salam adamlar. bu gezek men AZAN hakynda yazasym geldi. su wagtku zamanda Islam dini bozuldy. aslynda ISLAM Ibrahim aleyhissalamdan gaydya; shol dowurden bari namaz okalya. sonky yyllarda azana, namaza yalan goshdular. dogry azan : -------------------- Allahu Akbar Allahu Akbar Allahu Akbar Allahu Akbar La ellaha ella Allah -------------------- Bu fakt; Kuranda yazyk! Sunna/shia diyibem sekta chykdy. Bular !DOGMA! [dini ynanchlara dogry diymek, subutnamasyz]
DOGRY AZAN
-
poor
13 years ago
- azanyn gysga yada dolysy bolmoz. shol yokardaky yazanym azan. shuwatky metjitlerde aydylyan azan yalan azan.
-
Maykl
13 years ago
- Gysgaca diýip meñ aýtjak bolýan zadym, metjitlerde "azan" señ yokarda ýazyp goýanyñ ýaly aýdylanokda, onuñ dowamam (yzam) bar!
Sen bu zatlaryñ anygyna ýetmän aýdyp ýörmegiñ gowy däldigini özüñem bilýänsiñ!
"Dogry azan" diýip ýokarda ýazyp goýanyñy öz gözüñ bilen "Gurhan"dan okadyñmy? Sen muny nähili subut edip biljek?
Näme ücin onda metjitler okalýan azan
-
poor
13 years ago
- hawwa gordum.
Azaan is not part of the Salat, nor is it required. But it has become a tradition in the Muslim communities to summon the people to prayer through a loud announcement. The original Azaan used to conform with the Quran's teachings, but became corrupted with time.
Many years later, some people added Muhammad's name to the Azaan. This violates God's commandments in 2:136, 2:285, 3:84, 4:150 and 72:18. Later, other groups of Muslims added the names of Ali and family. Today the Azaan is severely corrupted throughout the Muslim world, and constitutes idol worship, not Submission to God ALONE.
:)
-
ynsan
13 years ago
- salawmaleykum hormatly agzalar. Azanda musulmanlara namaz
wagtlaryny bildirmek bilen
birlikde, namazyň gutulyşa we
felaha sebäpdigi hem
ýatladylýar. Şeýlelik bilen,
mü’minler namaz okamaga
höweslendirilýär. Bulardan has
möhümi yslam dininiň towhyd
we nübüwwet ýaly iň
mukaddes esaslary azan arkaly
älem-jahana jar edilýär.
Bu nukdaýnazardan azan
okamagyň sogaby we fazyleti
has uludyr. Bu mesele bilen
baglanyşykly Pygamberimiziň
käbir hadyslarynda şeýle
buýrulýar:
«Eger adamlar azan aýtmagyň
we iň öňdäki sapda namaz
okamagyň fazyletini bilsediler,
özara bije atyşardy», (Buhary,
Müslim, Tirmizi).
«Müezzinler kyýamat güni iň
uzyn boýly, hemmeden saýlanyp
duran bolar» , (Müslim, Ibni Maje,
Ibni Hanbel).
«Goýun sürüsiniň başynda ýa-da
çölde bolan wagtyň azany güýçli
ses bilen aýt. Çünki, müezziniň
sesiniň ýetýän ýerine çenli
aralykda ony eşiden yns-jyns,
janly-jandar hemmesi kyýamat
gününde oňa şaýatlyk eder»,
(Buhary, Nesaýy, Mälik
«Muwatta»).
Hezreti Omar (r.a.):
«Eger-de boýnumda halyflyk
wezipesi bolmadyk bolsa,
müezzinlik ederdim» diýip, azan
okamagyň nähili uly fazyletiniň
bardygyny nygtaýar. Hezreti
Omaryň bu sözi müezzinlik
ymamlykdan ýokary diýen
manyny bermeýär. Ymamet
müezzinlikden, kamat bolsa
azandan has fazyletlidir. Hezreti
Omar: «Eger halyflyk wezipesi
bolmadyk bolsa, ymamlyk bilen
birlikde azany hem aýdardym»
diýmek isläpdir. Bu bolsa
ymamyň müezzinligem
etmeginiň has fazyletlidigini
görkezýär. Şol sebäpden, hezreti
Pygamberimiz we dört
çaryýarlar hem ymamlyk hem-de
müezzinlik edipdirler. Ebu Hanife
hezretleri-de hem azan okap,
hem-de ymamlyk eder eken.
Şafygylara we hanbelilere görä,
azan we kamat aýtmak ymamlyk
etmekden has fazyletlidir. Çünki,
Allah Tagala Kurany Kerimde:
«Allahy çagyryp, ýagşy amal
edenlerden has ajaýyp sözli kim
bar?» (Fussylet, 33) diýipdir.
Hezreti Aişe bu aýatda göz
öňünde tutulýan çagyryjylaryň
müezzinlerdigini aýdýar.
Pygamberimiz (s.a.w.) hem
«Ymam jemagata kepildir,
müezzin ynamdar kişidir.
Allahym, ymamlara dogry ýoly
görkez, müezzinleri magfiret et»,
(Ebu Dawud, Tirmizi) diýipdir.
-
ependi
13 years ago
- shukur dost gowmy ??
-
ynsan
13 years ago
- waleykumsalam ependi dosst
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- ynsan Alla senden razy bolsun
-
ynsan
13 years ago
- Azanyň sözleri:
Allahu Ekber, Allahu Ekber,
Allahu Ekber, Allahu Ekber!
Eşhedu en lä ilähe illallah,
Eşhedu en lä ilähe illallah!
Eşhedu enne Muhammeder-Resulullah,
Eşhedu enne Muhammeder-Resulullah!
Haýýe ales-Salah,
Haýýe ales-Salah!
Haýýe alel-felah,
Haýýe alel-felah!
Allahu Ekber, Allahu Ekber!
Lä ilähe illallah!
Manysy:
Allah iň beýikdir.
Allahdan başga hiç bir ilah (taňry) ýokdugyna şaýatlyk edýärin!
Muhammediň (s.a.w.) Onuň resulydygyna hem şaýatlyk edýärin!
Geliň, namaza!
Geliň felaha (halas bolmaga)!
Allah iň beýikdir!
Allahdan başga hiç bir ilah ýokdur.
-
ependi
13 years ago
- şükür dost sagbol öň bilemokdym manysyny:)
-
ynsan
13 years ago
su wagtku zamanda Islam dini bozuldy.
yslam dininin shol bir ddurshudyr. ne men utgedip bilerin nede sen nede bashkalar. yslam dini kiyamata cenli yorar, yone ona cenli ynsanlan na dereje boljagy beldi dal.
-
turkmenntug
13 years ago
- sag bol ynsan dost.!
-
Ayjagash
13 years ago
- Ynsan aga sag bolun. On doly dushunmeyadim azanyn manysyna.
-
arslangurt
13 years ago
- ynsan dost sagbol, menem bilmeyardim manysyny alla razy bolsun senden, shular yaly temalaryn howri kop bolsun
-
magnit
13 years ago
- танрыялкасын!
Maykl 13 years ago- Salam poor! Ilki bilenä azan'y gysgaca ýazypsyñ!
Bu fakt mukaddes kitap bolan "Kuran"dan diyipsiñ, sen özüñ gözüñ bilen okap gördüñmi?
Näme ücin onda her bir metjitde azan dolylygyna aýdylýar?