Joharu! bilemok näme sebäpden munuň ýaly hapa sözler ulanýanyňy. Ýöne öň hem duýdurypdyk, adamyň her bir aýdan, ýazan, äden ädimine çenli jogap bermeli güni bar. Gaýrat edip şu ýazjak ýazgymy hem oka we peýdalanjak bol.
Joharu! Gaýrat edip oka we peýdalanjak bol.
-
mirasymyz
13 years ago
- Kurany Kerimde “Indi kim zerre ýaly haýyr eden bolsa, şony görer. Kim zerre ýaly şer eden bolsa, şony görer. (Zilzal 99/7-8) diýilmek bilen, zerre ýaly haýyr iş eden hem bolsaň serpaýyň ýapyljakdygy we zerre ýaly şer işiň-de jezasyz galmajakdygy aýan edilýär. Şeýle ylahy permanlar adamlara jogapkärçilikli ýaşamagy, jogabyny-hasabyny berip bilmejek erbetliklere bulaşmazlygy ündeýär. Şeýle iman we ynanja eýe ynsan betnam bolman, ol dünýäde ýüzügara etjek işlerden uzak durmaga çalşar.
-
Tourist
13 years ago
- Sag bol mirasymyz gaty gowy
-
idealman92
13 years ago
- Wah,shular bir täsir etse,Ýazgeldi
-
Friendship
13 years ago
- Goy, Alla senden razy bolsun, mirasymyz!
-
Selman
13 years ago
- Johari agza indi düshüner diýip umyt edeliñ.
mirasymyz agza minnetdarlyk bildirýän
-
googleon
13 years ago
- sag bol mirasymyz.
-
W
13 years ago
- ADAM YALY AYDYLANDA DUSHUNMEJEK ADAMA, MASLAHATDAN NE PEYDA MIRAS DOST! "ADAM BOLANA, OZUNDENEM GOWY ADAM BOL, BOLMADYGA OZUNDENEM BETER HAYWAN BOL!"
-
mirasymyz
13 years ago
- Gaýrat edip bu temada bir hapa söwmäweriň. Nesip bolsa hemme zat düzeler.
-
vipboy
12 years ago
- eyyam duzeldi oytyan
mirasymyz 13 years ago- “Amenna, saddakna, magşar günleri
Bir gün alnymyza gelse gerekdir.”
Magtymguly.
Allaha imandan soň, durmuşyňy başdan-aýaga gözden geçirip, düzgün-nyzama salmaklyk, adamzadyň bagtly durmuşda ýaşamaklygy, haşyra – ýagny ölüm aňyrsy durmuşa ynanmagyna baglydyr.
“Haýsy iş bilen meşgullansaňyz meşgullanyň, Kurandan näme okasaňyz okaň, näme iş etseňiz ediň, asla unutmaň, biz şol wagtky pursatyňyza şaýatdyrys (Her bir etmişiňizi görýäris). Ne ýerde, ne-de gökde jinnek ýaly zat Rabbiň gözünden sypmaz...” (Ýunus 10/61)
Ýagny ähli wakalary we hereketleri, ýörite wezipelendirilen perişdeler ýazyp bellige alýar. Uly-kiçi, gizlinu-açyk, ähli zat hasaba alynýar. Ynsan ogluna magşar güni bularyň ählisiniň hasabyny bermeli boljakdygy ýatladylýar.
Şeýle aň-düşünjedäki ýaşaýyş, dogry ýaşaýyşdyr. Bu ynanç bilen ýaşaýan şahslardan ybarat jemgyýet asuda-parahat, bagtly durmuşda ýaşar. Beýle jemgyýetde haramlyk görülmez, başbozarlyk bolmaz, hiç kimiň hak-hukugy basgylanmaz, ejiziň zadyna göz dikilmez.
Hawa, adamzady haramlardan daşda tutýan, erbet ýollara düşmekden saklaýan iň ygtybarly ýol - ölümden soň direljegiňe, her etmişiň üçin hasap berjekdigiňe ynanmakdyr. Ýaşlygyň ýelgininiň öňünde durup biljek, ölüme ýakynlaşdygysaýyn her ädimde umytsyzlyk girdabyna sataşýan garrylara umyt çeşmesi boljak, çagalaryň päk ýüreklerinde mydama begenjiň çyragyny ýakyp ýagtyltjak hem haşra imandyr.