Zenan legendäki chalymtyk suwy birsalym synlap oturdy-da, gör, näçinji gezekdir, kalbyny gaplap alan öýke-kinesini, aňyndaky oý-pikirlerini legendäki hapa suw bilen bile krandyň aşagyndaky çukura dökdi. Ol legeni birnäçe gezek çaýkaşdyryp ýuwdy-da, krantdan legene arassa suw akdyrdy.“Käşgä adam pahyryň göwnünem şeýdip täzeläp, arassalap bolýan bolsady” diýip içini gepletdi. Onsoň krandyň suwuny ýapdy-da, legeni öňüne süýşürdi. Legendäki sowujak, arassa suwa elini sokdy: “Zenan kalby ýaly arassa, tämiz” –diýip oýlandy. Gapdalyndaky paraşokdan (kir ýuwujy serişdeden) bir gysym aldy-da legendäki suwa salyp, eli bilen bulaşdyrdy: -“Aýdaly bu-da gylyk-häsiýet, edep-ekram, durmuş tejribesi”. Ol gapdaldaky bedreden kürüşge bilen gyzgyn suw alyp legendäki suwuň üstüne guýdy.“Bu-da seniň ömürlik ýan-ýoldaşyň saňa bolan mähri, gyzgyn söýgüsi,, zenan kalbyna goşulşýar-da mylaýymjak her bir gaýgy-aladany, kynçylygy ýeňip geçmäge ukyply göwün döredýär. Ol durmuşda gabat gelýän her-hili kir-kimiri ýuwup arassalamaga ukyply göwün.” Aýal mylaýymjak paraşokly suwy eli bilen bulaşdyrdy-da, ýüzündäki köpürjiklerini bir gapdala syryp, suwy synlady. “Arassaja” – diýdi. Soňra gapdaldaky eşiklerden birki sanysyny legene salyp ýuwup başlady. “Bu hapa eşikler bolsa seniň göwnüňde ýok zatlary saňa ýöňkäp atylýan töhmet ýaly zat. Seniň kalbyňa, ykbalyňa, mertebäňe mynasyp däl gep-gürrüñler.” Ol legendäki eşikleri ýuwup sykdy-da, gapdaldaky arassa suwdan dolup duran ullakan legene atdy. Öňündäki legen bolsa entegem ap-ak köpürjikden dolup durdy. Ol köpürjükleri ýene-de eli bilen gapdala syrdy. Köpürjikleriň aşagyndaky suw indi arassa däldi, ol çalymtyk reňklidi. Aýal legenden elini çykardy, ýene-de legeniň ýüzi ak köpürjikden doldy. “Hawa-da adamyň kalbyna çöken, kalbyny hapalan zat daşyndan görünip duranok. Daşyndan seretseň her-kimiň göwni şu ak köpürjik ýaly arassa görünýär” – diýip oýlandy. Ol legendäki paraşokly suwa birnäçe gezek hapa eşikleri salyp ýuwdy. Indi legendäki suwuň ýüzünde hiç-hili köpürjigem görünmedi, ol suw goňrumtyl hapa suwa öwrüldi. “Her bir zadyň öz çeni bar. Geçirimliligiňem, gaharyňy ýuwutmagyňam, öýke-kinäňi içiňde saklamagyňam, ile syr bildirmän, ähli gaýgy-aladaňy özüň çekjek bolmagyňam, hemmesiniň öz çeni bar. Ol ahyrsoňy şu hapa suw ýaly göwnüňe çöküp, göwnüňi hapalar, ony hiç zat görkezmän saklap bilmez. “Tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez”. Adam söz ýarasy bilen bütin ömrüne ýaşar, şol zerarly näsaglar, garrar, häsiýeti üýtgär, garasöýmez, gödek bolmagam, göwniçökgün bolmagam, ýene-de şoňa meňzeş ýaramaz häsiýetleriň döremegem mümkin. Ine, adamyň, onda-da zenanyň göwnüne nähak degilse netijesi. Käşgä kalbyňdaky öýke-kinäni, nähak atylan töhmeti şu hapa suw ýaly kalbyňdan boşadyp, döküp bolýan bolsady. Emma ol mümkin däl. Nähak ynjydylan göwün adamyň ömri bilen bile gider” –diýip oýlanyp oturşyna legendäki hapa suwy krandyň aşagyndaky çukura dökdi. Aýal ýuwan eşiklerini durlamaga başlady. Onuň kalbyny bir ýakymly duýgy gaplap aldy. Ol aňyna baryp ýeten bu tämiz duýga entek özem düşünmän, durlan eşiklerini ýüpe serip ýörşüne oýlanmasyny dowam etdi. Onuň çytylyp duran gaşlary ýazylyp, ýüzi ýagtylyp başlady. Gussaly ýüzünde ýylgyryş peýda bolup, gözleri uçganaklady, kalbynda ýeňillik duýdy. Eşikler arassaja bolupdyr, hakykata meňzeýär. Hawa, edil hakykat ýaly arassa. Eşiklerdäki hapalary ýuwup arassalap bolşy ýaly, nädogry aýdylan gep-gürrüňlerem esassyz zat bolansoň, ýatdan çykyşyp gider. Esasy zat sen öz öňüňde arassa, hiç-kim seni özüňi tanaýşyň ýaly tanap bilenok ahyryn. Hiç haçan ýerliksiz gep-gürrüňler üçin gaharlanyp, ruhdan düşmeli däl, durmuşdan eliňi sowatmaly däl. Başarsaň düşündirmeli. Düşünmeseler, ynanmasalar öz mertebäňe, adamkärçiligiňe şek ýetirmän, başyňy belent tutmaly. Kalbyňý şu arassaja köýnek ýaly arassa, tämiz saklamaly. Zenan ýuwaşjadan özbaşyna hiňlendi: Göwnümde ýok zady diýseň Ýüregime sygdyrmaryn. Meni çyndan söýýän ýarym, Yhlasyňy köýdürmerin. Gatyrganyp sözläniňde, Unutmagyn näzikdigmi. Hatalaryňa düşünseň, Unudaýyn ýazyklarňy. Bir gün zenanyň ýan-ýoldaşy oňa täze kir ýuwýan maşyn sowgat etdi. Zenan kirlän eşikleri kir ýuwýan maşyna salyp, düwmejiklerini basyşdyrýar-da, ony işledip goýberýär. Bellenilen wagta maşyn eşikleri ýuwýaram, durlaýaram, hat-da çalarak guradýaram. Zenana bolsa diňe ýuwulan arassaja eşikleri guratmak üçin ýüpe seräýmek galýar. Indi zenan eşikleriň kir suwunam görenok, kineli oýlanmasynam bes etdi.
Kineli zenanyñ oýlanmasy
-
kalendar
13 years ago
- durmushyn hakyky oylanmasy
-
sukomoto
13 years ago
- meňkä diýýäňmi kalendar?
-
kalendar
13 years ago
- sukomoto sen yazanyna diyyan
-
kalendar
13 years ago
- bagyshla fiendship dostymyzyn yazanynyna diyyan
-
sukomoto
13 years ago
- friendship öz oýlanmaňam ýazsana käwagt. munyňa Ýazgül Nurmyradowa diýilýän birinden göçüripsiň. ýöne legen, soda, gapak bolup dur.
-
Friendship
13 years ago
- Bu oýlanma däl. Hekaýa! Men munuñ ýaly hekaýa ýazyp bilemmok entek! Diñe goshgujyk ýazýan käwagt.
-
sukomoto
13 years ago
- hekaya bolman nowella bolsada maňa bildirýän ýeri ýok.
-
Friendship
13 years ago
- Bildirmeýän bolsa, jogap ýazma shu ýazga! Ozal bashga lakamdan gireñde, diliñ hezilini göräýýädiñ welin meñ temalarymy hapalap... Indi birazajyk kynrak öýtýän!
-
asiya
13 years ago
- cozdunay sapa... capak capak capak :)
-
Adgjmptw
13 years ago
- Sapa elleriñe saglyk dost! şeýle ajaýyp hekaýalary ýetirip dur ýene-de!
-
sukomoto
13 years ago
- haha friendsheep, aljyrama how, men hakda birazajyk ýalňyşýaň. şol bir diýeniňi käkeläp durma. men seni köplenç goldadym-how. borlaý, näme ýazsaň şony ýaz.
asiýa jigim saňa ikisi az öýdýän. üçünjinem açmaly öýdýän. akyllyja bolsana adamlary bir-birine küşgürmän. şeýtseň gowy bolar.
-
Friendship
13 years ago
- men seni köplenç goldadym-
how.
Hawa, goldapdyñ! Ýöne beýleki lakamlañ bilen. Ol goldap ýazan jogaplañam admin tarapyndan aýryldy. Geñ zat!
-
Toty
13 years ago
- SU HOJALYK ENJAMLARY GOWYMY ERBETMI BILMEDIM
-
sahett
13 years ago
- gowja oylanma
-
asiya
13 years ago
- toty onam bize huday berdi elbetde gowy :)
-
sukomoto
13 years ago
SU HOJALYK ENJAMLARY GOWYMY ERBETMI BILMEDIM
Toty | 2011-06-17 01:28:46
damjalaýyn suwaryş sistemasymy?
sukomoto 13 years ago- öňem bir çopan aýda bir gezek öýüne gelýän ekeni. her gezek gelende aýaly iňňirdäp "aý sogan gutardy, kartoka-da gutardy..." diýip ýüregine düşýämiş.
çopanam näme, bir aý zat görmedik, agşam gowy edip nemedýär welin, her gezek ertesi irden aýaly:
"şükür, kem zadymyz ýok" diýen bolýa diýýä.
kineli iňňirdisini bes edäýýämiş.