“Bismilla” diýen zenan Bir aýal her söze we her işe başlanda “Bismilla” diýer eken. Sebäbi ol Bissimillanyň uly güýciniň barlygyna ynanar eken. Bissimilla diýip ähli zada Allanyň ady bilen başlar eken. Ol aýalyň Alla ynanmaýan adamsy bar eken. Aýalynyň her ýerde “Bismilla” diýmegine gahar edýärmiş. Ol, Bissimillanyň güýjüni ýalana çykarjak bolup bir plan düzüpdir. Bir gün aýalyna içi puldan doly gapjygy berip, “Keýwany muny gizle, soň senden alaryn” diýipdir. Aýaly gapjygy “Bismilla” bilen bir ýere goýup, üstüni örtýär. Adamsy bolsa aýalyndan habarsyz gapjygy alyp, guýa atýar. Soňra bir gün bolsa aýalyndan gapjygy getirmesini isläpdir. Aýaly gapjygy goýan ýerine baryp, “Bismilla” diýýär. Şol wagtyň özünde Allatagala Jebraýyl perişdä ýere inip gapjygy guýudan alyp, ýerine goýmasyny buýurýar. Jebraýyl perişde gapjygy guýudan alyp, suwy bilen getirip ýerine goýýar. Aýaly gapjygy almak üçin elini uzadan wagty eli öl bolýar. “Bu gapjyk nädip öl bolduka?!” diýip haýran galýar. Bolan zatlardan habarsyz adamsyna eltip berýär. Bu ýagdaýy gören adamsy şol wagtyň özünde toba edip, musulman bolýar. Mundan soňra hem her işe başlanda “Bismilla” diýmäge başlaýar.

Köneler, Selman tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir