Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanda däl, biziñ häzirki günlerimizde sapa atly bir ýigdekçe bar diýýä. Bu oglanyñ tas çagalykdan diýen ýaly durmu$a bolan gyzygy, höwesi artyp ugrapdyr. Oñ $anyna käwagtlar oturyp, go$gy hem ýazyberýär eken. Ol entek hut $u durmu$yñ özüni nirelerden çykarjagyny bilenokdy. Aý aýlanyp, ýyl geçip, sapa hem aga-gara dü$ünip ugrapdyr. Ýok, ýok! Ol hiç haçan durmu$dan sowa$mandyr. Tersine durmu$yñ öz pikir edi$i ýaly däl-de, has hem giñdigine, gyzyklydygyna göz ýetiripdir. Isledigiçe, ondan lezzet alypdyr. Sapany soñky döwür hasam bir lezzetli duýgy gaplap alypdy. Bu, elbetde, söýgüdi! Hawa, olam söýüpdi, me£nun bolup söýüpdi, $ahyr bolup söýüpdi. Söýgüsine mynasyp jogabam alypdy. Ol öz söýgüli gyzy bibi$i gije düý$lerinde görýärdi, gündiz kalbynda. $anyna onlap-onlap $ygyrlar ýazar eken. Pynhan-pynhan du$u$yklar wagtynda geljek durmu$lary hakynda süýji-süýji arzuwlar ederdiler. Hemme zat gül ýalydy. Sapañ bir gün arzuwlary amala a$yp, belarussianyñ ýokary okuw jaýyna ekzamenlerden üstünlikli geçmek ba$artdy. Tiz wagtdanam okuwa gaýtmaly boldy. Bir tarapdan begense, bir tarapdan birhili ünji, alada ýüregini mynçgalap durdy... Dowamy bar...

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir