"Söýýäniň çyn bolsa” Eger meni söýýänligiň çyn bolsa, Maňa garap, “Söýýän” diýip aýtma sen. Eger meni söýýänligiň çyn bolsa, Barybir bilerin aýtsaň-aýtmasaň. Gözleriňe bakyp bilerin ony, Söýginiň gözelri şeýledir başdan. Garaňky gijeler çopan goşunda, Ýakylan ot kimin görüner daşdan. Gaý-tupanda galsam, ýatlasam seni, Meni gara gözleň hemişe goldar. Eger şol gözleriň aldaýsa meni, Senem ol gözlerden isleme dalda, Meni aldan gözler Seni-de aldar. "Men seni söýýän” Dagdan ynam bilen düşdüm yzyna, Daş dek ykraryma ömürlik uýýan. Iller näme diýse diýibersinler, Meniňki şol bir söz: - Men seni söýýän. Söýmek hem söýülmek ýüregiň derdi, Hersi bolup biler bu juwanlykda. Kimmişin ol meni söýeňok diýip, Seni aýyplajak biwepalykda. Ýöne rastyň diýmän gizlenseň eger, Gutulyp bilersiň. Öňünden duýýan. Diýerin men saňa bir ýerden jyklap, Meniňki şol bir söz: - Men seni söýýän. Garaňky gijeler azaşsaň ýalňyz, Menem gara gijä tutup ýüzümi. Duýdurman öňüňden çykaryn birden Hemem gaýtalaryn şol bir sözümi. Meni söýseň iki ýürek birleşip, Bir ýürek boljagyn öňünden duýýan Eger-de söýmeseň… Söýmeseň söýme. Meniňki şol bir söz: - Men seni söýýän. "Toýda okalan goşgy” Özlerine ogul gerek bolaýsa, Gyz hem bolsa, Ogulgerek diýerler. Gundaglyja aglap ýatan bäbegi Ogulgerek, oglum, diýip söýerler. Şonuň üçin dünýä inen badyna, Ogulgerek dakypdyrlar adyna. Ogulgerek dakypdyrlar adyna, Tutar ýaly ogullaryň deregin. Wah, olar nireden bilsin ahyry Biziň Ussamyza gyzyň geregin :) Ogulhem gerekli, Ogulgeregem, Geliň dostlar, götereliň tosty biz. Hem-ä söýülýänleň, hemem söýýänleň – Aşyk-magşuklaryň söwer dosty biz. Gyzjagazlar bolsun ekiz-ekizden, Ogullarnyň her birisi ner bolsun. Bu dünýäde armanyň nä köpelseň, Esasy zat – agyzlary bir bolsun. Bulaň bary bolar gider kem-kemden, Ir entekler bu barada oýlanmak. Ilkinji tost çyn söýginiň saglygna. Ýaşasyn dünýäde söýüp öýlenmek. “Ýyldan ogrynça” Gülüm duşuşmaga söz berdi maňa, Duýdurman gel diýdi. Geldim ogrynça. Çalaja tolgunyp, garaşdym oňa Bilbile duýdurman, gülden ogrynça. Dolan aý ýalbyrap, asmana galdy, Kümüş şöhlesini her ýana salddy, Gülüm gyzyl geýnip, gujagma doldy, Sypadym zülpüni ýelden ogrynça. Çal bulutlar pytrap, syryldy perde, Bahar ýeli oýun gurdy bir ýerde, Menem gül içinde – çolaja ýerde, Öpdüm söýgülimi ilden ogrynça. Bagt bilen balkyldap ýarymyň gözi, Bagyň güli ýaly görk berdi ýüzi, …Ýok, garradyp bilmez ýyllar hem bizi, Ýaşaýas ýar bilen ýyldan ogrynça. "Uç inçe, üç ýogyn…” Üç inçe, üç ýogyn, üç ak, üç gara… (Kemine) I. Akar suwyň bady galar belende, Derýalar meňzärler çalymtyk daňa. Atyr ysy bilen bahar gelende, Duýgular inçeler bahardan ýaňa Muňa belentdirler ýazy görenler, Üç inçe diýerler muňa ýaranlar. Daglaryň egniniň gary düşende, Ýaz düwen miweler kemsiz düwende, Güller başyn egip, ülpülleşende, Damjalar daş bolup, dagy deşende, Muňa belentdirler tomus görenler, Üç ýogyn diýerler muňa ýaranlar. Söýgülim, dünýäni nädeýin sensiz, Söýgimiz güýz bolup eçilse kemsiz, Tomus eken gülüm açylsa kemsiz, Ömrüme güýz bolup seçilse kemsiz Hemem maňa eziz bolsa syrdaşym Ine, muňa ak diýerler, gardaşym. Meniň ýüregimde bir arzuwym bar, Ine, ýetip geldi gara gözli ýar, Zeminimem ak gar, asmanam ak gar. Üç gara gül berdi ak donly diýar, Dört pasyp deň-duşum, dost-ýarym bilen, Ýyldan-ýyla geçýän hossarym bilen. II. - Üç inçe näme? – diýip soradym ýardan: - Şol üç inçäň biri bilimdir – diýdi. - Ikinjisi näme? – soradym ýardan: - Ikinjisi meniň bilimdir – diýdi. - Üçünjisi meniň bilimdir – diýdi. - Üç ýogyn näme? – diýip soradym ýardan: - Üç ýogynlaň biri haýbatym – diýdi. - Ikinjisi meniň gurbatym – diýdi. - Üçinjisi meniň gybatym – diýdi. - Üç ak näme? – diýip, soradym ýardan: - Ol aklaň birisi bilegim – diýdi. - Ikinji ak näme? – soradym ýardan: - Meniň saňa edýän dilegim – diýdi. - Onsoňam dünýäde ýene bir ak bar, Ol meniň jepakeş ýüregim – diýdi. - Onsoň gara näme? – soradym ýardan – Uýalma, jogap ber bakma-da aňryň. - Sürme, wesme bilen üýtgetsem reňkim, Özüň bagyşlawer, gudratly taňrym. Onsoň ýene şeýdip soradym ýardan: - Ak näme? - Ak meniň dabanym – diýdi. - Akdaban!… Ýanyňdan daşlaşdym çakgan, Allahym saklasyn muň ýaly akdan. Onsoň ýene şeýdip soradym ýardan – Gara gözli, gara gaşly garadan: - Seni söýmek bormy? - Ýit-ä ýer çeken… Bu ne gyzlar – bu ne bela, ýaradan! …Gyzlar Ezizi gyzlar, şahyrlara hem Alkyşlar aýdalyň uly il bilen. Hem şahyrlar üçin, Hem gyzlar üçin, Onki syn ýaraşmyş inçe bil bilen. Halyl Kulyýew

Köneler, ALADIN tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir