Bolanmyşyn bir gün şeýleräk waka Çynmy ýalan ony Alla bilipdir Çaýlaşyp oturan ata- ogulyň Arasynda şeýleräk gep bolupdyr Kakasy diýenmiş ogluna bakyp Hakyky erkekler barmyka hälem Aýalyna diýenini etdirýän Megerem ýokdurla ynanaý balam Ogly ylalaşman kakasy bilen Diýenmiş bardyrla edenli ärler Türkmen aga beýle ownaýan däldir Heleýden gorkýandyr gursagy darlar Diýenmiş kakasy, -“Oň ýaly bolsa” Ýüz towuk hem iki aty al ogul Bir çetinden girde küren obanyň Erkek niçik aýal niçik bil ogul Diyenin etdirse berewer aty Aýaldan çekinse bir towuk paýy Gör-bak niçik bolýar bu gepiň soňy Gelýänçäň içeýin bir çäýnek çaýy Şeýdip ogul giren obaň çetinden Diýilen zatlary alyp ýanyna Sesine bat berip çykýarmyş öýden Murtly-murtly erkek sygman donuna Haýbatly bolsa-da olaryň murty Ýetenmiş bar güýji towuk almaga Nätjek hakykaty aýtmaly bolýar Murt ýeterlik däl-ä erkek bolmaga Şeýleräk ýagdaýam bolupdyr şonda Bir erkege berjek bolsalar towuk “Alyp bilmen aýalymdan soraşman”- Diýip, gelenleri goýberen kowup Baran öýi hyrydary towugyň Atlar welin bir-birinden owadan Ikisi hem jylawyna towsup dur Arman alan tapylmandyr obadan Ýetenmişler şeýdip iň soňky öýe Görseler işikde goýy saýada Çaýlaşyp oturan aýaly bilen Murty pişge ýaly daýaw pyýada Aýdanmyşlar murtla jedeliň şertin Ajyja gök çaýdan köklän ol çaky Häzirä aýdanmyz bolýandyr öýde Bolmanam bir görsün diýenmiş häki Haýbat bilen bakyp töweregine Murtyny sypalap, galgadan elin Bizde kakasynyň aýdany-aýdan Diýenmiş ýaşmagyň astyndan gelin Muny eşdip begenmiş baranlar Ahyr tapdyk diýip ärleň ärini Diýenmişler eýle bolsa agamjan Saýlada al şu atlaryň birini Gyzyl aty daňaýyň şol gazyga Diýenmiş ýassyga tirsekläp murtly Şol wagt golaýrak süýşüp gelini Pyşyrdap murtlynyň böwrüne dürtdi Boz-ýaz bolanmyşyn murtlynyň ýüzi Diýenmiş “Oglanlar ýogsada neme… Bizä-hä ak aty almaly bolduk Beräýiň ol aty berseňiz kime” Atyn alyp berenmişler bir towuk Galanynam alyp öýe gaýdanlar Bir salymda bolup geçen zatlary Baryp goja birin-birin aýdanlar Loh-loh edip gülüp ak sakal goja Diýenmiş atlary daňaý ýataga Towuklardan goýda adama birin Galanyny gabaý ogul ketege Tapylmandyr şeýdip küren obadan Heleýini getirjek är amana Hany gulaklary tüýli türkmenler Golaýlap ýörmükä ahyrzamana

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir