Kerim Gurbannepesow Köçamizde iki çaga uruşdy, Ylgap çykdy her gapydan bir aýal, Gök gapydan orta boýly Ogulşat, Ak gapydan uzyn boýly Aýjemal. -Senin mañkalyña urdurar ýaly, Ýolda ýatan düýbi gopan tañka ýok. Gök gapyly goýar ýerde goýmady, O goýmasa ak gapylam goýanok. Ogulşadyñ eli durşuna hamyr, Aýjemalyñ eli durşuna palçyk, Aýdymlarda wasp etmeli gelinler Şeýdişip dursalar erbedem boljak. -Çagaña şol agaçdan geçmesin bärik. -Şol kesekden bärik geçmesin señkem. Ýuwaş-yuwaş köşeşmegiñ deregne, Gelinleñ dawasy bekedi kem-kem. Gelinleñ ikisem at ýaly gelin, Billeri bir gysym gözleri goçak, Eger ýolda-yzda duşaýsan dagy Gañrylyp-gañrylyp bakasyñ geljek. Men nädip olara akyl bereýin? Ömrüm boýy edip şolaryn waspyn, In gowy goşgymy gowy aýdymmy Şeýle gelinleriñ yüzünden tapdym Emma häzir weli giden bir gopgun, Öz-özüñ utanyp bakýarsyñ aşak, Ak goşaryn galgadyp dur Aýjemal Gara saçyn hujjerdip dur Ogulşat. Çagajyklar bolsa eýýäm ýaraşypdyrlar, Ejeleri bolsa hum ýaly çişip, Şol gygyrşyp durlar gygyrşyp durlar, Onýança şarkyldap açyldy işik. Şarkyldap açyldy ýene bir işik, Çykdy her gapydan epeý bir kişi, Ak gapydan buýra saçly Akmyrat, Gök gapydan gara murtly Gulkişi. Her haýsy özünüñ aýalyn goldap, Akmyrat topuldy saçyny sallap, Gulkişi topuldy murtyny sallap, Ine şeydip iki gelin dört boldy! Toba essagpyrylla!

Köneler, Mirasgar tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir