Bir hekaýa kitabyndandan ýadymda galanyndan paýlaşaýaýyn. Özümçe käbir ýerlerine goşant goşdym. Ýürekde ýara açmamak gerek emma gynansagam, kä halatlarda üns bermän açylmagyna sebäp bolaýýas. Bu hekaýa belki birazajyk ünslüje bolmagymyza peýda berer umydy bilen… Ol gün ýene-de oba adamlary Kakamyradyň gapysy çalypdyrlar. Adaty bolşy ýaly ýene-de ogly Toýlynyň bet gylygyndan, çagalaryna berýän zeperinden dem urupdyrlar. Kakamyrat olardan ötünç sorap, razylyk isläpdir we ogly bilen agşam öýe geleninde ikiçäk gürleşjekdigini nygtapdyr… Agşam Toýly öýe geleninde, Kakamyrat ogluny garşysyna alyp: “Gel seniň bilen bir şertnama baglanyşaly. Şu tagtany al we mundan soň her dawalaşan dostuň üçin tagta bir çüý kak.” diýýär. “Eger, bir gün çüý kakmadyk güniň ýetip gelse, (ondan soň hem kakmajagyňa söz berseň) öňden bäri isläp ýören welosapediňi alyp berjek, doglan güniňe garaşyp oturman.” diýip ylalaşýarlar… Toýly birinji hepde 43 çüý kakýar. Emma, soňky hepdelerde azaltýar we 28 gün soň çüý kakman başlaýar we welosapedini talap edýär. Kakamyrat beren sözünde durýar, islän welosapedini alyp berýär we Toýla “mundan soň her dawalaşmadyk güniň üçin bir çüýi çykar” diýýär. Sanalgyja gün soň çüýler doly tagtadan çykarylýar. Şol güniň şanyna Kakamyrat öýünde “palow” (iýesim gelip gitdaý!!) bişirdip napitakly maşgalada “üýtgeşik gije” gutlap belleýär. Gijäň soňlarynda Kakamyrat ogluny garşysyna alyp: Tagtany ünslüje synla! Indi öňküsi ýaly tekiz dälde çüý yzlary bilen galar. Seniň hem dawalaşan mahalyň agzyňdan çykan her söz, eden her ýalňyş herekediň, dostlaryňyň ýüreginde çüý kimin yz galdyrar we bagyşladym diýse-de yz galar…
Ýürekde açylan ýaralar(hekaýa)
-
aynash
13 years ago
- manyly hekaya,sagja bol ruhabat paylashanynga.
-
mirasymyz
13 years ago
- Sagbol paýlaşanyňa.
-
Tourist
13 years ago
- Thanks ruhabat
-
Camry
13 years ago
- Many! Sag bol Ruhabat, gaty gowy hekaýa!
-
ruhabat
13 years ago
- Sizem sag bolyñ
sahett 13 years ago- oran manyly ruhabat sagjabol teswir goymasanam seydip arasynda yazgy yazyp dur