Ýalňyşlarym söýmedigiň ugrunda nähak ýere ýanyp bişip köýmegim. Ýalňyşlarym, oňa sensiz ýeketäk ýaşaýyşy başaramok diýmegim Ýalňyşlarym diňe şony eý görip hemmelerden artyk hormat goýmagym ýalňyşlarym gowylaryň dünýäde kändigini indi-indi duýmagym Ýalňyşlarym namartlaryň öňinde ýerliksiz ýalbaryp dyza çökmegim ýalňyşlarym doň ýürekleň ýanynda ejizläp käteler gözýaş dökmegim Ýalňyşlarym biljek bolup öňinden soralmasyz zady sorag bermegim Ýalňyşlarym deň duşlarymyň käsinden sähel zada ýüz öwürip ýörmegim Ýalňyşlarym ezýet berip hemişe biygtyýar kalba talaň salyp dur olar şeýdip geçmişimden ýatlama geljegime sapak bolyp galypdyr

Köneler, 1merdan tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir