Söýgi, hasratly hem-de lezzetli duýgy! Men sen hakda hemişe arzuw edýärdim. Ýöne sen maňa miýesser edeňokdyň... Ine-de ajap günleriň birinde sen gelip, oglan kalbymyň gapysyny kakdyň hemem onuň entek aralaşylmadyk gür jeňňelliklerine aralaşmaga synanyşdyň. Ýöne gynansam-da, saňa ol päkize jeňňellige girmäge ýol bermäge meniň hakym ýokdy. Çünki, sen eýýäm başga kişä degişlidiň. Men özümi ogry ýaly duýdum hemem seni ýigrenmäge delil gözledim, seni özümden sowatmak, daşlaşdyrmak isledim. Men ony başardym. Ondan soň birnäçe wagt geçdi. Ýöne şonda-da men şol pursaty, aýdan şol sözleriňi, nemli gözleriňi hakydamdan çykaryp, unudyp bilemok. Men nädip unudaýyn, sen ilkinji söýenim hem-de şol sözler bilen meni sähel salym hem bolsa ejizleden gyzdyň ahyryn. Güýz şemalynyň bir o tarapa, bir-de bu tarapa gaýdyryp ýören ýapraklary dek meň kalbymyň aýnasyny kakan, içine aralaşan eý, meň ilkinji söýgim! Sen hem edil güýz ýapraklarynyň şemalyň tygyna öz şahalaryny terk edişi deý kalbymda sähel salym sägindiň-de, nirädir bir ýerlere gaýyp bolduň. Emma şojagaz salymyň içinde maňa söýginiň nämedigini bildiren, eý, meniň ilkinji söýgim! Belki-de men şol pursat seniň söýgidigiňe ynanasym gelen däldir, belki-de men özümi senden ejiz saýandyryn, belki-de dostlugy senden has ileri tutandyryn. Men bilmedim... Ýöne bir zady welin anyk bilýän, sen hat-da häzir hem meniň kalbymyň çuňlugynda ölügsije köräp dursuň. Neçün seni hiç unudyp bilemok, Bu gursagy paralaplar gitseň-de. Neçün ýene bagyşlanýaň ýürekde, Özge yşklaň gapysyny itseň-de. Neçün seni hiç unudyp bilemok, Gör, näçe gezekler etsem-de ähti, Ah,nämüçin düýşlem sensiz gelenok, Sensiz açylanok täleýiň şähdi. Neçün seni hiç unudyp bilemok, Gör, kineler ýol salsa-da ömürden. Gursagymda umyt bolup ýaşap ýör, Sen ýylgyryp çykjak ýaly öňümden. Neçün seni hiç unudyp bilemok, Tutuş dünýäm gözleriňde doňan deý. Bu ýüregiň urgusyna dönüpler, Senli dünýä bar barlygym siňen deý. Neçün seni hiç unudyp bilemok, Bilsem-de ýaňadan dolanmajagyň. Hem nämüçin şindem ynanyp ýörün, Meňkidigne seň sähra deý gujagyň. Bu gögeren emma ösüp boý almadyk söýgide haýsymyzyň günäkärdigimizi bilmedim...
Maña miýesser etmedik söýgüm! (oýlanma)
-
Friendship
13 years ago
- Minnetdar, garypjan! Dogry aýtýañ!
-
ADALATLY
13 years ago
- Sapa dost sag bol.gaty manyly oýlanma.gošgyňada sözüm ýok.
-
asiya
13 years ago
- sapa señ goshgulañy uly howas bn okoyan....
saña huday tarapyndan berilen bolmaly!
-
asiya
13 years ago
- wii sapa bu tema shooool gyz barada dalde shool gyz baradamy???
-
Friendship
13 years ago
- Gel, $u soraga jogap bermäýin-le $u ýerde. :-):-)
-
asiya
13 years ago
- ha bolya eyyam ikinji gezek billirtman gownune alyan smayli :(
-
Friendship
13 years ago
- Aý, ýok! Göwnüñe alma, asiya! Men höwes bilen gürrüñ bereýin! Ba$ üstüne:
sapa_3003@mail.ru
-
asiya
13 years ago
- borlay sapa dayy. bagyshla indi shu temada hiç zat soramaryn....
-
Friendship
13 years ago
- Gör-dä..!
Öz-ä $u gün menden köp dostum gaty gördi...
-
asiya
13 years ago
- a yokla aydasy gelmeyan adama zordan aytdyrma hasiyetim yok...
gownuñe alma mendirinda(((
-
Friendship
13 years ago
- aý, ýok! göwnüñe alma, asiya!
men höwes bilen gürrüñ
bereýin! ba$ üstüne:
sapa_3003@mail.ru
friendship | 2011-06-08
13:50:56
-
lukss89
13 years ago
- sapashka ikimiz dertdesh ekeniga! gaty gowy oylanma we goshgy...
-
noone
13 years ago
- ezel serialyny goryaniniz bar bolsa şondaky eyşan bilen ömerin soygusine menzetdim,bagyşla welin yalnyş duşunen bolmagymam ähtimal :) ah soygi soygi soygiiii =)
-
Bekdurdy
13 years ago
- Dostum yazan basdan gecirmane, soz baylygyna sozum yok.
-
Friendship
13 years ago
- Minnetdar, bekdurdy!
-
Esma
13 years ago
- salam friendship we agzalar! Yazan oylanmaň bilen goshgyňa sozum yok. Gaty gowy. Yone näme üçin siz diňe gyzlary gunäkrleyäňiz. Sizin diyyan o hilek gyzlarynyzy menem bilyan. Yone oglanlaram owerlik dala, gaytam has beter. Men kopchilik bilen ishleshemson "dine gelin-gyzlar" bilyan. Ne gozel gyzlarmyz ASHYK MEN! Soyyan seni- diyyanlere ynanyp, sonundanam itilyaler. Has erbedem chydaman janlaryna kast edyaler. Beyle yagday gynansagam kan. Siz menden gaty gorman! Yone iki tarapam duygusyna-soygusine ynamly bolanson wepasyny saklasalar, hich kim kosenmezmika diyyan. Esasanam ALLAJANDAN hayyrlysyny et diymegem unutmaly dalmika diyyan.
-
ABCDE
13 years ago
- Goshgyny okanymda gynandym...oylanma gowy.sag bol!
-
Friendship
13 years ago
- Señ aydanlaryñ bilen ylalashyan, esma! Ýöne gyz biwepalyk etse näme etmeli bor?
-
Studentka5
13 years ago
- Gowja oylanma
-
Friendship
13 years ago
- Minnetdar!
-
Bilgi
13 years ago
- friend biwepalygy gyz bolsun ya oglan edende,ondada durmush gurmazdan on ol oz hasiyetini,yagny yuzuni gorkezende alla yuz mun shukur etmeli,sebabi beyle hasiyetli adamlar durmush guranson biwepalyk etseler sheyle yagdaydan huday saklasyn! biri bilen mun soyenem bolsan aran uzulse munada shukur diymeli,diymek ol size hayyrly daldir.
garypjan 13 years ago- Friendship ýùregimden aýak ýalañaç ýorediñ dost. Bu wagt gyzlar señ b.n gurleshyar soñam bashga biri b.n soyushyan diýarler. Oñùnden aytmaly bich bolmasañ dogry dälmi dost.
Sagja bol elleriñe saglyk dost.