Gör, näçe ýyl sensiz geçipdir, dilber, gör, näçe da$la$dym seniñ y$gyñdan. Seni juwan gyzlañ ke$binden idäp, idäp ahu-gözli gyzlañ çe$minden. Ýöne hiç zat çal$yrgyçsyz däl eken, görseñ, ine, gözlerine söweýin, bir zyba gyz otly söýgi bilen däl, mähri bilen tutdy seniñ öweziñ. Bar eken bagtyñam ýerin tutýan zat, bozlap aýra dü$en bagtymyñ ornun, tutdy akja gundagynda jägildäp, däb$enekläp ýatan ilkinji oglum. Belkem, yrgadyryn, durnuksyzdyryn. Ýa-da uýgunla$yp ýürek zaryma, özümi ýitirip gam-gussa bilen, dönüp gidendirin ba$ga birine. Belkem, me£nun bolup söýen däldirin, ýa$lygyñ alydyr kalbymdaky o:t. Sensiz ýa$ap bilmän ýören hallarym, göz öñüne getiribem bilemok. Gör, näçe ýyl sensiz geçipdir, dilber, galan ömrüme-de $u günüm bolýar. Ýöne käte seni bagryma basyp, $eýle bir, $eýle bir aglasym gelýär.

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir