Eý ýaranlar, musulmanlar, Bir gün ahyrzaman bolar Ölenden öň köp nyşanlar Ýeriň ýüzünde kän bolar Adalatsyz bolar hanlar Bihaýa bolar zenanlar, Köp döküler nahak ganlar, Iliň päli ýaman bolar. Pisat iş köp bolar, az bolmaz Bu öý ol öýe saz bolmaz, Ýagmyrlar ýagar, ýaz bolmaz Bir gün bady-hazan bolar. Hile eýlär, tapar ýollar, Süýthorlukdan ýygyr mallar, Din ýolyny taşlap iller, Ne mektep, ne azan bolar. Namaz goýar, sözlär ýalan, Ata-enä asy bolan, Çakyr içip, zyna kylan, Azaby müň elwan bolar. Elin tut Taňry dostunyň, Asy bolma, sakla diniň, Enşalla, Magtymgulynyň Din ýoldaşy iman bolar!
Ahyrzaman bolar!!!!
-
Servi
13 years ago
- Minnetdar aynash shu gun shu yerine dushen goshgy boldy!
-
sazanda2
13 years ago
- Minnetdar aynash shu gun shu yerine dushen goshgy boldy!
Servi | 2011-05-22 08:44
aydannyza gosylyan!
-
arslangurt
13 years ago
- gowja goshgy
-
idealman
13 years ago
- hawa hawa...ahyrzaman bolar!yone biz dine garashyp oturmaly dal,gowy ishler etmeli!
-
samat
13 years ago
- tanryyalkasyn aynas.
-
aynash
13 years ago
- salam agzalar hemmangize okanyngyza minnetdar!!!dogrudanam magtymguly atamyzyng goshgularyna tay geljek goshgular yok.diyseng manyly,tasirli yazyar hemem magtymguly atamyz kop zady ongden gorup oz goshgularynda beyan edipdir.
-
asiya
13 years ago
- aynashka alla senden razy bolsun bize yetireniñ un shu goshgynyñ usti bn bize wagz etdiñ sagbol....
-
beckham
13 years ago
- Sag bol dogan. Magtymguly yone men atam. (degisyanlay)
Polkownik 13 years ago- Salam aynash sagbol berekella dogry aýdylan sözler magtymgulyñ go$gularynda ørån uly many bar.minnetdar .