Günlerde bir gün Bählili dana Bagdadyň bir köçe­ sinden geçip barýarka, kel­ lesini diwara goýup, zaryn- zaryn aglaýan bir adamy görüpdir. Bählili dana onuň ýanyna baryp: “Nä­ me üçin aglaýarsyň?” diýip sorapdyr. Ol: “Hilegärçili­ giň duzagyna düşdüm. In­ di diňe Hudaýa sygynyp, kömek dileýärin” diýip, jo­ gap beripdir. Bählili dana elini onuň eg­ nine goýup: “Biziň hemmä­ miz Hudaýa sygynýarys. Nämä duçar bolandygyňy maňa aýdyp ber. Näme üçin beýle zaryn-zaryn ag­ laýarsyň?”diýip sorapdyr. Aglap duran adam öz ýa­ nyndan: “Belki, bu adam maňa kömek edip biler” diýip pikir edipdir-de, bo­ lan wakany Bählili dana aý­ dyp başlapdyr: “Men söw­ dagär. Bu şähere gelem­ de, söwda etmek üçin ýa­ nym bilen bir halta dinar getirdim. Dynç alamda ýa- da şäheriň içinde aýlanam­ da, ýanymdaky haltany ýi­ tirmegim ýa-da ogurlatma­ gym ahmal diýen gorky bi­ len altyn teňňelerden do­ ly haltany bazardaky dü­ kança tabşyrdym.” Bu sözleri aýdyp, söwda­ gär täzeden aglap başlap­ dyr. Jübüsinden elýaglygy­ ny çykaryp, gözýaşyny sü­ pürip, gürrüňini dowam et­ diripdir: “Bazardaky dükan­ çy dogruçyl adam diýip pi­ kir etdim. Daşyndan ol asylly we dogruçyl adama meňzeýärdi. Emma... em­ ma men indi bela uçra­ dym.” Bählili dana söwdagäri kö­ şeşdirjek bolup, oňa: “Gaý­ gy etme! Seniň amanady­ ňy men aňsatlyk bilen dü­ känçydan alyp bererin” diýýär. Hilegär dükançynyň düka­ nynyň salgysyny söwda­ gärden sorap, Bählili dana oňa: “Ertir öýlänki azan­ dan bir sagat öň men şol dükançynyň dükanyna ba­ raryn, sen hem gel” diý­ ýär. Söwdagär: “Onuň ýanyna baramda, men näme diýip, näme edeýin?” diýýär. Bählili dana: “Meni göreň­ de, meni tanaýandygyňy bildirme, meniň bilen gep­ leşme. Emma dükança “Tabşyran amanadymy almaga geldim diýip aýt!” diýýär. Söwdagär bar umydyny Bählili dana baglap, onuň bilen hoşlaşyp gidýär. Ertesi gün günortana go­ laý Bählili dana hilegär dü­ kançynyň dükanyna gel­ ýär. Amanlyk-saglyk sora­ şandan soň, oňa şeýle diý­ ýär: “Horasana gitmek hy­ ýalym bar.” Dükançy Bählili dananyň ni­ ýetini basymrak bilmek üçin oňa: “Enşalla, sag- aman gidip, sag-aman do­ lanyp geliň!” diýýär. Bählili dana üsgüren bol­ ýar: “Hawa, özüm hem şu umyt bilen ýola düşmekçi welin, bir zady alada edip, sapara gidip bilemok” diý­ ýär. Dükançy, onuň derdine dü­ şünýän ýaly bolup, ondan nämäni alada edýändigini soraýar. Bählili dana: “Mende baha­ sy otuz müň dinara ýetýän göwher bar. Sapardan aman-sag dolanyp gelýän­ çäm, ony ynamdar adama tabşyrmaly” diýýär. Dükänçy Bählili dananyň aýdanlaryna üns berme­ ýän ýaly bolan bolup, sat­ ýan zatlaryny ondan-oňa geçiren bolýar. Bählili dana onuň hereket­ lerine seredip, dükançy­ nyň bar pikiriniň göwher­ de jemlenendigini aňýar. “Şäheriň içinde sorag-ideg edemde, seniň dükänyňy salgy berdiler. Şonuň üçin hem seniň dükanyňa gel­ dim” diýip, hilegäre aýd­ ýar. Begenjinden ýaňa dükan­ çynyň elleri sandyrap ugra­ ýar. Sesini üýtgetmejek bolup, Bählili dana şeýle diýýär: “Amanadyňy min­ net etmän saklap bere­ ýin.” Bählili dana dükanyň da­ şyna seredip, söwdagäriň gelendigini görýär-de, ýa­ nyndaky torbasyndan ag­ zy daňlan haltajygy çyka­ ryp, dükançynyň öňünde goýýar. Haltany görende, dükan­ çynyň gözleri ýylpyldap, agzy suwjaryp ugraýar. Edil şu mahal dükanyň içi­ ne söwdagär girýär. Ol gi­ ren badyna dükança: “Amanadymy yzyna almak üçin geldim” diýýär. Dükançy diňe bir Bählili dananyň göwherden doly haltasy barada pikir edip durdy. Amanada hyýanat edendiginiň üsti açylar öý­ düp gorkup, ol öz şägirdi­ ni çagyryp: “Bu adamyň amanat haltasyny amma­ ryň pylan ýerinde goý­ dum, ony basym getirip ber!” diýýär. Söwdagär öz amanat hal­ tasyny alyp, dükandan çy­ kyp gidýär. Bählili dana hem dükançy bilen hoşlaşyp, söwdagä­ riň yzyndan çykyp gidýär. Dükänçy Bählili dananyň gidendigine göz ýetiren­ den soň, haltany alyp, eli bilen onuň agramyny öl­ çäp görýär. Gözüni aýyr­ man halta seredip duran şägirdine: “Işiň bilen bol!” diýip gygyryp, ony dükan­ dan kowýar. Begenjinden ýaňa gözlerine ýaş aýlap, dükançy haltany açýar...

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir