GÖZEL AHLAK BARADA Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) aýtdylar: „Siziň iň gowy imanlyňyz, iň gözel ahlagy bolan mu'mindir. Araňyzda iň gowylaryňyz aýallaryňyza iň gowy gatnaşanyňyzdyr“. (Tirmizi). ŞERHI: Başga bir hadysda Pygamber (sallaLlahu aleýhi we sellem) kyýamat güni sogap-günä terezisinde iň agyr amalyň gözel ahlak boljakdygyny aýdýar. Sebäbi Resulullahyň (sallaLlahu aleýhi we sellem) adamlara iberilmeginiň iň esasy maksady - ahlagyny, ýagny durmuşda hemme taraplaýyn özüňi dogry we ynsan derejesine laýyk şeklinde alyp barmaklygy öwredýär. Gözel ahlak imanyň netijesidir, şol köküň gozasy we miwesidir. Bir adamyň ahlak gözelligi onuň berk imanyny, hikmetini, çuňňur ylym we düşünjesini özüne erk edip hal we hereketlerini Pygamberiň (sallaLlahu aleýhi we sellem) getiren hak kadalaryna uýgunlaşdyrmany başarandygyny görkezýär. Şony berjaý etmek üçin öz nebsiňi basmak, her hereketi synlamak gerek, bu bolsa hemmelere başardýän iş däldir. Munuň üçin yhlas, yhsan we takwalyk gerekdir. Ine şu adamlar Allah (jelle jelaluhu) we Resulynyň (sallaLlahu aleýhi we sellem) söýgisine mynasyp bolýar. Adamlaryň içinde iň haýyrlysy öz aýalyna (hatynyna) gowy gatnaşanydyr. Yslam dini maşgala agzybirligine we abadançylygyna uly üns berýär, sebäbi maşgala ojagy jemgyýetiň düýbidir. Maşgalalar abadan bolsa, jemgyýet hem düzüw bolar. Abadançylyk bolsa är-aýalyň öz ara gatnaşyklaryndan başlanýar. Çagalaryň dogry terbiýelenmegi köp babatda öýüň içindäki ahlak howasyna baglydyr. Maşgala ojagy her bir musulmanyň galasydyr, şol gowy bolmasa hiç bir tutan işi bereketli we gowy netije bermez. Iň esasy zat adamyň öz ruhy dünýäsinde gowylyk (bagtyýarlyk) bolmaz. Öýde är-aýal arasynda sylag-hormat, bir-biriňe sabyrlylyk, geçirimlilik, her biriniň öz borçlaryny berjaý edip, ýoldaşynyň hak-hukuklaryna hormat we düşünmeklik, söýgi we muhabbet bolmasa şol ojaga nädip Allahyň (jelle jelaluhu) rahmet we bereketi ýagsyn? Şol öýden nädip asylly, terbiýeli, päk çagalar çyksyn, watan-milletine, din Yslama nädip haýry bolsun? Är-aýalyň gözel derejede gatnaşyklary haýyr we sogapdyr.
HADYS 18 (onsekizinji)
-
mirasymyz
13 years ago
- taňryýalkasyn yslam aga. her kime nesip etsin gözel ahlak.
-
yslam
13 years ago
- amin EnshaAlla Allajan hemmamizden razy bolsun.
-
Maykl
13 years ago
- Yslam bize musulman dini hakda hadyslary yetirip dur!
Allah (jelle jelaluhu) we Muhammet (sallallahu aleýhi we sellem) razy bolsun!
-
bestcellermeret
13 years ago
- Yslam dost gowy manyly zatlara yazmasyna yazypsyn welin arman hatyny dusnuksiz yazypsyn.Indi beyle yazma su sapar 5-lik goyayyn indikile goyman.
-
bestcellermeret
13 years ago
- yone bey diysem gaty goraymegin mundanda gowy zatlary yazyp dur garda
-
yslam
13 years ago
Yslam dost gowy manyly zatlara yazmasyna yazypsyn welin arman hatyny dusnuksiz yazypsyn.Indi beyle yazma su sapar 5-lik goyayyn indikile goyman.
bestcellermeret | 2011-04-02 13:44:23
haysy zada dushunmedin?!
-
Ayjagash
13 years ago
- Yslam aga Alla sizden razy bolsun. Yene-de ýazyp durun.
-
muzazzi
13 years ago
- sagbol alla senden razy bolsun
-
lapocka
13 years ago
- Spasiba yslam aga $ular ýaly dür-däne sözlerden aýdyp duryñ
-
Adgjmptw
13 years ago
- .
Friendship 13 years ago- Mukaddes hadyslardan bize ýetirip durýanyñ üçin, goý, beýik alla senden razy bolsun, yslam aga!