-Kalbymdaky we aklymdaky iñ owadan söz - seniñ adyñ eje! Saña her gezek "mähribanym eje" diýip ýüzlenenimde, söýgim artan ýaly bolýar. -Ene ýüregi - günesh deý çogly, gar tozgasy dek päkize, mawy deñiz mysaly dury we gül deý owadandyr. -Ene ýüreginiñ söýgüsi, sabry soñsuzdyr. -Dünýäde hiç bir söýgi ene söýgüsiniñ ýerini tutmaz. Wagtyñ hiç haçan täsir edip bilmejek zady - ene söýgüsi. -Aslynda bizi ýelden, ýagmyrdan gorap ýören - ene mähri. -Ynsan - gözelligiñ ashygy. Bu duýgy onuñ gözüni açyp göreninden - dünýä gözellikleriniñ iñ beýigi bolan eziz enäñ gözel görkünden gözbash alýar. -Dünýäde taýsyz gözellik bar bolsa, shol gözellik diñe ene kalby bolup biler. -Ene hüwdüsi bilen bashlanýan terbiýe perzendiñ ilhalar adam bolup ýetishmegine eltýär. -Sen barkañ - men ýokdum, sen açkañ - men dokdum. Shu günem, ertirem bashymyñ täjisiñ, ejem jan! -Sözler bilen beýan edip bolmajak söýgini taryp et diýseler, men hemishe "ejem" diýerdim. -Zenan üçin mashgala bagtyndan uly bagt ýokdur. -Eje jan, maña siñdiren söýgüñi we sabryñy ödemäge ömrüm ýetermikä?!
Mähriban ynsanlara
-
Kuraldyshy
13 years ago
- hmmm.ejem jan....
-
asiya
13 years ago
- sagbol maykl ena goyan hormatyñy biziñ bn paylashanyñ un!
edil ejelerimizi sylayshymyz yaly ayal gyzlaryñ ahlisini sylamaly sebabi olaram (bizem) geljegki eneler...
kabir oglanlar bar gyza hiçhili sylag hormaty yok sholar oz ejelerinem sylayandyrlar oydemok gynansamda(((
-
Auditor
13 years ago
- Maykl kop sag bolun! Asiyam sana goshulyan. Gelin gyzlarmz bn den hatarda yigtlermizem hormatlalyn cunki sholaryn barlygnda biz ozumizi goragly duyup bileris
-
enesh91
13 years ago
- Maykl sagbol! asiyam sanada goshulyan.
gunami bagyshlayar eneler.
sebap enelerin ak suytli doshi
kop kop garalygyñ gunasin ötyär
sheydibem kemelyär eneleñ yashy
yene yazmasy gayr dushen goshgy- kerim gurbannepesow. ene barada soz acylsa shol setirler yadyma dushyar. geljekde onat yashayyn diyseniz, o dunyade jennetden jayynyz bolsun diyseniz ene- atañyzy söyuñ, sylañ.
-
enesh91
13 years ago
- Maykl sagbol! asiyam sanada goshulyan.
gunami bagyshlayar eneler.
sebap enelerin ak suytli doshi
kop kop garalygyñ gunasin ötyär
sheydibem kemelyär eneleñ yashy
yene yazmasy gayr dushen goshgy- kerim gurbannepesow. ene barada soz acylsa shol setirler yadyma dushyar. geljekde onat yashayyn diyseniz, o dunyade jennetden jayynyz bolsun diyseniz ene- atañyzy söyuñ, sylañ.
-
Shemshatm
13 years ago
- Sözùm ýok gaty gowy setirler
-
Yegen
13 years ago
- Sag boluñ gaty gowy setirler, ENELER beýikdir! Goý olañ bashy mydama dik, janlary sag bolsun!
sahett 13 years ago- -eje jan, maña siñdiren söýgüñi
we sabryñy ödemäge ömrüm
ýetermikä?!
Dogry yone yere jennet enenizin ayagynan astynda diyleni.enan cigit zaly gownunu razy etmek basartra ne yasy