1) Ir bilen turup, a) ýatýan ýeri­ mi hiç haçan ýygnamaýaryn b) ýatýan ýerimi köplenç ýyg­ naýaryn, emma käwagt unud­ ýaryn. ç) ýatýan ýerimi hökman ýyg­ naýaryn. 2) Sapaklarymyň rejesini a) ir bilen taýýarlaýan. b) adatça agşam taýýarlaýan, ýöne käwagt unudýaryn. ç) hemişe agşam taýýarlaýan. 3) Okuwa geýýän egin-eşikleri­ miň a) ütügine we tämizligine hiç hi­ li üns bermeýän. b) ütügine we tämizligine köp­ lenç halatda üns berýän, emma käwagt unudýaryn. ç) ütügine we arassylygyna hökman üns berýän. 4) Depderlerim we kitaplarym a) köplenç daşsyzdyr, ýyrtyk- ýyrtykdyr. b) adatça arassa we abatdyr. Muňa garamazdan, käwagt ki­ tapdyr depderlerimi abat sakla­ magy unudýaryn. ç) hemişe arassadyr, abatdyr we daşlydyr. 5) Mugallymymyň öýe berýän ýumuşlaryny a) tapan wagtym bölejik kagy­ za, bolmasa-da elime belläp alýa­ ryn. b) haýsy hem bolsa bir depderi­ miň arka tarapyna ýazýaryn. ç) ýörite öý işi depderime ýaz­ ýaryn. 6) Aýakgabymyň bagjyklary a) adatça daňylgy däldir. Hatda, käwagt oňa çolaşyp, ýykylýan wagtymam bolýar. b) köplenç daňylgydyr. Emma ýaltanyp, daňmaýan wagty­ mam bar. ç) hemişe daňylgydyr. 7) Agşamara öýe dolanyp gele­ nimde a) okuw torbamy we eşiklerimi saga-sola zyňyp, oýun oýnama­ ga başlaýaryn. b) okuw torbamy we eşiklerimi öz otagymda goýup, oýnama­ ga gidýärin. ç) okuw torbamy otagyma, egin-eşiklerimi bolsa şkafyma tertipli ýagdaýda goýýaryn. Soňra oýnamaga gidýärin. 8) Otagym adatça a) çalam-çaşdyr. b) tertiplidir. Emma käwagt ota­ gymy ýygnaşdyrmagy unudýa­ ryn. ç) örän tertipli we arassadyr. Netije Ç jogaby köp bolan okuwçy durmuşynyň ähli ýerlerinde düzgün-tertiplidir, arassadyr, her bir işi sabyrlylyk bilen çöz­ ýändir. Durmuşda üstünlikleri köp bolan adamlary synlasa­ ňyz, olaryň düzgün-tertiplidigi­ ne, sabyrlydygyna göz ýetirer­ siňiz. B jogaby kän bolan okuwçylar­ da aram-aram azda-kände ýalta­ lyk ýüze çykýar. Şeýle-de, olar daş-töwereginde bolup geçýän wakadyr hadysalara parhsyz­ lyk bilen garaýarlar. A jogabyny köp saýlan okuwçy­ lar bolsa hemişe haýsydyr bir zady unudýarlar. Depderiňi öý­ de unutmak, tertipsiz otag, da­ gynyk şkaf ýaly zatlar häzir kän bir wajyp görünmese-de, wagtyň geçmegi bilen şeýle zat­ laryň durmuşda yz galdyryp bil­ jekdigini unutmaly däldir. Mähri­ ban okuwçylar, üstünlikleriňize päsgel berip biljek zatlary tiz­ den-tiz ýoluňyzdan aýyrmalysy­ ňyz!

Köneler, ruhabat tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir