Alma: Adamzadyň taryhynda görnetin yz galdyran, nesilden-nesle geçip gelýän rowaýatlara siňen bu miwäniň ynsan saglygyna peýdaly täsiri sanap gutarardan kän: alma güýç-kuwwat berýär, keýpiňi göterýär, işdäni açýar, keskesellere garşy göreşmäge ýardam edýär... Içki täsiri: Düzümindäki fitonutrisewtikler (häsiýeti boýunça antiok- sidantlara menzeş tebigy birleşmeler) gandaky holesterini azaldýar. Almanyn düzüminde C, B1 B2, P, E witaminleri, pektinler, şeker, organiki birleşmeler, karotin, kaliý, demir, marganes, kalsiý köp. C witamini gök almada gyzyl alma seredeninde has köpdür. Her gün ertirlik edinmezden öň 2 alma iýýän adamlarda ýürek-damar keselleri köp duş gelmeýär. 1 almada 5 milligramdan 50 milligrama çenli hlorogen turşusy saklanýar. Bu maddanyň artritiň, podagranyň öňüni almaga ýardam edýändigi, bagryň işirii kadalaşdyrýandygy mälimdir. Almanyň 100 gramynda 50-70 kkal bardyr. Düzüminde antioksidantlaryň köp bolmagy almany nikotiniň we çilimdäki beýleki zäherli maddalaryň zyýanly täsirini azaltmak üçin ulanmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin çilimkeşlere we olar bilen bile ýaşaýandygy üçin tüsseli howadan dem almaga mejbur bolýan adamlara her gün 2-3 alma iýmek maslahat berilýär. Almanyň çigdinde ýod örän köp. Bedeniň ýoda bir gije-gündizlik talabyny kanagatlandyrmak üçin alma çigdiniň 5-6-sy ýeterlik. Daglanan ýa-da çig alma ajöze iýilende ýumşak iç sürüji hök- münde täsir edýär, çişleri gaýtarýar.
Alma
-
Younglord
13 years ago
- Lukmanlar almany gabygy bilen iýmegi maslahat berýärler. Bu tötänden däl. Bu miwäniň diňe bir maňzy däl-de, eýsem, çigdi, gabygy hem peýdalydyr.
MAŇZY:
Pektinler we kletçatkalar, ýagny almanyň iň gymmatly düzüm bölekleri onuň maňzynda saklanýar. Ortaça ululykly almada bu peýdaly maddalaryň 3 gramdan gowragy saklanýar. Munuň özi bedeniň pektinlere we kletçatkalara bolan bir gije-gündizki talabyny 10% kana- gatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Almanyň maňzyndaky iýmit süýümleri içiň gatamagynyň öňüni alýar, gany„erbet" holesterinden saplaýar, bedenden zyýanly gurşuny, myşýagy, ýaglaryň galyndylaryny çykarýar. Her gün 2 alma iýilende ganda holesteriniň derejesiniň 16% peselýändigini alymlar hasapladylar. Gündelik iýmitde 2 almadan başga 1 düýp sogan bilen 1-2 käse gök çaý ulanylanda ýüregagyry tutgaýynyň ýüze çykmak howpy 35% azalýar.
WITAMINLER:
Öň her gün ýekeje alma iýmek arkaly witamin ýetmezçiliginiň (gipowitaminoz) öňüni alyp bolýar diýlip hasaplanylýardy.Ýöne soňky onýyllyklarda almada A, C witaminleriniň, B toparly witaminleriň ep-esli azalandygyny barlaglar görkezýär. Meselem, häzirki almalarda A witamini geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda ulanan almalarymyz bilen deňeşdirilende 2-3 esse azdyr. Diýmek, günde ýekeje alma iýmek bilen oňmaly däl. Azyndan üçüsini iýmeli.
MAKRO-MIKROELEMENTLER:
Demriň köp bolandygy üçin onuň dişlenen ýeri garalýar ahyryn. Ýöne 1-2 sany alma bilen bedeniniziň bu mikroelemente talabyny doly kanagatlandyrarys öýtmäň. Ösümlik gelip çykyşly önümlerdäki demir özleşmeýär diýen ýaly. Kaliý, kalsiý, fosfor, natriý, sink ýaly mik- rolementleri welin, alma arkaly doly alyp bolýandyr.
TANINLER:
Almada peýdaly maddalaryň bu toparynyň bardygy ýaňy-ýakynda ýüze çykaryldy. Olar peşew-jyns ulgamynyň infeksiýalarynyň öňni almaga ýardam edýär, ýürek-damar kesellerinde peýdaly, dişleri we diş etini berkidýär.
GABYGY:
Almany gabygy bilen iýmegi maslahat berýänler ýalnyşmaýar. Onun düzüminde kwersetin antioksidanty köp. Bu element be- den öýjüklerinin wagtyndan on ölmeginin önüni alýar, çişleri gaýtarýar.
ÇIGIDI:
Sagdyn ýaşaýyş ýörelgesine eýerýän, bu babatdaky her bir maslahaty berjaý etmäge çalyşýan adamlar almany çigdi bilen iýýärler. Bu tötänden däl. Ol ýoda baýdyr. Düzüminde biologiki taýdan işjeň maddalar we ragyň öňüni almaga ýardamly fermentler saklanýar. Ýöne juda köp iýilende almanyň çigidi bedene zyýan ýetiribem biler. Ownuk çigitlerde köp mukdarda sinil turşusy (zäher) bar. Şonuň üçin bir gije-gündiziň dowamynda 1 almanyň çigidini (5-6 sany) çeýnäp iýmek ýeterlik.
-
Younglord
13 years ago
- Alma hakynda peýdaly maslahatlardan:
Bir ýeriň ýananda onuň agyrysyny ýeňletmek üçin edil ýanan ýere çig almanyň bölegi goýulýar.
* * *
Ganyň az bolsa mümkin boldugyça köpräk çig we bişirilen alma iýmeli
* * *
Alma bişirilen suw üsgülewük we hyžžyldy bolanda ýumşadyjy täsir edýär.
* * *
Gan basyşy bolan adamlara lukmanlar belli bir günde her gezek 300—400 gramdan, 1,5—2 kilogram alma iýmegi maslahat berýärler. Yöne şol gün almadan başga hiç zat iýmeli däl.
* * *
Süýji kesellilere we semiz adamlara almanyň turşy sortlaryny, ýürek-damar kesellilere, sarysy gaýnaýanlara, içinde baş barlara siiýji sortlaryny iýmek maslahat berilýär.
* * *
Gowy bişen almada banandakydan 8 esse we apelsindäkiden 13 esse köp ýod bolýar. Şonuň üçin-de almany iç bur ma keseliniň öňüni almak serişdesine degişli edýärler.
* * *
Semräp başlasaňyz hepdede bir gün diňe alma iýiň. Şonda siz juda semremersiňiz.
* * *
Horlanmak berhiziniň iň amatlysy alma günüdir, şol gün 6 gezekde 1,5 kilogram ter alma iýilýär. Alma gününde kaloriýalylyk 600-e golaý bolýar.
Horlanmak üçin alma iýilýän gün adam 0,3—1 kilogram agramyny ýeňledýär. Bejerişiň dowamlylygy jemi 10—18 gün. Alma gününde
almanyn süýji däl sortlary iýilmelidir.
* * *
Almadaky pektin organizmdäki radioaktiw maddalary birleşdirmäge ukyplydyr. Azyk siňdiriş ugrunda pektin siňmeýär diýen ýalydyr we organizmden zyýanly maddalar bilen çykyp gidýär. Her gün 2 alma iýseňiz, çykýan 15 gram pektin sizi ateroskleriozdan halas eder.
-
Younglord
13 years ago
- TÜRKMEN ALMASY (MALUS TURKMENORUM) - bägüller maşgalasynyň almalar urugyna degişli bolan ýabany ösýän daragt. Alma agajy ýaýbaň şahaly, süýnmegräk ýaprakly, hoşboý ysly. Boýy 3-4 metre barabar. Ýapraklary nobatlaýyn, ýumurtga şekilli, ýokarsy ýylmanak, aşagy tüýjümek. Gülleri ak, gyrmyzy-gülgün. Miwesi dürli ululykda. Tagamy we ysy ýakymly. Alma mart-aprel aýlarynda giilleýär, iýun- sentýabrda miwesi ýetişýär.
Merkezi we Günorta-Günbatar Köpetdagda Almajyk, Almaly, Almalydag ýaly toponimlerin (ýer-ýurt atlary) ýygy-ýygydan duş gelmegi bu sebitlerde irki wagtlardan bäri ýabany almalyklaryň bolandygyna güwä geçýär. Türkmen almasy kawkaz-eýran toparyna degişli. Milli türkmen seleksiýasynyn netijesinde türkmen almasynyn esasynda meşhur babarap almasy döreýär. Onuň iň köp ýaýran sorty şeker almadyr.
Daragt ülkämizde deňiz derejesinden 800-1600 metr belentlikde bitýär. Ol Günorta-Günbatar Köpetdagda: Sünt-Hasardagda, Çohagaçda, Ýolderede, Güwende; Merkezi Köpetdagda: Çaýekde, Heýrabatda, Müsünewde, Tazytagtyda, Hyrsderede, Sakantutanda, Degirmenlide (Prohladnoýe) we Garagura deresinde duşýar.
Almany ekip ýetişdirmek maslahat berilýär. Çünki onuň tebigy gory ýabygorly. Ol Sünt-Hasardag we Köpetdag goraghanalarynda goralýar. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999 ýyl) we Tebigaty goramagyň Halkara birleşiginiň Gyzyl sanawyna (2007 ýyl) girizilen.
Almanyň miwesi, ýapragy, baldagynyň gabygy dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Daragtyň baldagynyň gabygyny miwesi bişenden soň ýygnamaly. Çybyklaryny kesişdirip, gabyklaryny ýiti pyçak bilen sypyryp aýyrmaly we kölegede adaty usulda guratmaly. Taýýar bolan gabygy aýna gaplarda ýa-da kagyz haltalarda saklamaly. Saklanyş möhleti 2-3 ýyl.
Almanyň hasylyny doly bişende ýygnamaly. Çüýränini we şikes ýetenini almaly däl. Sagdynlaryny ýygyp alyp, ýörite guradyjylarda ýa- da takmynan 70 dereje gyzgynlyk berýän peçlerde guratmaly.
Almanyň düzüminde organiki turşulyklar (alma we limon), şeker, glýukoza, fruktoza, eý maddalary, efir ýaglary, C, B, P, A witaminleri, kletçatkalar, pektin maddalar, mineral duzlar (demir, margens, kaliý, natriý, kalsiý), fitonsidlerwe beýleki maddalar saklanýar.
Daragtyň dermanlyk häsiýetleri birnäçe belli-belli eserlerde beýan edilýär. Orta asyrlarda ýaşap geçen meşhur tebip hem akyldar Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly işinde ter alma miwesiniň ýürege hem aşgazana haýyrlydygy, hamyra salnyp bişirlen almanyn ganly içgeçmäniň bire-bir emidigi, almanyň ýapraklaryndan sykylyp alnan şiresiniň dömme çişierde neplidigi tekrarlanýar.
Muhammet Hüseýn özüniň meşhur «Melhemler hazynasy» diýen eserinde almanyn ýüregi, aşgazany, bagry, içegeleri berkidýändigini, işdäňi açýandygyny, özüňi duýşuny gowulandyrýandygyny, keýpini çaglandyrýandygyny beýan edýär. Bu miwe ylaýta-da kynlyk bilen dem almada, ýürek çalt urmada, nerw bozulmalarynda peýdaly. Ol täze pikirleriň döremegine täsir edýär we onuň iş ukybyny güýçlendirýär.
Alma agajynyň gabygyndan demlenen çaý rahatlandyryjy serişde
hökmünde haýyrlanylýar. Halk lukmançylygynda ýanykda, bitmesi kyn ýaralarda gyrgyçdan geçirilen almany ýapgy hökmünde peýdalanýarlar. Ony mesge bilen garyp çalsaň, dodakda dörän ýaralary aýyrýar. Sowuklamada, ses gyrlanda guradylan alma ýapraklaryndan melhemlik jöwher taýýarlap içmek maslahat berilýär.
Daragtyň miwesi ganazlykdan ejir çekýän adamlar üçinem örän peýdalydyr. Almaturşy demir ekstraktyny turşy almanyň şiresinden (demriň 2 bölegini şiräniň 100 bölegine goşmak arkaly) alýarlar. Ekstrakt anemiýany bejermek üçin ulanylýar. Çig, bişirilen ýa-da gaýnadylan alma bedende çiş emele gelende buşukdyryjy serişde hökmünde haýyrlanylýar. Almadaky kaliý duzlary we tanin synada peşew turşusynyň emele gelmegine päsgel berýär. Şonuň üçin almadan gaýnadylyp alnan erginler, çaýlar dowamly içilende bogunagyryda, peşew ýollarynda daş emele gelende oňat peýda edýär. Bişirilen alma gury üsgülewükde has ýaramly.
Çenden aşa köp iýlende almanyň hem öýkene we nerw ulgamyna zyýan ýetirýändigini hem unutman. Almanyň zyýanyny ary baly neýtrallaşdyrýar. Şonuň üçin köp mukdarda alma iýenden son kelläňiz agyrsa, demiňiz gyssa, ary balyny iýiň.
ALMA BARADAKYHAKYKAT:
Alma madda çalşygyny görnetin gowulandyrýar. Hünärmenler al¬many we onuň önümlerini (jem, mürepbe, kak, täze sykylan şiresi) her gün azyndan 1 gezek, iň gowusy, ertirlik naharynda iýmegi maslahat berýärler.
Düzüminde toksinleri özüne siňdirip, olary bedenden daşary çykarýan pektin köp.
Angliýanyň Noriç şäheriniň iýmit institutynyň alymlarynyň pikirine görä, alma her gün yzygiderli ulanylanda damarlaryň diwarjyklarynyň dykyzlanma prosesi 20% peselýär, ýagny aterosklerozyň ösüşi haýallaşýar.
Ýabany almalar has peýdaly: olaryň düzüminde epikatehin has köp saklanýar.
Alma pektinler we eý maddalar bilelikde içegäniň mikroflorasynyň sagdynlaşmagyna, onuň çüýreme hadysalarynyň azalmagyna, netijede immunitetiň pugtalanmagyna itergi berýän organiki turşulara baý.
DERMANLYK TAÝÝARLANYLYŞY HEM ULANYLYŞY:
*Almanyň bir nahar çemçe (15 g) owradylan gabygyny 1 litrlik termosa atyp, mazaly demini aldyrmaly. Soňra hasadan geçirip, gün içinde 3 wagtyna na- hardan öň ýarym bulgurdan (100 ml) içmeli. Melhem semizlikde haýyrly.
*Daragtyň gabygynyň iki nahar çemçe (30 g) tozuny iki bulgur (400 ml) suwa atyp, içi syrçaly gapda pessaý otda 10-15 minut gaýnatmaly. Emele gelen peti sowandan soň hasa bilen süzüp, her gün 3 gezek nahardan öň 1 nahar çemçeden haýyrlanmaly.
*Almanyň guradylan ýapragynyň bir nahar çemçesini bir bulgur (200 ml) gaýnag suwa atyp, demini aldyrmaly. Iki sagatdan soň hasadan geçirip, her gün 3 gezek 3 nahar çemçeden (45 g) içmeli.
*Arassalanmadyk alma miweleriniň 3 sanysyny deň ikä bölüp, 1 litr suwuň içine atmaly we içi syrçaly gapda 10 minut gaýnatmaly. Emele gelen peti hasa bilen süzüp içmeli. Islegine görä şeker goşmaly.
-
Jemka91
13 years ago
- Klasda$ klubnika hacan gezek ýetýä? Bez ocer alsana
-
Kuraldyshy
13 years ago
- o-ow, younglord sagja bol-a, alma iyip yatmaly etdin sen-a, yone men şu yaman tükmen gawunyny iyesim gelyar, ginişleyin maglumatyn bar bolsa eger...
-
Jemka91
13 years ago
- Arhiwe gir badyr kural
-
Younglord
13 years ago
- Klasda$ klubnika bardada ýazaryn hökman (maglumat tapsam)
-
Younglord
13 years ago
- kuraldyshy men ýazgylamyñ icinde gawun baradada azajyk maglumat bar eger gyzyklanýan bolsan
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- Вах туршы алма иймани халаянда.
-
Younglord
13 years ago
- Däde meñä ýa$ylja tur$yja türkmen alma iýesim gelýä
-
Bilgi
13 years ago
- kop sag bol gerekli hem peydaly maslahatlan uchin, minnetdar!
-
mirasymyz
13 years ago
- Sagjabol dost, tüweleme diňe miweler bilen gidişýäňow.
-
Younglord
13 years ago
- Hawada ertirem bir tema açjak nesip bolsa
-
idealman92
13 years ago
- saul.ýa$lord:)menä.almany.çigidi-zady.bn.iyyan.dine.chopuni.goyyan,peydaly+
-
Younglord
13 years ago
- sagdyn boljakda onda menem sagdyn boljak bolup şeýle edýän
-
magnit
13 years ago
- sen zatdan artýamynaý :D +
-
Younglord
13 years ago
- menmi magnit?
-
magnit
13 years ago
- ideal
Younglord 13 years ago- Daşky täsiri:
Düzüminde ýaralaryň bitmegine ýardamly C we E witamin¬leri örän köpdür. Şonun üçin bir ýeriň şikeslenende elýeterde başga serişde bolmasa, bu miwäni gyryp, ulanaýmaly. Ýanykda gyrgyçdan geçirilen almadan ýapgy edilende agyry köşeşýär, çişler aýrylýar.
Saçyňyz port, döwülegen bolup, öwüşginini ýitiren bolsa her gezek ýuwanyňdan soň alma sirkesi garylan suw bilen çaýkaň.
Dubil maddalara baý bolan bu miwe ýüzüň derisi gyzaranda, çişende kömek edýär. Gyrgyçdan geçirilen almany ýapgy görnüşinde ulanmak masiahat berilýär.
Gyrlan almadan edilen ýapgy derini çyglandyrýar.
Kapillýarlaryň diwarjyklaryny berkidýändigi üçin alma ekstrakty kuperoza garşy täsirli kremleriň köpüsine goşulýar.
Almanyň düzümindäki oligozidler deriniň wagtyndan öň gasyn atmagynyň, garramagynyň öňüni almaga, ýüzüň derisindäki ýygyrtlary aýyrmaga mümkinçilik berýär, öýjükleriň regenerasiýasyny stimulirleýär, derini çeýeleşdirýär. Şoňa görä almanyň ekstraktlaryny ýüzüň derisi üçin niýetlenen kosmetiki serişdelere goşýarlar.