Mübärek Remezan aýynda oraza tutmagyň hem maddy hem-de ru­ hy taýyndan peýdalary diýseň köpdür. Alymlar bir aýlap agyz beklemek bilen bir hatarda, ruhy taýyndan hem kämilleşýändigiňi aýdýarlar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, Mukaddes Remezan aýynda ora­ za tutan adam, öz-özüne erk et­ megi öwrenýär. Islegleriniň we duýgularynyň jylawyny özünde saklap bilýär. Oraza tutan adam öz nebsine erk etmegi hem öwrenýär. Agyz bek­ län adam diňe bir parzy ýerine ýe­ tirmän, eýsem, ruhy kämillige-de ýetip bilýär. Agyz beklemegiň ag­ şama çenli hiç zat iýmän-içmän gezmek däldigini aýdýan alymlar, onuň adamlaryň arasyndaky agzy­ birligi hem artdyrýandygyny nyg­ taýarlar. Esasan-da, agzaçar wagt­ lary birek-birege myhmançylyga gitmek hem muňa mysaldyr. Bu mübärek Oraza aýynda biriniň ag­ zyny açmaga kömek etmegiň so­ gaby örän uludyr. Tutýan orazaňyz kabul bolsun, hormatly adamlar!

Köneler, ruhabat tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir