Bir sopynyň Käbä gidesi geldi, Oňa “gitme” diýen enesi boldy. Enesi näsagdy, takwa sopy hem Enesini togap ederdi her dem. Ene öldi, sopy satdy öýüni, Ýene-de ol Käbä berdi küýüni. Elli dinar boldy öýden düşen pul, Hasa alyp ýola düşdi bu ogul. Barýar sähra bilen geýip nagleýin, Teşnelige boýun, açlyga boýun. Ýöredi, ýöredi, menziller aşdy, Bir gün welin, galtamana sataşdy. Ol diýdi: “Eý, sopy, kisäňde näm bar? Gapjygyňy ýyrtjak bolýarmy dinar. Jahankeşde sopy – dogruçyl ogul, Sopy bu ýerde-de boldy dogruçyl. “Elli dinarym bar, ýok başga zadym, Mekge diýip ädip barýaryn ädim” Galtaman hem diýdi: “Çykarma hokga, Çykar bar zadyňy kisäňden, takwa” Takwa gapjygyny talaňça berdi, Soňra ähli kisesini çöwürdi. Altyn dinarlary sanan betgylyk, Diýdi: “Sopy, sen-ä gitdiň beýgelip. Dogruçyl adam sen, dinarlar elli, Seniň ýala degirmerin elimi. Sen gowy adamsyň, men näletkerde, Sen – awçy, men – aw, tutdyň şu ýerde. Men duzaga düşen akmajyk keýik, Men - örän kijijek, sen bolsa – beýik”. Ýene şeýle diýdi: “Edýän towakga, Mün meniň atyma, eý, beýik takwa. Sowulman gidiber şu ýoda bilen, Bararyn yzyňdan paý – pyýada men. Ulagyndan düşdi ulag eýýesi, ...Bir ýyldan ýene-de duşdy ikisi. Galtaman-a mürit, sopy bolsa pir Boldular. Sowuldy köp agşam – ertir. Tä ajal kertýänçä söz ýüplügini, Ýaşadylar berip egne egini.
Abdyrahman Jamydan hekaýat
-
Abadan
13 years ago
- sag bolyn mirasymyz paylasanyna. Su yerde 'murit diyen yerine dusmedim. Name diymek bolyar murit?
-
Eldarado
13 years ago
- Mürid- sopy.
müršid- pir bolýar.
mirasymyz gowy tema eken.
-
technolog
13 years ago
- mirasyzmyz, ellerine saglyk, sheyle hekayatlary yetirip dur....
-
ependi
13 years ago
- sagbol mirasymyz
-
YaSwami
13 years ago
- Sag bol mirasymyz,muny kopi-pasta edeýin,+10
ynsan 13 years ago- sag bol paylashanyna miras aga. Owadan hekaya