Salam agzalar! Men size Türkmen halkymyzyñ belli artistleriniñ durmush degishmelerini ýetirmegi makul bildim. Awtory Agamyrat Amanmyradow diñläñ: Terjimeçi Sary Garyýew(gandym aga bolmaly) bilen Shükür Kulyýew Moskwa kino düshmäge barypmyshlar. Ajyganlarynda Moskwañ bir naharhanasyna giripdirler. Hyzmat edýän gyz gelip, näme iýjeklerini soranynda, Sary aga sesini çykarman menýunyñ bir ýerine barmagyny basypdyr. Nahar gelipdir. Shükür aga nahara ýiti-ýiti seredip: -Sary, sen bularyñ diline düshünýänsiñ, sorasana naharyñ eti gaty ak görünýär weli, doñzuñ eti bolaýmasyn? Sary aga derrew nahar getirýän gyzy çagyryp: -Eto swinya? - diýip, sorapdyr. Ofisiant gyz: -Net, net eto porosýonok - diýipdir. -Sary, bi parsonok diýdigi näme bolýar munuñ? Sary aga: -Parsonok diýdigi, sugunyñ bir görnüshi bolmaly, arkaýyn iýiber, doñuz däl - diýip, özem haýdadyp naharyny iýipdir. Soñra olar ikisi tirkeship moskwaly dostunyñ öýüne myhmançylyga barypdyrlar. Öý eýesi olary gadyrly garshy alyp, aýalyny tanyshdyrýar. -Moýa supruga. Bu söze düshünmedik Shükür aga gözüni elek-çelek edip, Sary aga ýüzlenýär: -Sary, supruga diýdigi näme bolýar? Sary aga pikirlenip, Shükür aga düshündirýär: -Eger aýaly bolsa jenam diýerdi, dogany bolsa sestram diýerdi, gyzy bolsb doçkam diýerdi, suprugasy çykany bolsa gerek - diýipdir. Shükür aga Sary aganyñ düshündirishine minnetdarlyk bildirip bashyny atypdyr. Toý edeñokmy -"Aýgytly ädim" filmini surata alyp ýörkäler, Alty Garly toýly ýerini surata düshürmek üçin, birnäçe gazan nahar atardypdyr. Ýöne gün öýläne sapýança surata alyp gutarmandyrlar. Garashyp garashmazy çykan Sary aga Alty Garlyýewiñ ýanyna baryp: -Hany, Alty jan, toý edeñokmy? - diýip sorapdyr. Alty aga Sary aganyñ näme diýjek bolýanlygyna düshünip: -Toý etsegem boljak, ýöne Aýnany kime berjegimi bilemok - diýipdir. -Aý, Alty jan, Aýnany kime berseñ shoña ber, ýöne basymrak toý etseñ bolýar.

Köneler, Yegen tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir