Bir derdim bar içimde, öz günüme goýanok. Derdim pyçak bi:limde, Meni sanjyp doýanok. Derdiñ aýtmak uslyp däl, Götermedi gerdenim. Hiç kim derde $ärik däl, Agyr alýan her demim. Ýürek ýanýar höwesläp, ýakyp barýar ýangyny. Arzuw-umytlar besläp, Günüm geçýär gözgyny. Mawy asman garaldy, çekýän gussam sebäpli. Ýa$yl güller saraldy, solan dessäm sebäpli. Keç bolandyr takdyrym, Söýen gülüm solupdyr. Ganly ýa$ym akdyryp, Del gujagyna dolupdyr. Içindedir ýüregim, Soñy gelmez azaryñ. Indi meniñ geregim, Aýmançaly mazarym. Unutsam-da barlygyñ, mydam galdym wepaly. Gorkuzanok darlygym, Bolsa nesip sapaly. $udur biziñ görgümiz, Bolsak birine gara$ly. Öter gider ömrümiz, Kalbym bilen ýara$ly. Söýdüñmi,bütün älem, söygüñ bilen gark bolsun! Köýdüñmi,ähli jahan, ýasym bilen bark ursun!

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir