyna:”özi dok bolup, goňşusy aç bolan bizden däldir!” diýmek bilen örän ähmiýet beripdi. goňşularyňyza kömek etmek, begenç we gynançlaryna goşulmak, olara özüňizi gowy alyp barmak dinimiziň buýrugydyr; 47- hemişe pikir aýralygy wagtyň geçmegi bilen köňül aýraalygyna sebäp bolup biler, şol sebäpli, kämahal razylaşmasaňyz hem ýanýoldaşyňyzyň pikirlerine goşulyň, elbetde, edilen iş allaha garşy gelýän hilden bolmazlyk şerti bilen; 48- öýde ýanýoldaşyňyzyň mätäç bolan ümsümlik ýagdaýyny çagalaryňyzy zehinlerini ösdüriji oýunjaklar bilen güýmäp, kömek edip bilersiňiz; 49- çagalar bu dünyäde allanyň ynsanlara beren iň uly nygmatlaryndan biridir. olara üns bermän, oňat terbiýe etmän ya-da haysydyr bir başga zada has köp ähmiýet berip, olar üçin az alada etmek bilen bu nygmaty özüňiz üçin azap halyna getirmäň; 50- çagalar seretmek we olary terbiýe etmek babatda gerekli we ýeterlik sagdyn hem-de takyk bilimdir maglumatlara eýe bolmaly, şeýlelik bilen olara nirede we haçan näme etmelidigiňizi oňat bilersiňiz. munyň netijesinde bolsa, hem ruhy hem-de beden taýdan örän sagdyn çagalar ýetişerler; 51- ahyret işlerinde her iki tarap bir-birine kömek etmelidir. dünýäni isleýşiňiz we oňa ähmiýet berişiňiz ýaly, ahyreti-de isläp, oňa gerekli bolan ähmiýeti görkeziň; 52- pul sowmaklykda isrip maşgala bagtynyň bozulmagyna sebäp bolar. allanyň nygmatyny ýok eder. allah isrip edenleri söýmez. bu babatda seresap we tygşytly boluň, şeýlelik bilen garyplyk ýüzi hem görmersiňiz; 53- oňat niýet we duýgydaşlyk bahanasy bilen hem bolsa, tanyşlaryňyzyň siziň hususy durmuşyňyza goşulmagyna rugsat bermäň; 54-  öÿnüziñ syrlaryny ne dostuňlaryza, ne-de garyndaşlaryňyza aýtmaň!

Köneler, Merw92 tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir