Seniň ýok wagtyňda seni taryplap, Gijeler ýatmadym, goşgular goşdum. Sen maňa mydama bolsaňam ýakyn, Seniň ýanyňdakam sen maňa daşdyň. Zöhre ýyldyzy dek alysdyň menden, Mawy gözýetimden salardyň ýalkym. Yzarlap, yzarlap, barsamam ýene, Güýçlenerdi derdim, Gowşardy erkim. Ýygralyk boldumy, ýaşlyk boldumy, Sadalyk boldumy… bir zad-a boldy. Ýyllar boýy ýüregime ýer eden, Aýdylmaly sözler aýdylman galdy. Aýdylmaly sözler bilen ulalyp, Aýdylmadyk sözler bilen söýdüm men. Ahyr olar böwsüp çykdy ýüregmi, Ýasadym olardan ajap aýdym men. Ol aýdymy diňläp görseň her haçan, Bagt dumany gaplap alar seriňi. Aýdylmadyk sözler aýdarlar saňa, Bir ýürek däl, ýüz ýüregiň syryny. Söýmeseň-de, alabahar gary dek, Pagyş-para eräp, dişlärsiň barmak. Meniň üçin ajaýyp bir ýeňişdir, Daş dek bir ýüregiň ereýşin görmek.

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir