2002-nji ýylda Harby instituty tamamlap,obadan uzakda harby bölümde ishe bashladym.Obamyzdan Jemal atly bir gyzy söýüp,onuñ bilen söýgi hatyny alyshýardym. Men bir gün Jemalyñ doglan gününi gabatlap,oba bardym.Jemalyñ doglan gününi gutladym.Ejem bilen kakam meni öýlendirmekçi bolýandyklaryny aýtdylar.Men öz halashýan gyzymyñ bardygyny,onuñ bilen birnäce wagt bäri hat alshyp ýörendigimi öýdäkilere aýtdym.Olar düýbünden garshy boldular.Ejem maña kakamyñ doganynyñ gyzyny almakcydyklaryny aýtdy.Men muña garshy boldum.Emma ejem: /Seniñ söýen gyzyñ ulaldan ejeñden,terbiýeläp,asylly ýigit edip ýetishdiren kakañdan ezizmi? / diýdi-de,öz /söýen/ gyzlary Çemeni töre gecirdiler oturyberdiler. Biziñ toý tutanymyza üc ýyl gecenem bolsa,men özümi bagytly saýamok.Çemen ikimiz bir-birimiz bilen düshüniship hem bilemzok,agzabir ýashashyp hem. Dogrusy,meniñ-ä,Çemeni hic sulhum alanok.Ýogsa,enem atamyñ göwni üçinem onuñ bilen ýashashjak bolýan welin,tüýs /Söýgüsiz durmush,duzsuz ash/ diýilishi ýaly,durmushym manysyz gecip dur.Biziñ perzendimiz hem bolanak.Onuñ üçin lukmana-da,tebibe-de ýüz tutduk,häli-häzire çenli bolan-goýan zadymyz ýok.Men soñabaka deñ-dushlarymyñ ýanya kemsinip bashladym.Mashgala oñushuksyzlygy,perzent küýsegi köýen söýgimiñ alawy bolup gün-günden örtäp barýar.Üstesine-de,söýgüde eden biwepalygymydan ejir cekip,ynsabym öz özümi kötekläp dur. Bir günem söýgime söýgi bilen jogap berip, bagt kölünde gulaçladan ilkinji söýgülim Jemalyñ toý tutýandygyny eshitdim.Öñem söýgüden armanly ýüregimde körän odum täzelendi.Giñ dünýäm daralyp,janyma jaý tapmadym.Emma indi etjek alajym ýokdy,özüme nesip etmedik Jemaly özge ýigidiñ bagytly etmegini diläp oñmaly boldum. Bir gün /Türkmenhowaýollaryna/ petek almaga baranymda,tötänden Jemala meñzesh bir gyza gabat geldim.Onuñ bilen tanshyp,aragatnashyk sakladym.Shol öñki bakyshlary,owadan mawy gözleri ýatladyp duran bu gyz meniñ kalbyma Jemal bolup aralashdy.Ýöne indi meniñ kanuny aýalym bar ahyryn. Enemiñ-atamyñ,öz ykbalyny maña baglan Çemeniniñ hatyrasyna mashgala ojagyny ýykmaga hakym ýokdy... Mähriban adamlar! Söýgüde diñe gyzlar aglamaýar,ýigitler hem aglaýar eken.
Söýgüde diñe gyzlar aglamaýar,oglanlaram aglaýar eken
-
Myahri6a
13 years ago
- Aladin, zurnaldan aldyn gerek??
-
Abadan
13 years ago
- Her kimin ykbaly her hili. Muna durmu$ diyyarler. Biri söyyar,biri köyyar yene birem yanyar. 2 barmak manlayda gowysy bolsun.
-
ALADIN
13 years ago
- @Myahri6a köneräk £urnaldan aldym
-
Abadan
13 years ago
- Wiy aladin,howwa $o men ))),tes.comda temanyzda jogap yazmadymam,halirak okadym. Gaty görman jogap bermedigme.
-
YakupYMB
13 years ago
- Bilýän
-
sahett
13 years ago
- manyly hekaya eken
-
ALADIN
13 years ago
- @abadan
Zeleli ýok,sowgadyñ ücin minetdar!
-
vesna87
13 years ago
- gaty gowy hekaya.
-
dentist
13 years ago
- hekaya soz yok yone shol hekaya oz bashyndan gechen bolsa pomoemu senem publika ishlemek uchin bir yerden okaydyn oydyan
-
EsCaDa
13 years ago
- teswirlerdede bardy oytyan
prokuror 13 years ago- aladin elbetde aglaya sebabi hemmesem adamahyry hemme kishidede yurek bar! yigitler aglamaya diylen zat hich yerde yazyk zat okamok mena gyzlarynam hemmesi aglaya diyip okamok. ol adamyn ozune bagly kimsi aglaya kimsi aglap bilmeya!