Il arasynda armyt keramatly, ylahy nazary siňen hem-de köp derde derman jenneti daragt hasaplanylýar. Muňa halk rowaýatlary hem güwä geçýär. Olaryň birinde bir piriň sadaka bermek üçin bagda dowar öldürişi barada gürrüň berilýär. Ol dowaryň damagyny çalyp durka, oglunyň gelýändigini görýär. Elindäki pyçagyny goýmagy ýadyndan çykaryp, ogluna tarap ýönelýär. Kakasynyň elindäki ganly pyçagy gören oglanyň zähresi ýarylara gelýär. Pir pyçagyny armyt agajyna sünçýär-de, gaty gorkan oglunyň ýanyna baryp, ony köşeşdirýär. Şondan birnäçe ýyl geçenden soň ýaňky oglanyň önelgesizlik keseline uçrandygy mälim bolýar. Oglanyň keselini bejermegi boýun alan tebipleriň biri pyçak sünjülen daragtyň ýanyna gelýär. Agajyň pyçagyň giren we bireýýäm bitip giden ýerinden gyryp, posly gyryndy alýar. Ony çakyr bilen garyp, melhem taýýarlaýar. Bu melhem bilen oglanyň keselini bejerýär. Elbetde, posly gyryndy bilen keseli bejerip bolmajagy düşnükli. Ýone bu rowaýat armyt agajynyň köp kesellerde sagalmaga itergi berýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen armydy (Pyrus turcomanica) - bägüller maşgalasyna degişli, ýogyn sütünli, boýy 6-20 Metre ýetýän agaç. Şahalary, esasan tikensiz. Ýapragy tos-togalak, uzynlygy 4-7sm, ini 3-5 sm, galňaşan, ak tüýjagazlar bilen örtülen. Miweleri togalak, ini takmynan 2,5 sm, uzynlygy 2-4 sm, reňki sary ýa-da sarymtyl ýaşyl. Armyt deňiz derejesinden 1200-1600 metr belentlikde bitýär.OI gury daşlaşan-ownuk topurly eňňitlerde we daşlaşan topraklarda ösüp, boý alýar. Daragt aprel aýynda gülleýär, awgustda miweleýär. Ol 8-10 ýaşynda miwe getirip başlaýar, ýylaşa hasyl getirýär. Ýabany armydyň ýaşaýşynyň dowamlylygy ortaça 50-80 ýyla barabar. Ýöne ol amatly şertlerde 150-300 ýyla çenli ýaşap bilýär. Armyt diýarymyzda Günorta-günbatar Kö¬petdagda: Garagaçda, Aýyderede, Mirajyda, Mustapaderede we Merkezi Köpetdagda: Arçabilde, Gylgylawda,Sülüklide, Mergenölende, Degirmenlide, Müsünewde, Hyrsderede, Tazytahtyda, Sakaltutanda, Arwazda duşýar. Türkmen armydy ýurdumyzdaky seýrek ösümlikleriň biri bolup, Sünt-Hasardag we Köpetdag goraghanalarynda goralyp saklanylýar. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.
Armyt
-
Toty
13 years ago
- 1gezek estdım su rowayaty
-
Jemka91
13 years ago
- Tüweldme senä tal.com'yñ sebedini ir-iým$den, nazly-nygmatdan doldurjak ;-) груша'jyk iýäýseñ. Armyt bn almany sapsañ aýba berýäm$. Cynmka
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- Беларусян грушкасыны ийип гормегинизи маслахат берян. Гаты бетооов.
-
idealman92
13 years ago
- Younglord.Rossiyanyn.tokaylaryna.gidyas.welin.oktyabrda.yetishyar.armytlar,howadanmyka?
-
Younglord
13 years ago
- mümkin idealman belki armydyň ýetişmegine howaň täsirem bolmagy mümkin. Menä doly bilemok(çaklama)
-
idealman92
13 years ago
- Özem.barininkiler.nohuryñ.armytlary.yalow.uly,sary.we.suwly.doýurýar
-
Younglord
13 years ago
- Süýjümi
-
Younglord
13 years ago
- Menä dogrusyny hacandan bäri türkmen armydyny iýip göremok. Da$y torly armyda $u wagt iýip durun.
-
idealman92
13 years ago
- hawa dost suyji.suwlyja agyr armyt
-
Younglord
13 years ago
- Da$y torly armytlañ mekany niraý
-
ependi
13 years ago
- armydam betdaý
-
Younglord
13 years ago
- Ajöze gowy gidýä
-
Younglord
13 years ago
- Ependi ertire gara$ýañmy
-
ependi
13 years ago
- howwadaý
-
Younglord
13 years ago
- Ýeri ma$galañsyz ýeke bellejekmi
-
ependi
13 years ago
- başga näme edeýindaý
-
Younglord
13 years ago
- Aý ýene birnäçe ýyldan hökman maşgalaň bilen bellärsiňdä. Ertir men saňa derek maşgalam bilen bellärindä.
-
ependi
13 years ago
- nesip bolsa
-
Younglord
13 years ago
- Ependi kyn görmeseň agende giräý(5minutlyk)
-
ependi
13 years ago
- bolýadaý
-
idealman92
13 years ago
- Dashy.torly.armytlar.eýrandan.oydyan
-
ependi
13 years ago
- ýok meň mellegimdäki armytlar olar
-
Younglord
13 years ago
- Tagama erbet däl. megerem meň pikirimçä üçinä türkmen armydyndan gowy armyt ýokmyka diýýän.
-
Younglord
13 years ago
- Ependi bir kile armyt çekip beräý mellegiňden
-
ependi
13 years ago
- bolýadaý
-
Younglord
13 years ago
- puluny indiki stipendiýamdan beräýerin
-
Jemka91
13 years ago
- Wiiii ertir go$a baýram, go$a toýdyrow. Dogry tas undupdym betinden-gytyndan belläris :-D
-
Younglord
13 years ago
- Be onam bir ýatdan çykaryp bormy (Sebäbi ertir studenler boş). Menä baýramçylyga oktýabra 1-inden bäri garaşyp gelýän klasdaş.
-
Jemka91
13 years ago
- Sen 00-01 bolar weli tema ac (hppi brthd) ok! Menem $onda gutlajk
-
ependi
13 years ago
- synpdaş
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- $emkam nirede bayramcylyk bellejek.?????
-
Younglord
13 years ago
- Aý klasadaş men ýatyp galaýypdyrynda. Bagyşlaweri
-
Jemka91
13 years ago
- A$yrkaka eppi belleýä
-
Younglord
13 years ago
- Tort iýerisä klasdaş
-
muzazzi
13 years ago
- sagja bol!
Younglord 13 years ago- BEJERIJI HÄSIÝETI
Armydyň miwesi we tohumy dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Ony ösümlik doly bişende ýygnamaly. Çig malyň saklanyş möhleti 1 ýyla barabardyr.
Ösümligiň miwesinde 6-13% şeker (esasan monosahar), 0,12-0,19% alma, limon we askorbin turşulary, 4%-e çenli pektinler, eý maddalary, biraz karotin saklanýar.
Armydyň dermanlyk häsiýetleri irki wagtlardan bäri belli bolupdyr. Muňa bu miwe baradaky ilkinji maglumatlaryň gadymy grek alymlary Katonyň (b.e.öň 234-149-njy ýyllar), Wergiliniň (b.e.ön 70-b.e.19-njy ý.) we Uly Pliniýin (b.e. 23-79-njy ýyllary) işlerinde duş gelýändigi şaýatlyk edýär. Gündogarda belli alym hem lukman Abu Aly ibn Sinanyň „Lukmançylyk ylmynyň kanunlary" atly meşhur eserinde armydyň bedeni berkidiji we arassalaýjy häsiýete eýedigi, dürli ýaralary hem düwürtikleri bitirýändigi, iýmit sindiriş agzalaryna haýyrlydygy hem-de zäheriň garşysyna neplidigi tekrarlanýar.
Öz wagtynda belli alym hem hekim Muhammet Huseýniň „Melhemler hazynasy" diýen nusgawy işinde armydyň teriniň we kakadylanynyň berkidiji häsiýete eýe bolanlygy sebäpli içegeleriň bozulmalaryna haýyrlydygy, şähdiňi açýandygy, bedene tämizlik berýändigi, keýpiňi çaglaýandygy, aşgazany pugtalandyrýandygy, peşew haltasynyň gysylmagynda neplidigi beýan edilýär. Armydyn ysynyň näçe güýçli bolsa, şonça-da ýürege peýdasynyň ýokarlanýandygy barada aýdylýar.
Türkmen armydy halk lukmançylygynda (Magtymguly, Gökdepe we Baharly etraplarynda) şähdini açyjy, ýeňillik we keýpiçaglyk beriji täsirli serişde hökmünde peýdalanylýar. Ýüregurmada peýdaly, aşgazany berkidýär, iýmiti siňdirmäge ukyply, peşew haltasynyň sökelliklerinde haýyrly. Täze we guradylan armyt berkidiji häsiýete eýe bolanlygy üçin içegäniň bozulmalarynda örän peýdaly. Armydyň miwesiniň eti almanyňka garanyňda bedende ýeňil özleşýär.Türkmen armydynyň örän meşhur ýene-de bir häsiýeti onuň kömelekden güýçli zäherlenmede kömek edýändiginde. Eger-de bişirjek bolýan kömeleginiziň howpsuzdygyna şübhelenýän bolsaňyz, zäherlimi ýa- da zähersiz diýen sorag ýüze çykan bolsa, onda naharyňyza 1-2 sany armyt ataýyň. Tohumy soguljanlaryň garşysyna täsirli. Sütüniniň gabygy bilen halylary we matalary goňur reňke boýap bolýar.
Armyt ylmy lukmançylykda ýüregurmada, beden dartgynlygynda, peşew-jyns ulgamynyň sowuklamasynda, semizlik sökelliginde, süýjükeselde, peşew çykaryjy ýollaryň kesellerini bejermekde, sistitde, böwrek keselinde we prostatitde ulanylýar.