ADAMLAR BILEN GATNAŞYK Bir gün sahabalar Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem)-den soradylar: „Ýa Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) bir aýal bar, ol gijelerine namaz okaýar, gündizlerine bolsa agyz bekleýär we ýagşy amallar edýär, sadaka berýär. Ýöne ol goňşylaryna ýaman sözler aýdýar“. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) bolsa: „Onda haýyr (ýagşylyk) ýokdyr we ol Oda (Dowzaha) düşjeklerdendir“ diýipdir. Onda sahabalar şeýle diýdiler: „ Ýa Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) başga bir aýal maşgala bardyr, ol diňe farz namazlaryny okaýar we garyplara guradylan (düýe süýdinden ýasalan) gurt paýlaýar. Ýöne ol hiç kimiň göwnine degenok“. Pygamberimiz (sallaLlahu aleýhi we sellem) buýurdylar: „Ol Jennete girjeklerdendir“. (Buhary). ŞERHI: Yslam nähili gözel we hikmetli din! Hadyslarda onuň düýp manysy, özeni, iň möhüm esaslary düşindirilýär. Iň esasy näme zatlara üns bermelidigini düşindirýär. Bir alym „Hikmet“ sözini düşindirende, işleri möhümliligine görä yzly-yzyna düzmäni başarmak diýip düşindirýär. Öňki sahypalarda hem adamda döräp biljek ruhy keselleri düşindiremizde, käbir adamlaryň öz amal köpligine guwanyp tekepbirlik keseline uçraýandygyny belläp geçipdik. Olaryň dar pikirine görä, amal edişleri başga adamlara garşy ulymsy bolmaklyga, äsgermezlige olara delil (sebäp) bolýar. Eýse amallar diňe Allah (jelle jelaluhu) üçin etmeli dälmi, has hem onuň Allah (jelle jelaluhu)-a tagzymyny we Onuň öňünde öz ejizligi, diýseň günäkärdigi baradaky duýgylary oýarmaly dälmi? Amallar adamyň ahlagynyň has gözelleşmegine, pespäl bolmagyna, edep-ekramynyň owadanlaşmagyna, ýaman häsiýetlerini terk etmegine sebäp bolmasa, ondan näme haýyr bar? Gaýta tersine, ony Yslamdan daşlaşdyrmazmy? (Hadysda aýdylyşy ýaly). Ine şu hadysda hem şol esas beýan edilýär. Birinji taryp edilýän aýalyň köp amal etmegi, onuň kalbynda tekepbirligi oýarýan bolmaly we ahlagynyň düzelmegine, kalbynyň päkligine hiç hili täsiri bolmaýan bolarly. Diýmek, ol öz amallaryny halys Allah (jelle jelaluhu) üçin edenok, riýa bilen edýän bolmaly. Şonuň üçin ol näçe amal etsede adamlar bilen oňuşman, olara dil ýetirip, ezýet berip ýören bolmaly. Şonuň üçin Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) onda haýyr ýokdyr diýýär. Mu'min adam adamlar bilen oňşukly bolmaly. Sebäbi ol öz ahlagyny ylahy çeşmeden alýar. Şol ahlagy görüp, näçe nadan we Yslamdan uzak adamlarda sylag-hormat oýanýar. Ine ybadatyňam täsirsiz bolşy, öz yhlassyzlygy, kalbyndaky riýa we tekepbirlik ony Dowzaha elter. Sebäbi ol Yslamyň düýp manysyna, gul haky meselesine düýbinden düşünmändir. Kalbynda Allah (jelle jelaluhu) huşuw we tagzym oýanmandyr. Emma hadysda ikinji taryp edilýän aýaly göz öňüne getireliň. Kuran aýatlarda we hadyslarda adamlaryň asyl öwrediljek bolunýan hikmete has gowy düşinmegi üçin hemişe deňeşdirilme usuly ulanylýar. Ikinji aýal diňe farzlary berjaý edýär we berýän sadakasy hem azdyr. Ýöne ol aýal şol amallary yhlas bilen edýär we adamlara görünjek bolanok, amallaryň täsirinden lezzet alýar. Ol şahsiýetiň ýüreginde garalyk ýok, ol başga adamlaryň aýbyny gözlemeýär we göriplik hem edenok. Ol esasy özini düzeltmek bilen gümra bolup ýör. Hiç wagt başga adamyň göwnüne degjek bolmaz, sebäbi onuň kyýamat gününde nähili uly jogapkärçiliginiň bardygyny bilýär. (Muflis baradaky hadysy ýatlaň). Aslynda amallaryň hemmesi kalbyň päklenmegi, tekepbirlikden we ýaman häsiýetlerden saplanmagy üçindir. Hidaýetli kalplarda ýaman häsiýetlere ýer ýokdyr. Bolanda hem ol Yslam bilen kalbyny päklän we yhlas eden adamdyr. Allah (jelle jelaluhu) onuň hidaýetiniň üstine ýenede hidaýet goşýar. Amallarda iň esasy zat yhlas we şu dünýäde öwezini almaklyga garaşman berjaý etmekdir, kalbyň päklenmegi we dowamlylykdyr. Eýsem köp adam amal sanyna üns berýär, amal köpligi bilen şu dünýäde käbir bähbitler edinjek bolýar. Ine Allah (jelle jelaluhu) adamzadyň näşükir we azgyn tebigatyny bilip, Resulynyň (sallaLlahu aleýhi we sellem) üsti bilen adamlary şol keseliň öňini almak üçin, olaryň düşinäýjek dilinde mysal üsti bilen düşündirýär. Mu'minler şu hadysdan köp ybrat almaly, üstünde pikirlenmeli we netije çykarmaly. Kalbyny hemişe barlap durmaly, ýaman keselleriň döräp, ösüp gitmegine ýol bermeli däl. Ýagny Omaryň (radyýAllahu anhu) aýdyşy ýaly „Uly hasapdan öň, özüňi hemişe hasaba çekip durmaly“.
Hadys 23 (yigrimiuchunji)
-
Adgjmptw
13 years ago
- Allahyñ söýgüsine mynasyp bolmagyñy dileg edýän, köp sagboluñ!
-
Auditor
13 years ago
- Yslam kop sag bolun. Alla sizden razy bolsun
-
ozik
13 years ago
- yslama aga, minnetdar! Tanry yalkasyn!
-
nejepturkmen
13 years ago
- sag bol yslam aga.
-
samat
13 years ago
- yazanyna sagja bol.aram-aram kimligimizi unudayyas.Alla razy bolsun.
-
myahridjemal
13 years ago
- Yslam,bize yetirip duryan hadyslarynyz un ulu minnetdarlygymy bildiryan. Sps
-
mirasymyz
13 years ago
- yslam aga! taňryýalkasyn, allah senden razy bolsun.
-
divagirl
13 years ago
- Yslam aga, kop sagboluñ hadyslary bize yetiryaniñiz ucin
-
DG
13 years ago
- Sag boluñ yslam aga,yazyp durun yene
-
DG
13 years ago
- Sag boluñ yslam aga,yazyp durun yene
-
Ayjagash
13 years ago
- Sag bolun yslam aga. Alla sizden razy bolsun.
-
Maykl
13 years ago
- Kop sag boluñ Yslam, tañry yalkasyn!
angel91 13 years ago- kop kop sag bol yslam!