KÖR OGLAN Gözüm açsam tüm gelýär, Eşitsem sesi diýýän kim gelýär? Käte aglap bir ... özüm, Diýýän munda ölesim gelýär.. Ile çykmaga ýüzüm ýok, Görmäne görer gözüm ýok, Diýmýäne ýagşy sözüm ýok, Ýagşy ýaman bary deň gelýär... Aç gözüm, Taňrym, göreýin, Ýa-da sal, ýere gireýin.. Gözüm aç, Taňrym, göreýin, Ýa-da sal, ýere gireýin.. Arzuw edýän biderek, Ezildi aglap ýaş ýürek, Ak süýt beren jan käbäm, Senden başga men kime gerek? Salam alsam diýýän kim sen? Öz-özüme diýýärdim sen Ýagty dünýäň görkün görsem Gulak eşidýär ýöne ýaň gelýär Hiçkim dada ýetişmez Meniň üçin aý günem ýaşmaz Jigerim janym ýandy Ýanan janym indi sowaşmaz Şat durmuşum gaýdyp gelse Ykbal öňki ýaly gülse Meniňem maşgalam bolsa; Bu durmuşyň kime deň gelýr

Köneler, ALADIN tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir