Salam hormatly agzalar. Mümkin bolsa meniň size ýene-de bir soragym bar. Men öň bir ýerde okapdym weli şonda Yslam dini iki akyma - sünni we şaýy ugruna bölünýär. Sany boýunça sünnüler agdyklyk edýär. Şaýylar bolsa, esasan Eýranda, we Yrakda ýaşaýarlar. Eger-de araňyzda bilýäniňiz bar bolsa şaýylar bilen sünnileriň tapawudyny ýazaýyňda. Bu sorag bilmeýänler musulman ildeşlerimiz üçin gyzykly bolsa gerek.
Dini sorag
-
betyigit
13 years ago
- agdyklyk name many berya?sen haysy akymynda akyang?
-
Bayramsoltan
13 years ago
- 1nji sapar eshidyän. Sagbol younglord, dogrudanam gyzykly. Menem jogaplara sabyrsyzlyk bn garashyan
-
Bayramsoltan
13 years ago
- Bir yerlerden mensylap peyda bolup düshündirerda :-)
-
URGENCLI
13 years ago
- yslam dini 4 mezhepden ybarat we şaýylar şol 4 mezhebe girmeýär. asyl şaýylara musulman diýmegem aňsat däl.şaýy - sunni dawasy müňlerçe ýyllap dowam edendir. taryh bilen gowy gyzyklansaň muňa goz yetirip bolyar. bu dawalar taryhyň akymyna kop gezek täsir etdi. yekeje mysal: zahireddin babyr hindistanda beyik mogollar imperiyasyny esaslandyrdy. nämüçin ol bu beyik imperiyany mawerannahrda ya-da horasanda, horezmde esaslandyrmady? ol muny islän däldir öytmäň. ol isledi, göreşdi. emma şaýy-sunni dawasy sebäpli ol öz arzuwlan imperiyasyny mawerannahrda(buhara,samarkant)gurup bilmedi. ol samarkantdan şeybany hany kowmak üçin şaýylardan komek aldy we şol sebäpli ony dinden çykan hasaplap halk goldamady,ykrar etmedi we yigrenip başladylar.we ahyry samarkantdan kowup çykardylar
-
ynsan
13 years ago
- «Mezhep» sözüniň manysy ýörelge, ugur, kabul edilen usul, pikir, garaýyş diýmekdir. Dinde aňladýan manysy – müjtehid (aýat we hadyslara esaslanyp höküm çykarýan beýik yslam alymy) alymyň pikirlerini we garaýyşlaryny ýörelge edinen köpçüligiň döreden dini akymydyr.
Diniň esasy meselelerine gezek gelende, mezhepleriň arasynda hiç bir tapawut ýokdur. Tapawut diňe diniň esasy özeni hasaplanylmaýan (feri) meselelerdedir.
-
ynsan
13 years ago
- Pygamberimiziň Asry Sagadatynda sahabalarynyň bir bölegi hemişe Allahyň Resulynyň ýanynda bolup, Kurany we hadyslary ýat tutýardylar,olaryň manysyna çuň düşünmäge çalyşýardylar. Pygamberimiziň Kuranyň hökümlerine nähili amal edýändigini gözleri bilen görüp, aýatlaryň nuzul (iniş) sebäplerine çenli bilýärdiler.
Pygamberimiz dünýeden ötenden soň, bu sahabalar dini ýaýratmak maksady bilen Mekgäniň we Medinäniň daşyndaky ýurtlara gidýärler. Olar giden ýerlerinde Hijazdakydan (Mekge-Medinedäkiden) üýtgeşik düzgünde, däp-dessurda ýaşaýan milletler bilen duşuşýarlar. Halk dini meseleleri olardan soraýar. Olar hem her bir mesele barada Kuranyň we Sünnetiň hökümlerini aýdýarlar. Kurandan we hadysdan höküm tapmadyk ýagdaýlarynda bolsa, ijtihad (Kurandan we hadysdan şerigatyň feri meselesine degişli höküm çykarmak) edip, ol meseläni çözýärler. Sahabalar baran ýerlerinde hem häkim, hem müfti, hem kazy, hem mugallym wezipelerini alyp barýarlar. Olaryň dürli ýerde, dürli däp-dessurda ýaşaýan adamlaryň arasyndalygy, şeýle hem bilim, ukyp, zehin taýdan tapawutly bolandyklary üçin soralýan meseleler baradaky ijtihadlary hem, elbetde, biri-birine meňzemeýärdi.
Olaryň yzyny dowam etdiren şägirtleri hem ijtihad etmekde halypasy bolan sahabanyň tärlerini ulanyp, döwrebap meseleleri çözüpdirler. Şeýlelikde, wagtyň geçmegi bilen fykhy mezhepler emele gelip başlaýar. Emma hiç bir müžtehid öz adyna mezhep döretmek niýeti bilen öňe çykmandyr. Kurandan we hadyslardan çykarýan hökümleriniň başgalar tarapyndan makul görlüp kabul edilmegi netijesinde şol müjtehidiň adyna öz-özünden bir mezhep döräpdir. Käbir mezhepler tarapdary köp bolmandygy sebäpli ýitip gidipdir. Häzirki günlerimize çenli gelip ýeten dört mezhep bolsa, halk köpçüligi tarapyndan ykrar edilip giňden ýaýraýar.
-
ynsan
13 years ago
- Mezhepleriň arasyndaky tapawudyň döremegine dürli ýagdaýlar sebäp bolupdyr. Olaryň birinjisi, Kurandaky höküm aýatlaryna (bulara nas diýilýär) her kim özüçe düşünipdir. Çünki naslaryň usuly fykyhda beýan edilişine görä: hafi, müjmel, sarih, kinaýe, mejaz, hakykat, mutlak,mukaýýet, has, a:mm ýaly birnäçe görnüşleri bardyr. Müjtehidler hem şol bir nasdan özleriçe dürli-dürli many çykarypdyr.
Munuň ýaly, hadyslaryň-da dürli görnüşleri bardyr. Mysal üçin: mütewatir, meşhur, haberi-wahyd, mürsel, muttasyl, munkaty...
Bu hadyslary delil hökmünde ulanmakda müjtehidler özara yhtylaf edipdirler. Netijede dürli garaýyşlar ýüze çykypdyr. Meselem: Hanefiler hadyslara gezek gelende juda seresapdyr. Bu mezhepde haberi-wahyd (eke sahabanyň rowaýat eden hadysy) delil hökmünde kabul edilmeýär. Şafygylar bolsa, kyýasyň deregine haberi-wahydy delil hökmünde kabul edipdirler. Hanefiler mürsel hadysy kabul edýär, şafygylar bolsa, ony delil hökmünde ulanmaýar.
-
ynsan
13 years ago
- Görşümiz ýaly, müjtehidleriň şol bir meselä dürli höküm bermegine delillerdäki yhtylaf hem-de kabul edilen delillere dürli garaýyş sebäp bolupdyr.
Fetwa berlen ýurduň däp-dessurlary hem müjtehidleriň ijtihadlaryna täsir edipdir.
Bu yhtylaflar ymmat üçin rahmet bolupdyr.
Haýsy-da bolsa bir meselede alaçsyz galan biri zerurlyk sebäpli başga mezhebe görä amal edip biler. Bu jaýyzdyr. Şeýle hem yslamda bir meseläniň ýeke-täk çözgüdi ýokdur. Yslam ýer ýüzüniň ähli halkyna gelen din bolany üçin hakykat toplumydyr.
-
ynsan
13 years ago
- Musulman hak mezheplerden birine tabyn bolýar, ybadat we amallaryny şol mezhebiň höküm we ijtihadlaryna görä dowam etdirýär. Emma munda hökmanylyk ýokdur. Islendik musulman islän wagty beýleki bir hak mezhebe geçip biler. Ýöne bir mezhepden beýleki mezhebe geçen kişiniň kabul eden mezhebiniň ybadat bilen baglanyşykly meselelerini kämil bilmegi zerurdyr. Emma, bir musulmanyň her mezhepden özüne ýeňilini saýlap, şoňa görä amal etmegi ýalňyşdyr. Muňa diňe zerurlyk ýüze çykanda rugsat berilýär.
«Kuran we hadys barka mezhepler nämä gerek?» diýip soraýanlar hem bar.
-
ynsan
13 years ago
- Her bir musulmanyň dini meseleleri we hökümleri gönüden-göni Kurandan ýa-da hadysdan öwrenmegi mümkin däldir. Muny diňe müjtehidlik mertebesine ýeten yslam alymy başaryp biler. Musulmanlar köpçüligine bolsa, şol beýik din alymynyň düşündirişini we garaýşyny kabul edip, onuň yzyna düşmek galýar. Meselem: dermanlar ösümliklerden, himikatlardan ýasalýar. Emma her kes derman ýasap bilmeýär. Derman ýasamak üçin hökman şol ugurdan bilimiň bolmagy zerurdyr. Dini meselede hem esasy çeşme Kuran we Sünnet bolsa-da, olardan höküm çykarmak işini islendik musulman başarmaz. Bu iş diňe müjtehid derejesine ýeten alymyň golundan geler.
Mezhepler öz arasynda iki topara bölünýär.
1. Fykhy (amaly) mezhepler,
2. Ygtykady mezhepler.
-
ynsan
13 years ago
- «Fykyh» bir zady kämil derejede bilmek we düşünmek diýmekdir. Bu sözüň dinde aňladýan manysy – bir kişiniň özüne bähbitli we zyýanly bolan amaly hökümleri bilmegi diýmekdir. Başgaça aýdanymyzda, fykyh – kişiniň ybadatlara, muamelelere (adamlar arasyndaky gatnaşyklara) we jezalara degişli şeri (dini) hökümleri düýpli delilleri bilen bilmegidir.
Pygamberimiz «Allah kime haýyr myrat etse, ony dinde fakyh, ýagny, diniň hökümlerine doly düşünýän kişi kylar», (Buhary) buýrupdyr.
Dört çaryýarlar we tabiin döwründe fykyh sözüne «ylym» diýip düşünilýärdi. Şol döwürde kelam, iman, ahlak we tasawwuf ýaly ylymlar heniz özbaşdak däldi. Şonuň üçin Ymam Agzamyň «el-Fykhul Ekber» atly eseri ygtykady meseleleri öz içine alýardy. Emma wagtyň geçmegi bilen fykyh ylmy diňe ybadatlar, muameleler we jezalary öz içine alýan görnüşe eýe boldy.
Häzirki döwürde «fykyh» sözüniň deregine ulanylýan «Yslam hukugy» bolsa, ybadatlara däl-de, diňe muamelelere, jeza we mirasa degişli hökümleri öz içine alýar. Ybadatlar, muameleler we jezalar bilen baglanyşykly dini hökümlere şerigat diýilýär.
-
ynsan
13 years ago
- Fykhy – mezhep ymamlary
Ymamy Agzam Ebu Hanife
Ymamy Agzam –iň beýik ymam diýmekdir. Onuň çyn ady Numan b. Sabit, künýesi bolsa Ebu Hanifedir. Ol hijriniň 80-nji ýylynda Kufede dünýä inýär. Kakasy Sabit hz. Alynyň hyzmatynda bolup, nesli üçin onuň ýagşy dileglerini alypdyr. Sabit aradan çykansoň, Ymamy Agzamyň ejesi Ymam Jaferi Sadyga durmuşa çykýar. Ymamy Agzam onuň terbiýesini alyp ulalýar. Ymamy Agzam hijriniň 150-nji ýylynda Bagdatda aradan çykýar. Oňa Seljukly Soltany Mälikşanyň weziri Şerefül Mülk tarapyndan kümmet salynýar. Osmanlylar bolsa ony täzeden bejerip bezeýärler.
-
ynsan
13 years ago
- Akyda bilen baglanyşykly aýat we hadyslara düşündiriş berýän mezhepler iki görnüşe bölünýär:
1. Ähli Sünnet we jemagat mezhebi
2. Ähli Bida mezhebi
-
ynsan
13 years ago
- Ähli Sünnet mezhebi
Ähli Sünnet – hezreti Pygamberiň ýolundan gidenler, şol ýoldan hiç azaşmadyklar diýmekdir. Bulara Fyrkaýy Najiýe – salamata gowşanlar ady hem berilýär. Ähli Sünnetiň daýanýan esasy çeşmesi Kitap we Sünnetdir. Ähli Sünnetde Maturudiýýe we Eşariýýe diýen iki akym bardyr
-
ynsan
13 years ago
- Maturidi mezhebi
Bu mezhebiň esaslandyryjysy Ebu Mansur Muhammet Samarkandyň Maturid obasynda hijriniň 280-nji ýylynda dünýä inýär. Ol hijri 333, Milady 944-nji ýylda Samarkantda dünýäden ötýär.
Şol döwürlerde dürli medeniýetdäki halklaryň yslama girmegi, hindi we grek filosoflarynyň eserleriniň arap diline terjime edilmegi ynanç we akyda bilen baglanyşykly birgiden jedelli meseleleri döredýär.
-
ynsan
13 years ago
- Dini ygtykat we amaly esaslar bilen gönüden-göni baglanyşygy bolmadyk ýa-da bu esaslara ters gelmeýän täzelikler, soň döreýän däpler bidat saýylmaýar. Ymamy Rabbany ýaly alymlar bidaty iki topara bölüpdir.
-
ynsan
13 years ago
- 1.Bidaty Hasane – asly dinde bolup, emma şekillendirilmedik ýagşy we gözel däp diýmekdir. Bir amal sünneti sahyhada ýok bolsa, derrew inkär edilmeli däl, onuň sünnetde daýanýan deliline seredilmelidir. Mysal üçin, Kuran: «Eý, iman edenler, Allahy köp zikr ediň» diýýär. Bu aýatdaky «köp» sözüne nähili düşünmeli? Käbir alymlar gaýtalanmagy sünnet we sogap bolan «Subhanallahi we bihamdihi», «Subhanallahil-Azym» sözlerine daýanyp günde müň gezek «Lä ilähe illallah» aýdylmagynyň gowudygyny belläpdirler. Namazyň soňunda tesbihden peýdalanmak hem şonuň ýalydyr.
-
ynsan
13 years ago
- 2.Bidaty Seýýi-e – erbet we yslama ters gelýän bidat – däp diýmekdir. Mysal üçin öwlüýäde mazarlaryň başynda şem ýakyp goýmak, mazarda ýatanlardan medet soramak we ş.m. Häzirki döwürde öliniň belli günlerini bellemegi bidat hasaplaýanlar hem bar. Eger: «Öliniň belli günlerini hökman etmelidir» görnüşinde dini bir zerurlyk, ýa-da, ybadat manysy berlip edilse, bu amal bidatdyr. Ýöne hökman edilmeli wajyp ýa-da mendup hasaplaman, däp ýa-da, sadaka görnüşinde edilse, hiç hili zeleli ýokdur. Muny bidat saýmak hem dogry däldir.
-
ynsan
13 years ago
- Şygalyk
Şyga sözi topar, tarapdar, kömekçi manylaryny berýär. Şygalyk dördünji çaryýar bolan hezreti Alynyň tarapdary bolup, onuň ähli beýleki sahabalardan üstündigini kabul edenleriň döreden akymydyr. Bu akym harijilik ýaly ylmy däl-de, syýasy bir akymdyr. Bu hem halyflyk bilen baglanyşykly jedel sebäpli döräpdir. Şygalara görä, hezreti Aly Resulullahdan soň ähli ynsanyň içinde iň fazyletlisi bolandygy üçin ilkinji halyf bolmaga iň laýyk kişidir. Şol sebäpli olaryň düşünjesine görä, ilkinji üç halyf bolan Ebu Bekir, Omar, Osman zalymdyr, bulara tabyn bolunmaly däldir. Şygalaryň pikiriçe, uly günä edenler toba etmezden ölseler, ebedi dowzahda galarlar.
Şygalyk öz arasynda ýigrimä golaý böleklere bölünýär. Olaryň iň esasylary keýsaniýe, zeýdiýe, jaferiýe (ymamyýe), galiýe we batyniýedir. Häzirki döwürde şygalyk Ýýemende, Eýranda we Azerbaýjanda ýaýrandyr. Hindistanda, Päkistanda, Siriýada, Liwanda, Müsürde, Türkiýede hem olaryň tarapdarlary bardyr.
-
mirasymyz
13 years ago
- Sagjabol Ynsan aga, giňişleýin düşündiripsiňiz.
-
Younglord
13 years ago
- Ömrüñ uzak bolsun ynsan dogrudanam gowy ýazypsyñ
Younglord 13 years ago- Sizden geljek jogaplara men sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn