Angliýaly J.K. Rowlingiň ýazan “Harri Potter” ertekileri ilkinji gezek 2001-nji ýylda ekranlaşdy­ryldy. Şondan bäri geçen on ýylda “Harri Potter” seriasynyň 8-nji we iň soňky filmi geljek hep­de peýda bolar. Bütin dünýäni, aýratynam kiçi ýaşlylary özüne bendi eden bu seria ahyry ta­mamlanýar. Häzirki wagta çenli düşürilen 7 film 6,5 milliard dollara golaý girdeji gazandy. “Harri Potteriň” il­kinji filmi iň köp pul gazanan bölümi bolup, ortaça her bölüm 909 million dollarlyk kassa ýygy­myny toplady. Şübhesiz filmiň soňky bölüminiňem 1 milliarda golaý girdeji gazanmagyna gara­şylýar. Harri we dostlary Hermonie hem-de Ron bilelikde ölüm iýijilerden gaçmaga mejbur bolýarlar. Olar şol bir wagtyň özünde-de arwahlaryň ýoguna ýanmak üçin göreş alyp barýarlar. Beýleki tarapda bolsa Woldemort güýç toplaýar. Woldemortyň güýç toplamagy Harri üçin soňuň baş­langyjy bolýar...

Köneler, sahett tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir