siz gündelik habar beriş serişdelerinde häli-şindi ol ýa-da beýleki bir kompýuter wiruslary, olaryň ýetirýän zyýanlarynyň möçberleri barada maglumatlara gabat gelýänsiňiz. Kompýuter bilen iş salyşýan adamlaryň hemmesi diýen ýaly öz ömürlerinde iň bolmanda bir gezek wirus bilen gabat gelşendirler. Häzirki döwürde köpçülige mälim bolan wiruslaryň sany müňlerçe bolup, olaryň mukdary gitdigiçe artýar. Eýsem, kompýuter wiruslary nähili zat-ka? Kompýuter wirusy – adatça, assembler maksatnama dilinde ýazylan uly bolmadyk maksatnamadyr. Aslynda kompýuter wiruslarynyň döreýşi onçakly bir çylşyrymly hem däldir. Ilkinji wiruslar tötänleýin, kompýuter üçin haýsydyr bir maksatnama düzüjiniň bilesigelijiliginiň, garagollygynyň netijesinde döräpdirler. Wiruslary käbir maksatnama düzüjiler garagollukdan ýa-da belli bir adamlara ýamanlyk etmek maksady bilen düzýärler. Wirus (başgaça, wirusly maksatnama) haysydyr bir ýol bilen kompýutere (diskiň operasiýa ulgamly bölegine, ýerine ýetirilýän faýllara, gurluşlaryň maksatnamalaryna we ş.m.) düşýär. Ol öz zäherlän ulgam ýa-da amaly maksatnamasynyň işe göýberilmegi bilen herekete başlaýar. Wiruslaryň ýaýraýşy we hereket edişi dürli- dürlüdir. Olaryň käbirleri seýrek peýda bolup, üýtgeşik bir ses, mahal- mahal monitoryň ekranyna zyýansyz ýazgylary ýa-da suratlary çykarmak bilen çäklenýärler. Olara mysal hökmünde ilkinji kompýuter ulgamlarynyň birinde hereket eden, öz- özünden köpelýän “Kripper” ady bilen belli bolan wirusy görkezmek bolar. Bu wirus “Men Kripper. Hany meni tutubilseň tut-da!” diýen ýaly ýazgyny kämahallar ekrana goýberipdir. Ony ýok etmek üçin “Ripper” maksatnamasyny düzüpdirler. “Harp ýykyldy” wirusy bolsa kompýuteriň klawiaturasynyň işini bes etdirýär. Ýaňy ýazylan ýazgynyň harplary bolsa ýuwaşja ses edip, emaý bilen ekranyň aşak ýüzüne gaçyp ugraýarlar. “Bebe”, “Köke monstry”, “Digger”, “Kommuna”, “Wepna-757”, “Ýanki Dudl” we ş. m. wiruslar hem ýokarky topara girýärler. Bu wiruslaryň aglaba köpüsi zyýansyz bolup, olar maksatnama düzüjileriň garagollygynyň netijesidir. Ýöne wiruslatyň arasynda bolgusyzlaryna hem gabat gelip bolýar. Meselem, “Dynç alyş güni” diýlip atlandyrylan wirus dynç alyş güni kompýuter bilen işlemäge rugsat bermeýär. “Gimn” wirusy ulgam maglumatlaryny kompýuteriň ýadyndan öçürip, onuň işlemegini bes etdirýär, soňundan bolsa ozalky Sowet Soýuzynyň Gimnini çalýar. “Gara anna güni”diýlip atlandyrylýan wirus islendik aýyň anna gününe gabat gelýän 13-lenji güni öz gara işine girişýär.

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir